120-ni ARKALAN...

11:58 21.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/117/original-15f8fdc8869fd2.jpeg

Tüweleme! Ajapsoltan ene şu ýyl laýyk 120 ýaşady. Bu ýaş, türkmençilikde aýdylyşy ýaly Göroglynyň ýaşy. Ilçilikde häli-häzirlerem ýaş toýlarynda aýdylýan gutlaglar Görogly ýaşynyň arzuw edilmegi bilen jemlenýär. Bu ýaş, megerem, iň uzak ýaşamagyň simwolydyr, belki-de, şol ýyllaryň dowamynda nusgalyk şahsyýete öwrülip bilmekdir...

...Biz bu söhbede ýene bir gezek dolanýarys... Uzak ýaşamagyň syry baradaky sowal, megerem, dünýäniň uzak ýaşly ýaşaýjylaryna iň köp berilýän sowal bolsa gerek. Elbetde, şol bir sowalyň köp gaýtalanmagy onuň jogabynyň gyzyklylygy, köpleri gyzyklandyrýandygy bilen bagly. Berilýän jogaplar dürli-dürli bolsada, olarda käbir meňzeşlikler bar. Belleýişlerine görä, uzak ýaşamagyň esasy syry, sebäbi, könekiler aýtmyşlaýyn, ykbal ýazgyt-nesibesinden soň, asuda, parahat durmuşa, arassa howa şertlerine, tebigat gözelligine bagly hasaplanýar. Şeýle maglumatlar bilen tanşanyňda, aýan bir hakykat seriňe dolýar: häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ilatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler amala aşyrylýar, arassa ekologiýa gurşawy döredilýär. Aslynda, türkmen topragy, owadan tebigaty tüýs ynsan ömrüne ömür goşýan täsinlikleri özünde jemleýär. Netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan saglygy hakda alada yzygiderli pugtalanýar, raýatlaryň ýaş dowamlylygy barha uzaýar. Mysallary ýurdumyzyň ähli sebitlerinden-de tapmak kyn däl. 100 we ondan-da köp ýaşly ýaşaýjylarymyzyň onlarçasy eşretli döwrüň hözirini görüp, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine şaýat bolýarlar. Ajapsoltan ene hem şeýle eşretleriň hözirini görüp ýaşaýar. Ony uzak ýaşly ýaşaýjylarymyzyň kerwenbaşysyda hasaplamak bolar. Geliň, bu mähriban enäniň durmuş menzilleriniň käbir parçalaryna ýüzleneliň!

Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Ol ir mahallar daýhançylyk edipdir, dokma darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolupdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly, aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini geçiren ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, il biri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Kynçylykly geçen günler öz rehnetini-de beripdir. Ata Hajyýew il içinde hormatly abraýly, döwletment ogul bolup ýetişýär. Ol ata-baba gelýän daýhançylyk ýoluny dowam etdirýär. Tüweleme, Ata aga häzir 86 ýaşynyň içinde bolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, döwletli ojagyna söýe bolup, sag-gurgunlykda ýaşaýarlar.

Ajapsoltan ene 120 ýaşyndadygyna garamazdan, tüweleme, aýak üstünde. Ol melleginde ekin-dikin ýetişdirýän agtyk-çowluklaryna armaçy bolýar, maslahat berýär. Onuň ogly Ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar. Olaryň ählisi üýşen çagy kiçeňräk toýy ýadyňa salýar. Mähriban ene öz gürrüňlerinde uzak ýaşamagyna nesil dowamatynyň — agtyk-çowluklarynyň mähirli sözleriniň, şadyýan gülküleriniň täsir edýändigini aýdýar. Ajapsoltan enäniň agtyk gelni, Mary etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Jahansoltan Hajyýewanyň gürrüň bermegine görä, ol zähmet çekmegi, il- güne hemaýat edip ýaşamagy öz durmuşynyň manysy hasaplaýar. «Ajapsoltan enemiz bize hemişe halal ýaşamalydygyny, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däldigini ündeýär. Ol gök önümleri iýmäni gowy görýär. Ondan gaýta-gaýta uzak ýaşamagyň sebäbini soraýarlar. Hemişe-de şol bir jogabyny berýär: «Köp hereketde bolmaly, iýip-içýänleriňe gözegçilik etmeli, iň esasy-da döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly». Ol şu ýyl «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilenem sylaglandy. Aslynda, uzak ýaşamak Ajapsoltan enemiziň nesil- neberesine Taňrydan berlen peşgeş bolmaly. Onuň iki erkek dogany 100 ýaşa, aýal dogany bolsa 90 ýaşa golaý ýaşapdylar. Tüweleme, ol her agtygy ýa çowlugy täze öý tutsa, hökman öz eli bilen dokan halysyny ýa tiken ýorgan- düşegini sowgat edýär...» diýip, Jahansoltan mugallym gürrüň berýär.

Adamlaryň ýaşynyň ortaça ýokarlanmagy, aýratyn-da, döwletiň ykdysady ösüşi, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy, sosial-üpjünçilik ulgamynyň berk binýady, dürli keselleriň öňüni alýan sanjymlaryň yzygiderli kabul edilmegi, ýokanç kesellere garşy lukmançylyk-gözegçilik işleriniň ýola goýulmagy bilen baglanyşdyrylýar. Şu maglumatlar bilen tanşanyňda, lukman Prezidentimiziň golaýda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukmançylyk ulgamynyň täze, iri desgalarynyň açylyş dabarasyndaky: «Ýurdumyzda ilatymyzyň dürli gatlaklarynyň arasynda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryny, bejeriş çärelerini geçirmek üçin öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny öz içine alýan çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Biz bu ugur- da gowy netijeleri gazandyk diýip, arkaýyn aýdyp bileris. Bu bolsa ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň peselmegine, howply ýokanç keselleriň ýok edilmegine mümkinçilik berdi... Häzirki wagtda Milli öňüni alyş sanjym tertibine laýyklykda, jemi 14sany ýokanç kesele garşy öňüni alyş sanjymlary döwlet tarapyndan tölegsiz geçirilip, olaryň gurşawynyň görkezijileri ýokary derejede saklanýar» diýen sözleri hakydaňa gelýär.

Mährem ene özüniň 120 ýaşynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykbalyndaky ajaýyp sene — hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna gabat gelenine diýseň begenýär. Bu sazlaşygy oňatlyga ýorýar. Onuň: «Hudaýa şükür, kyn günlerim yzda galdy. Döwrümiz, döwletimiz, adyl Arkadag Oglumyz ömrümize ömür goşýar. Agzy aşa ýetdi halkymyzyň, her günümiz toýçulyk, Allam uzagyndan etsin! Şu ýaşymda Hak halan, nazarkerde Prezidentimiziň adyl işlerine şaýat bolýanyma begenýärin. Hudaýym ýaşyny uzak etsin, gözden-dilden gorasyn! Enelere goýýan hormatyna göwnüm galkynýar. Döwrümiz bagtyýar, baýdagymyz asmanymyzda asuda parlaýar. Durmuşymyz bolelinlik. Onsoň, neneň uzak ýaşamajak, nädip şu bagtly günlere guwanmajak?!» diýen alkyşly sözlerine gulak goýanyňda, Gahryman halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işleriniň ähmiýetine has anyk-äşgär göz ýetirip bolýar. Ine, Ajapsoltan enäniň gysgaça terjimehaly şundan ybarat. Emma onuň ömür menzili hakyndaky kelam kagyza geçirerden has köp bolsa gerek..

Ýazgymyzyň başynda şu söhbede ýene bir gezek dolanýandygymyzy ýaňzydypdyk. Ine, şol «mus-musuň mustapasy!» Biz geçen ýyl hem uzak ýaşly ene hakynda söhbet edenimizde, dünýäniň uzak ýaşly ýaşaýjylary hakyndaky maglumatlara ýüzlenipdik. Şol edähedimize şu gezek hem eýermegi makul bildik. Şu ýylyň sentýabrynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasy ýene-de bir täzeligi dünýä buşlady. Kompaniýanyň resmi internet saýtynda (www.guin- nessworldrecords.com) Ýer ýüzüni gurşan bu täzelik şeýle teswirlendi: «Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça 2020-nji ýyl-da ýaponiýaly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy diýlip yglan edildi. Häzir ol 117 ýaşynda. Tanaka özüniň 120 ýaşajakdygyny ynam bilen gürrüň berýär». Jaý ýerinde ýatlalyň, bu ýapon zenany geçen ýyl hem 116 ýaşynda dünýäniň iň uly ýaşly ýaşaýjysy diýlip hasaba alnypdy. Görnüşi ýaly, ol bu ýyl hem şol sanawda ýene-de öz adyny saklap galmagy başardy. Mundan ozalky dünýäniň iň garry ýaşaýjysy derejesi başga bir ýaponiýaly Tiýo Miýako degişlidi. Ol 2018-nji ýylyň iýul aýynda 117 ýaşynda aradan çykýar.

Şeýle maglumatlary okanyňdan soňra, şu hili netije çykarmak mümkin: häzirki wagtda Ýaponiýa dünýä boýunça iň uzak ýaşlylaryň ýurdy hökmünde bilinýär. Muňa esas hem bar. Ginnesiň kitabynyň uzak ýaşly ýaşaýjylara degişli ugry boýunça rekord goýujylaryň aglabasy ýaponiýalylardyr. Bilermenler ýurduň howa şertleriniň ynsan saglygyna oňaýly täsirini ýetirýändigini belleýärler. Häzirki wagtda hem bu ýurtda 100 ýaşdan geçen ýaşaýjylaryň köp sanlysy resmi taýdan hasaba alnypdyr. Dünýäniň uzak ýaşly ýaşaýjylary, şeýle-de dünýäniň iň uzak ýaşly zenanlary barada «Wikipediýa» erkin internet ensiklo- pediýasynyň soňky maglumatlary hem häzirki wagtda dünýäde ýaşap ýören ýaşaýjylaryň iň uzak ýaşlylarynyň ýaponiýalydygyny, olaryň öňbaşçysynyň bolsa 117 ýaşly Капе Tanaka- dygyny tassyklaýar. Şeýle maglumatlar bize häzirki wagtda 120 ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewanyň dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydygy hakdaky pikiri öňe sürmäge esas bolýar. Ýurdumyzda şeýle bagtly ykbally raýatlarymyzyň bardygyny, olaryň sanynyň bolsa yzygiderli köpelýändigini buýsanç bilen nygtamak isleýäris. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli işleri, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatdaky tagallalary raýatlarymyzyň kalbyna buýsanç berýär, ömrüne ömür goşýar. Bu bolsa ilatymyzyň ýaş dowamlylygynyň uzalmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Halkymyzyň arassa iýmit bilen üpjün edilmegi, ynsan saglygyna peýdaly sergin howany üpjün edýän amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi, her günümiziň toý-baýrama ulaşmagy... — ine, bularyň ählisi döwrümiziň buýsançly hakykatlary.

...120 ýaş Göroglynyň ýaşy hasaplanýar. Adatça, arzuw edilende hyýalyňa gelmeside kynrak bolan alkyşlar, gutlag sözleri dile getirilýär. Emma döwür gowy bolanda, hatda hyýalyňa gelmeýän arzuwlaryň-da hasyl bolýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda günüň-gününe şaýat bolýarys.

Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».
 
Другие статьи
165deed936a5f5.jpeg
АСТАНАБАБА — священное место

Примерно в десяти километрах к западу от города Керки находится средневековый памятник истории Астанабаба, который считается одним из святых мест в мусульманском мире.


165a7c8a619650.jpeg
Сохраняем здоровье зимой

Поддержать свой организм и укрепить иммунитет можно с помощью довольно-таки простых правил, которые помогут вам защититься от простуды и ОРВИ.


162b6bf7b58eab.jpeg
Отпуск на море – для укрепления здоровья

Лето - пора отпусков и каникул, время, когда многие люди едут отдыхать на море в нашу замечательную Национальную туристическую зону «Аваза». Поездка на море - это радостное событие, его с нетерпением ждёт вся семья. Однако чрезмерное пребывание на солнце и повышенная активность на воде могут негативно сказаться на организме.

162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günün- den uly üns berýär.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.