TÜRKMEN DEMOKRATIÝASY KÄMILLIK ÝOLUNDA

17:55 07.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/35/original-15f7dbad08e05d.jpeg

Gadymy türkmen topragynda hukuk döwleti, raýat jemgyýeti kemala ge/ýär. Şu hili özgeriş ha/kymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren demokratik ýörelgeieri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda ama/ edilýär. Taryhyň uzak döwründe ýurtda wajyp meseleleri çözmekde giňden we netijeli ulanylan maslahatlar we geňeşler esasynda degerii çözgütleri tapmak ýörelgesi bu ýerde ýetilen u/y dereje bolýar. Şunuň bilen baglanyşykly çözgütler Türkmenistariyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş/angyjy bilen 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardan ugur alnyp, ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler ösüşiň täze tapgyrynyň hukuk esas/aryny kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz şol mejlisde ýurdumyzda iki palataly parlamenti döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusi¬on topary döretmek we onuň aüzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekenden soňra geçen döwrüň içinde bu toparyň işjeň hereketi bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlandy. Taslama Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde ara älnyp maslahatlaşylyp, doly makullandy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlendi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan bu hukuk resminamasyny ara alyp maslahatlaşyp, biragyzdan kabul edenlerinden soňra, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar gi¬rizmek hakynda» Konstitusion kanuna gol çekdi. Kanun ýurdumyzda iki palataly parlamenti döretmek bilen baglanyşykly wajyp konstitusion özgertmeleri öz içine alýar. Onda, ilki bilen, häzirki döwürde hereket edýän Esasy Kanunymyzyň 3-nji babynyň 3-nji bölümini kämilleşdirmäge üns berilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynyň jemi 27-sine üýtgetmeler girizildi, 1 madda aýryldy, 3 sany täze madda goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde eden çykyşynda: «Konstitusion topara gelip gowuşýan köp sanly teklipler bilen baglylykda we iki palataly ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, biz milli parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, maksadalaýyk bolar diýip netijä geldik» diýip nygtady. Parlamentiň we onuň palatalarynyň atlarynyň üsti bilen, hakykatdan hem, milli demokratiýanyň ýörelgeleriniň ýurdumyzda häzirki döwürde geçýän demokratik özgeriş bilen berk baglanyşygy açyiýar. Turkmen halkynda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähim bar. Halkymyz bütin taryhyň dowamynda geçirilen maslahatlarda we geňeşlerde öňe sürlen tekliplere, danalarymyzyň halky birleşdirýän pähim-paýhasyna, öwüt-ündewlerine uly sarpa goýupdyr. Şolarda gelnen netijeler ii- gün üçin çözgüt bolup hyzmat edipdir.

Häzirki döwürde şu hili täsirliligi gazanmak köp derejede Milli Geňeşiň palatala- rynyň düzüminiň işjeňligine bagly bolar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtget- meler we goşmaçalar girizmek hakynda Konstitusion kanunda bu düzümiň ýokary hile eýe bolmagy üçin zerur esaslar göz öňünde tutulýar. Onuň 78-nji maddasynda: «Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mej- lislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylan her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär» diýlip, anyk beýan edilen.

Kabul edilen Konstitusion kanuna laýyklykda, Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatynyň düzümine

30 aşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlar saýlanyp we bellenip bilinýär. Halk Maslahatynyň agzalaryna bildirilýän şu hili talabyň wekilçilikli palatanyň agzalarynyň her biriniň jogapkärçiligini we işjeňligini artdyrjakdygy gümansyz.

Milli Geňeşiň düzüminde Mejlise uly orun degişli. Konstitusion kanunda ýurdu- myzda kanun çykaryjylyk işinde onuň toplan oňyn tejribesi esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlylyk möhletleri baradaky konstitusion kadaiary ozalky ýaly galdyrmak göz öňünde tutulan. Biziň döwletimizde hereket edýän wekilçilikli edaralaryň kanunçylyk arkaly ygtyýarlylyk möhleti 5 ýyla deňdir. Diýmek, Türkmenistanyň Mil¬li Geňeşiniň düzüminde kanunda görkezilen düzüm bölekleri onuň öňünde goýlan meseleleri çözmäge doly esas berýär.

Şol bir adamyň bir wagtda Milli Geňeşiň iki palatasynyň hem agzasy ýa-da deputaty bolup bilmeýändigi barada kanunda beýan edilen kada örän wajyp. Hormatly Preziden¬timiz: «Men bu kadanyň Esasy Kanunymyza girizilmegi ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde zerur diýip hasap edýärin» diýip belleýär. Wekilçilikli edaralaryň agza- larynyň her biri köp wagty we işjeňligi talap edýän örän jogapkärli meseleleriň çözgüdini amal etmeli bolýar. Bu ýerde Milli Geňeşiň paiatalarynyň her biriniň kanun çykaryjylyk işiniň özboluşly ugurlaryny amal edýändigi- ni hem göz öňünde tutmaly.

Konstitusion kanunyň kadalaryna laýyklykda, Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamaga iberilýändigi sebäpli, şol özboluşly- lyk döreýär. Biri kanuny taýýarlaýan bolsa, beýlekisi ony bahalamaly bolýar. Hawa, her bir edilen işiň bahalanmagy zerur. Ýöne jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini araýan işiň has ýokary talaplar esasynda bahalan¬magy gerek. Mejlis tarapyndan taýýarlanan kanunlaryň Halk Maslahatynyň garamagy¬na makullamak üçin iberilmegi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şol kanunlara umumy döwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan garal- malydygyny görkezýär. Şu hili talaplar esa¬synda bahalananda, iki palatanyň kabul edilýän kanuna garaýyşlarynyň sazlaşygyny gazanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, Konstitusion kanunyň bir belgili 83-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen halatynda makullanylan hasap edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär. Türkmenistanyň Ka¬nuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan son kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar» diýlip beýan edilmegi örän ýerlikli. Bu palatalaryň işini sazlaşdyrmagyň degerli mehanizminiň tapylandygyny görkezýär.

Görşümiz ýaly, ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň edaralarynyň berkeýän döwründe jemgyýetiň syýasy ulgamynyň hil taýdan özgerip, durmuş jebisligini üpjün ediji mehanizm hökmünde çykyş edýän gatnaşyklaryň kemala gelmegi örän wajyp. Şu ýerde döreýän syýasy köpdürlülik, bilşimiz ýaly, jemgyýetiň syýasy durmuşyna gatnaşmaga deň hukukly dürli syýasy edaralaryň we jemgyýetçilik birleşmeleri- niň bolmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi her bir syýasy partiýanyň ýa-da jemgyýetçilik guramasynyň syýasy häkimiýetde, şol sanda parlamentde ýurduň ösüşi bilen baglanyşykly garalýan meselelere we olar boýunça kabul edilýän çözgütlere dahylly bolýandygy bilen bagly. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan hukuk namalary şu wezipäni amal etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Ýurtda iki palataly parlamentiň kemala gelmegi bitewi kanun çykaryjy ulgamyň döredilip, onuň işini kämilleşdirmek esasynda ýurdy mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmaga, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik edip, olaryň has hem jebisleşmegine gulluk eder. Bähbitleriň sazlaşygy jemgyýetiň demokratik ösüşiniň şerti hem-de görkezijisi boiýar. Häzirki döwürde döreýän iki palataly parlament şol sazlaşygy kemala getirmegiň wajyp guraly bolup çykyş eder.

Bu ýerde kemala gelýän syýasy köpdürlülik durmuşyň öz köpugurlylygynyň ýüze çykmasy bolýandygy sebäpli, jemgyýetdäki bähbitleriň köpdürlüligi we bitewiligi göz öňünde tutulýar. Diýmek, syýasy köpdürlülik durmuş jebisligi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin şu hili şertlerde iki palataly par¬lament jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbidini syýasatda aňlatmagyň wajyp guraly bolup durýar.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyn¬da» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly öňde duran meseleleri, ýagny «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda» Turkmenistanyň Halk Maslahaty Karar kabul etdi. Kararda Konstitusion kanunyň kabul edilmeg Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen bagly kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tamamlamak we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde: konstitusion özgertmeleriň netijesinde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Parlamenti gin borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumy milli wekilçilikli edara öwrüler. Jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda öňe ädilýän ädimler has ynamlylyga eýe bolup, ýurdumyzda geçýän ykdysady, syýasy we medeni özgerişleriň has berkemegine täze esaslary döreder.

Umuman, kabul edilen Konstitusion kanun jemgyýetimiziň ähli gurşawlarynda geçirilýän düýpli özgertmelere badalga berer. Şolaryň esasynda hakyky halk häki- miýetiniň kämilleşmegi, raýat jemgyýetiniň döremegi häzirki döwürde jemgyýetimizde amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň many-mazmunyny baýlaşdyrar.

Jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler hakykatdan hem, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugrundaky öňe ädilýän ädimle- riň has ynamlylyga eýe bolup, yzygiderli berkeýändigini aýdyň görkezýär. Bu hem hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň demokratik ösüşe eýe bolmagy ugrunda edýän tagallalarynyň beýik maksatlara gönükdirilendigini subut edýär.

Adamlaryň we adam toparlarynyň bähbitleriniň sazlaşygy halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyryp, ýurdumyzy geljekki ösüşlere we özgerişliklere alyp barýar. Ýurdumyzyň senagat taýdan ösen dow¬letierin hataryna işjeň girişen, bazar yk- dysadyýetini düýpli özleşdirýän döwründe döwletimiziň demokratik, hukuk we ynsanperwerlik esasyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kemala getirmek «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esas- lanan durmuş goragly syýasaty amala aşyrmakda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu hem ýurtda amal edilýän konstitusi¬on özgertmeleriň adamzadyň arzuwlaýan durnukly ykdysady we syýasy ösüşini üpjün edýän durmuş maksatly jemgyýetiň kemala gelmegine täze esaslaryň döreýändigini aňladýar.

Nurýagdy SUWHANOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, syýasatşynas.

Другие статьи
165deed936a5f5.jpeg
АСТАНАБАБА — священное место

Примерно в десяти километрах к западу от города Керки находится средневековый памятник истории Астанабаба, который считается одним из святых мест в мусульманском мире.


165a7c8a619650.jpeg
Сохраняем здоровье зимой

Поддержать свой организм и укрепить иммунитет можно с помощью довольно-таки простых правил, которые помогут вам защититься от простуды и ОРВИ.


162b6bf7b58eab.jpeg
Отпуск на море – для укрепления здоровья

Лето - пора отпусков и каникул, время, когда многие люди едут отдыхать на море в нашу замечательную Национальную туристическую зону «Аваза». Поездка на море - это радостное событие, его с нетерпением ждёт вся семья. Однако чрезмерное пребывание на солнце и повышенная активность на воде могут негативно сказаться на организме.

162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günün- den uly üns berýär.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.