Garly günleriň goýnunda.

16:41 30.12.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/465/original-15fec67814cb58.jpeg

Asman bilen Zeminiň arasyny nur bilen baglanyşdyran akja gar göwnümi göterýär. Sähel salymyň içinde owadan-owadan ak mermerli binalaryň, ýol gyralaryny bezäp oturan arçalaryň, seleňläp görünýän dagdyr dereleriň üstüni örten gar älemi aklyga büräp, çar ýany ertekilerdäki ýaly owadan keşbe getirdi. Penjireden daşaryk seretseň aýnanyň ýüzüne aýazyň çeken suraty ýüregiňe täsin şatlyk bagyşlap, göwnüňe çagalyk duýgularyny, ýaşlyk hyjuwyny bagyş edýän gözellikler açyk tebigata seýrana çagyrýar.

Depesi gök diräp oturan äpet baglar täsin keşbe girdi.Olaryň şahalarynyň üstüne düşen gardan ýaňa çalaja ýaý berip durşy baglara aýratyn gelşik berýär. Baglaryň arasyndan geçýän inçejik ýodadan pessaýja ýöräp barýan ýaş gelin bilen ýigit bolsa ýaňyja aýak biten oguljyklarynyň garyň üstünde zordan ädimläp, çar ýana ellerini gerip, gören zatlaryna geň galyp barşyna guwanyp, gülşüp barýarlar. Bu pursady synlap, öýümiziň gapdalynda ýerleşýän «Güneş» seýilgähine çykanyma diýseň begendim. Aslynda adamyň bar guwanjy perzendi.Olaryň barlygy eneler üçin tapylgysyz bagt.

Gar bilen bagly wakalaryň ýakymy meni mydama şatlykly ýatlamalara atarýar. Ilkinji oglumyň garýagan güni dünýä inmegi meni juda begendiripdi.0l gün çar tarapymy gurşap alan tebigat gözlerime başga bir täsinlikler dünýäsi ýaly bolup görünýärdi. Älemi ýagşylyk nury gurşap alan ýalydy. Gözlerimiň röwşeni artyp, süňňüm ýeňläpdi. Ýanymda ýatan eýjejik balamyň eljagazlaryny, inçejik barmajyklaryny, kemiş-kemiş edýän näzijek dodajyklaryny synladygymça, oňa bolan mährim artýardy. Şonda tebigatyň bize eçilýän bagtyna, onuň diýseň jo- martlygyna öz ýanymdan haýran galýardym.

Ine, bu gün bolsa şojagaz bäbejik hal-ahwalymy gözlerimden okap duran ýigit. Perzent — goluň, ganatyň diýleni çyn. Tebigatyň kanuny şeýle. Özüň gartaşyp, güýç-kuwwatyň kemeliberse, goluňdan göterýänleriň bolmagy her bir ene-ata üçin uly bagt. Zemini örtüp ýatan ak gar—ak bagtymyzyň beýany. Gudrat diýip şuňa diýmeli. Gözelligi görüp, ganyp bilmeýän gözleriň göwne çaýýan ýakymyny heý söz bilen beýan edip boljakmy?! Bu pursatlar maňa ömrümiň iň arzyly günlerini — ýaşlyk ýyllarymy ýatladýar. Sebäbi gözellik ýaşlyk bilen bir bitewi bolýar. Gözelligiň bar ýerinde ýaşlyk, ýaşlygyň bar ýerinde bolsa gözellik bolýar. Adamyň çagalyk döwri ýadynda galan wakalardyr pursatlar hiç haçan ýadyndan çykmaýar. Şonuň üçin hem gar ýagsa diňe hyýalymda ýaşap ýören ejemdir kakam gözlerimiň öňünde janlanýar.Olar heniz hem maňa: «Galyň geýneweri balam, üşäýmegin!» diýip duran ýaly. Men bolsa olara:

— Bolýar, mähribanlarym, hökman aýdanlaryňyzy berjaý ederin. Çünki tebigat bize sizden soň hem hossarlyk edýär ahyry. Serediň-ä, onuň goýnundaky baýlyklaryna. Bir tarapda buýan bolsa, başga tarapda üzärlik bar. Çopantelpekdir itburnuň sowuklamadan açyşyny. Türkmeniň gyzyl burçly unaşyny derläp içeniň bolsa, hut mähriban ejesiniň ýyly gujagyna giren ýaly duýga gaplanmasynyň özi gudrat dälmi näme?!diýip hyýalymda käbämdir kyblam bilen söhbetdeş bolýaryn. Şeýdip, aňymda galan iň süýji, iň arzyly günleri gaýtaryp berýän garly günleriň kalbymy joşa salýan gözelliklerine çümüp gidýärin.

Ak gar — ak bagtymyň nusgasy ýaly,

Aklyga besledi bütin dünýäni.

Kalbymyz buýsançdan, begençden doly,

Ylham gaplap alýar her bir jümlämi.

Asman zer sepipdir älem-jahana,

Ak possuny atynypdyr ene ýer.

Bu görnüşi gören aşyk-magşuklar:

«Tebigatyň özi söýgüdir» diýer.

Jomartlykda, gözellikde taýy ýok,

Owadan tebigat sen niçik kerem?!

Saňa gudrat diýmän, näme diýip bor?!

Söz tapmaz gudraty göz bilen gören.

Hawa, çar ýanymyzda şadyýan çagalarymyzyň gülki sesleri döwrümiziň bagtyýarlygynyň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Säherler şowhunly, gijeler asuda, töwerek bolsa aýdym bilen saz.Täze ýyl baýramynyň sagat saýyn golaýlamasy çagajyklar bilen birlikde uly ýaşly adamlaryň hem şatlygyna şatlyk goşýar. Nesip bolsa, ýene sanlyja günden kalby halal zähmete, beýik maksatlara ýugrulan halkymyz Täze 2021-nji ýyly ajaýyp arzuwlar bilen garşylar.

Dürnabat AŞYROWA,

        «Ahal durmuşy».

Другие статьи
165deed936a5f5.jpeg
АСТАНАБАБА — священное место

Примерно в десяти километрах к западу от города Керки находится средневековый памятник истории Астанабаба, который считается одним из святых мест в мусульманском мире.


165a7c8a619650.jpeg
Сохраняем здоровье зимой

Поддержать свой организм и укрепить иммунитет можно с помощью довольно-таки простых правил, которые помогут вам защититься от простуды и ОРВИ.


162b6bf7b58eab.jpeg
Отпуск на море – для укрепления здоровья

Лето - пора отпусков и каникул, время, когда многие люди едут отдыхать на море в нашу замечательную Национальную туристическую зону «Аваза». Поездка на море - это радостное событие, его с нетерпением ждёт вся семья. Однако чрезмерное пребывание на солнце и повышенная активность на воде могут негативно сказаться на организме.

162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günün- den uly üns berýär.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.