Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurgözel GOZLYÝEWA

16:45 07.01.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/505/original-15ff6f45616e92.jpeg

Çeper döredijilikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan zehinli şahyrlarymyzyň biri  Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Gaýrat» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, ýazan goşgularynyň tas ählisi diýen ýaly aýdyma öwrülen, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň ýanyndaky Teatr studiýasynyň režissýory bolup zähmet çekýän Nurgözel Gozlyýewadyr. Biz gazetimiziň öz habarçysy Hojaberdi Baýramowyň bu aýdymçy şahyr bilen söhbetdeşligini okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

— Nurgözel gelneje, döreden şygyrlaryňyzyň agramly böleginiň aýdym edilip aýdylýandygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin söhbedimizi ilkinji ýazan goşgularyňyzdan, ilkinji aýdym bolup ýaňlanan şygryňyzdan, döredijilik dünýäňizdäki pursatlardan başlaýsak.

— Çeper döredijilikdäki ilkinji gadamlarym heniz orta mekdepde okaýarkam başlandy. Tapmaça goşgulary, bentleri ýazmaga ürç ederdim. Olaryň aglabasy şol döwürde çykýan «Mydam taýýar» gazetinde yzygiderli çap edilerdi. Juda gowy okardym. Şonuň üçin hem meni orta mekdebi tamamlan dessime, 1969-njy ýylda öz okan mekdebimde fizika mugallymy edip işe aldylar. Şol ýylam Türkmen politehniki institutyna gaýybana okuwa girip, ony üstünlikli tamamladym. Özümi bilip, goşgy ýazmadyk döwrüm ýadyma düşenok. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerinden Hydyr Derýaýew, Kerim Gurbannepesow, Ýylgaý Durdyýew, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Atamyrat Atabaýew dagy bilen bolan döredijilik duşuşyklarynda goşgularyma oňyn baha berilmegi meniň şygryýet bilen bagrymyň badaşmagyna sebäp boldy. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewany häzire-bu güne öz döredijilik älemimdäki halypam hasaplaýaryn.

«Ejeň bolsa ýanyňda» goşgym ilkinji aýdym edilen şygrym. Ol geçen asyryň togsanynjy ýyllarynyň başlarynda radioda, teleýaýlymda yzygiderli aýdylýan aýdymlaryň biridi.

Tutuş zähmet ýolum medeniýet ulgamy bilen bagly. Bu ugurda dürli kärde biregne işläp ýörenime otuz ýyldanam köp wagt geçdi. Aýdym bolan şygyrlarymyň ählisi diýen ýaly özümde bar. Arada agtyklarymyň biri «Ene, seniň goşgularyňa aýdylýan aýdymlaryň sany dört ýüze dagy ýetýär» diýende guwandym. «Bagtyýarlyk gazallary» ady bilen çap edilen kitapdaky gazallaryňam deň ýaryna barabary meniň döredijiligime degişli.

— Gowy aýdymyň döremegi üçin şahyryň, kompozitoryň, aýdymçynyň ruhy birligi gerek. Işleşýän kompozitorlaryňyz, aýdymçylaryňyz barada gürrüň berseňiz. Döredijiligiňize ylham eçilýän pursatlar hem az däldir.

— Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Serpaý» aýdym-saz döredijilik toparynda hemişe ýaňlanýan aýdymlaryň ona golaýynyň goşgulary meniň döredijiligime degişli. Türkmenistanyň halk artistleri Annaguly Myratdurdyýew, Pälwan Hamydow, Sahydursun Hojakowa, Annagül, Gülşat Gurdowalar, Amanbibi Mämmedowa, Altyn Goşaýewa, Parahat Amandurdyýew, Rejepguly Kerimow, Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Jahan Tagyýewa, Döwlet Orazgeldiýew, Döwlet Gurbanow, Amangül Gurbanowa dagynyň repertuarynda meniň goşgularyma döredilen aýdymlaryň ýaňlanýandygyna hem guwanýaryn. Ýurdumyzda belli kompozitorlar Omar Igamow, Nury Hojamuhammedow, Begenç Hojaýew, Begenç Saparlyýew, balkanly höwesjeň kompozitorlar Döwran Mämmedow, Nury Nuryýew bilen işleşmek maňa ruhy lezzet berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň gurýan ertekiden zyýada döwletinde ýaşamak, döretmek meniň üçin elýetmez bagt.

— Maşgala agzalaryňyzyň medeniýete, sungata dahyllylygy barada gürrüň berseňiz hem-de ýaňy-ýakynlarda aýdym bolup ýaňlanan goşgularyňyzy ýatlasak.

— Adamym Akmämmet indi 44 ýyl bäri orta mekdepde matematika mugallymy bolup işleýär. Bir oglum, üç gyzym bar. Agtyklarymyň sany dokuza ýetýär. Çagalarymyň dördüsem, agtyklarymyň bolsa köpüsi haýsydyr bir guralda saz çalyp bilýär. Çagalarymdan diňe körpe gyzym Jemile medeniýet ulgamynda — Aşgabatdaky Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde mugallym bolup işleýär. Kakam Gozly Seýitmyradow türkmeniň ussat sazandasy Jepbar Hansähediň ýegeni. Dutary juda şirin çalardy. Ejem Bike Mämiýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi bolan zenan. Ol Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzylarbatda (häzirki Serdar şäheri) dokalan ilkinji äpet halyny dokamaga gatnaşan zenan bolupdyr. Käbelerimiň ruhy bilen birlikde ajaýyp döwrümizdäki özgerişler maňa hemişe döredijilik goldawyny berýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylanda Sahydursun Hojakowa bilen Annaguly Myratdurdyýewiň ýerine ýetiren «Halkym Siziň bilen bagtly, Arkadag!», «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň halk artistleri Annaguly Myratdurdyýew bilen Atajan Berdiýewiň aýdan «Arkadag» aýdymlarynyň sözleri meniňki. Şu ýylyň Hasyl toýunda ýerine ýetirilen «Mehanizatorlaryň aýdymy», Aşgabatda täze 16-njy ýaşaýyş jaý toplumy açylanda aýdylan «Aşpeziň aýdymy» hem meniň sözlerime döredilen aýdymlar. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat şäherinde täze gurlan Balkan welaýatynyň baş metjidiniň açylyp ulanylmaga berilmegi biziň toý şatlygymyzy artdyrdy. Şunuň ýaly döwrebap binalaryň we desgalaryň gurulmagy ylhamymyzy joşdurýar.

Şu pursatdan peýdalanyp, türkmeniň döredijilik dünýäsini müň bir dürli öwüşginleri bilen äleme açyp görkezmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn! Mähriban Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, amala aşyrýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Hojaberdi BAÝRAMOW,

                  USSAT NEWS.

Другие статьи
1643677068e6d5.jpeg
Народная артистка Туркменистана Аннагуль ГУРДОВА

По многочисленным просьбам читателей гостьей редакции электронной газеты ussatnews.com стала одна из самых популярных вокалисток нашей страны, которую по праву называют легендой туркменской эстрады, - народная артистка Туркменистана, певица высшей категории Культурно-делового центра Государственного концерна «Türkmengaz» Аннагуль ГУРДОВА.


164204365be94e.jpeg
Народный писатель Туркменистана Кара Сейтлиев

Право предстать в монументальном образе перед современным поколением туркменистанцев заслужил государственный и общественный деятель, народный писатель Туркменистана, лауреат Государственной премии имени Махтумкули Кара Сейтлиев, чьё многогранное творчество оказало большое влияние на развитие национальной литературы, кино и театра.


1635eb270cd9e8.jpeg
Народная артистка Туркменистана Оразгуль ГУРДОВА

В гостях у редакции электронной газеты ussatnews.com побывала звезда туркменской эстрады и театра Оразгуль Гурдова. Вокалистка Национального музыкально-драматического театра имени Махтумкули, народная артистка Туркменистана Оразгуль Гурдова известна своим большим вкладом в развитие туркменской культуры и искусства.

161cd265ce8819.jpeg
Генеральный директор мебельной фабрики «Айболек» Меретмухаммет ТАЧМУХАММЕДОВ

Более десяти лет руководит мебельным производством Меретмухаммет Тачмухаммедов, работа которого оценена государственными наградами - юбилейными медалями «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» и «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», а также победой в конкурсе Президента Туркменистана «Türkmeniň Altyn asyry».


160f4e8215d413.jpeg
Доктор геолого-минералогических наук Чары ПАЙТЫКОВ

Сегодня гость нашей газеты - ведущий научный сотрудник Научно-исследовательского института природного газа Государственного концерна «Туркменгаз», доктор геолого-минералогических наук, автор 83 научных публикаций, из которых три монографии, а также 30 рукописных работ Чары Моммыевич ПАЙТЫКОВ.