Habarlar
164ad6fbc14fea.jpeg
Täze desgalara eýe boldular
11.07.23 - 20:05

Geçen hepdäniň şenbe güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly daşary ýurt göteriji desgalarynyň dokuzysy gelip gowuşdy.


164abec71c6704.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
10.07.23 - 16:33

Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy 353 dollar) we Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasy 585 dollar) anna güni, 7-nji iýulda birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy.


164aa4e503a5a3.jpeg
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy gözleg işini kämilleşdirýär
09.07.23 - 11:06

Geçen anna güni bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň, hususan-da, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.


164a7f655c72bb.jpeg
OPEK-iň baş sekretary: gurama täze gatnaşyjylar üçin açyk
07.07.23 - 16:26

OPEK giňelmäge şat, hemmeler üçin açyk diýip, guramanyň baş sekretary Haýsam Al-Gaýs žurnalistlere habar berdi. Bu barada Interfaks habar berýär.


164a7ed2a408f5.jpeg
OPEK-iň baş sekretary nebit çykarylyşyny azaltmak boýunça ýakynda kabul edilen kararyň dogrulygyna ynanýar
07.07.23 - 15:47

OPEK+ ýakynda nebit çykarylyşyny azaltmak hakynda kabul edilen karara bazaryň ýeterlik derejede üns bermändigine alada galmaýar diýip, OPEK-iň baş sekretary Haýsam al-Gaýs Wenada Guramanyň 8-nji Halkara seminarynda belledi diýip, Interfaks habar berýär.


164a6b439767a8.jpeg
Geljegiň arassa energetikasyny emele getirmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri Brýusselde hödürlenildi
06.07.23 - 17:31

Sişenbe güni Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa üçin arassa energiýanyň geljegi» atly maslahatda arassa energetikany emele getirmekde Türkmenistanyň baý tejribesi hödürlenildi. Bu tema boýunça Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çykyş etdi.


164a457c982ad0.jpeg
Wenada OPEC-iň seminarynda energiýa howpsuzlygy, energogeçiş we maliýeleşdirme meseleleri maslahatlaşylar
04.07.23 - 22:32

Wenada Hofburg imperator köşgünde 5-6-njy iýulda OPEC-iň «Durnukly we inklýuziw energetiki geçişe tarap ýolda» atly 8-nji halkara seminary geçiriler.


164a44c82e4d36.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.07.23 - 21:44

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


164a2ec22a7fdb.jpeg
Arkadag şäherinde Halkara maýa goýum forumy geçirildi
03.07.23 - 20:41

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ertesi, 30-njy iýunda täze şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.


1649b3b5c24e87.jpeg
«Nebitmaş» kärhanasy nebitgaz pudagy üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy
28.06.23 - 00:41

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy nebitgaz pudagynyň önümçilik zerurlyklary üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy.


16499d9c532509.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy
26.06.23 - 23:32

Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.


16499d8720969f.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň önümçilik desgalarynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilýär
26.06.23 - 23:26

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.


16499c960db257.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.06.23 - 13:17

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


16496d5060f7dd.jpeg
Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynda metal çelekleriň üçüsi ulanylmaga berildi
24.06.23 - 16:35

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat şahamçasynyň gurluşykçylary üç müň kub metrden köpräk nebit önümlerini saklamaklyga niýetlenilen uly göwrümli täze metal çelekleriniň üçüsini Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynda ýokary hilli gurup, ulanmaga berdiler.


164967a5cb2464.jpeg
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazynyň eksportyny ýanwar-maý aýlarynda 13,5% artdyrdy
24.06.23 - 10:08

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi, şol bir wagtda ösüş 13,5%-e deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär.