Gaýtadan dikeldilen guýular «gara altynyň» senagat akymyny berdi
10.08.21 - 08:41«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgaznebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň abatlaýyş brigadalary öndürijiligini peselden guýularda abatlaýyş-dikeldiş işlerini üstünlikli ýerine ýetirýärler we olary ulanyşa tabşyrýarlar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.08.21 - 09:06Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty 27-29-njy oktýabrda geçiriler
08.08.21 - 12:13Aşgabatda 27-29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI Halkara maslahaty (OGT-2021) geçiriler. Bu halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.
«Gumdagnebit» müdirligi: birinji ýarym ýylda 200 müň tonna «gara altyn» çykaryldy
07.08.21 - 14:42«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň nebitçileri Uzynada ýatagynyň baý känlerini özleşdirmek boýunç giň gerimli işleri ýerine ýetirýärler.
Aşgabatda ulag, nebitgaz we beýleki ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
05.08.21 - 18:34Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ulag, ýangyç-energetika hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Hazardaky «Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmegiň geljegini Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri maslahatlaşdylar
05.08.21 - 17:45Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Ýedi aýyň jemi jemlenildi
04.08.21 - 18:35Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi.
Poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna halkara bäsleşik yglan edildi
03.08.21 - 17:53«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak hem-de gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň teksti «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.
Balkan welaýatynda öndürijilikli guýular gazlift usulyna geçirilýär
03.08.21 - 16:46Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda baý nebit känlerini özleşdirmek boýunça işler giň gerim alýar. Sebitde täze, has çuň guýulary burawlamak boýunça işler guramaylykly alnyp barylýar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
02.08.21 - 08:44Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
«Malaý» känindäki nobatdaky guýudan gazyň senagat akymy alyndy
29.07.21 - 19:17«Malaý» käninde buraw işleriniň netijesinde tebigy gazyň gündelik debiti 400 müň kub metre barabar bolan senagat akymy alyndy. Buraw işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
TNGIZT-niň täze önümi
29.07.21 - 13:45Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 awiakerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän ТС-1 uçar ýangyjynyň ýewropa görnüşidir.
Türkmenistan Owganystanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi
28.07.21 - 18:09Owganystanyň mlli statistika we habarlar müdirliginiň (NSIA) çap eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan OYR-niň iri söwda hyzmatdaşlarynyň onusynyň hataryna girdi.
Türkmenistan–Gruziýa: nebit önümleriniň eksporty artýar
28.07.21 - 11:08Şu ýyl Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Gruziýa iberilen mukdary 2,5 essä golaý ýokarlandy.
HHR-niň kompaniýasy «Galkynyş» känindäki üç sany guýynyň gurluşygyny tamamlar
26.07.21 - 18:11“Türkmengaz” döwlet konserni «Galkynyş» käninde gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.