
Tejen şäherinde täze dermanhana açyldy
04.04.22 - 08:51Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy.

Türkmenistanda azyk senagatynda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy
25.02.22 - 18:19Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistan “Sputnik Laýt” sanjymyny bellige aldy
25.12.21 - 22:10Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi.

Hazaryň kenarynda ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan
15.11.21 - 14:3813-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.

Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy
11.11.21 - 23:2110-nji noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady
10.10.21 - 09:10Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktoryny kabul etdi
09.10.21 - 22:338-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.

Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi
09.10.21 - 13:288-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi
24.09.21 - 05:58Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady
27.08.21 - 13:50Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde bölünip berildi
13.08.21 - 19:16Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin şu ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi.