Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawyny hem-de şu wekilhananyň wezipe sanawyny tassyklady
17.09.21 - 04:13“Diplomatik gulluk hakyndaky” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny işgärler bilen berkitmegi we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
16.09.21 - 14:29Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonsona ejesi — hanym Şarlotta Jonson Walyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
Türkmenistan Owganystanda durmuş desgalaryny gurýar, yzygiderli ynsanperwer kömekleri iberýär - DIM
15.09.21 - 17:33Türkmenistan Owganystanda durmuş maksatly desgalary gurýar, yzygiderli ynsanperwer köneklerini iberýär diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
13.09.21 - 13:24Şu gün — 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly ulgam arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
2022-nji ýylda ýurdumyzda aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary köpeldiler
11.09.21 - 15:1210-njy sentýabyrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen gutlady
11.09.21 - 06:06Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistan-BMG: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
09.09.21 - 02:09Ýakyn wagtda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 76-njy mejlisi açylar, omuň gün tertibi halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna diýen ýaly degişli meseleleri gurşap alýar.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek we oba hojalyk işlerini geçirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy
07.09.21 - 12:556 sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
07.09.21 - 09:24Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
04.09.21 - 11:49Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde esasy binýadymyz bolup durýar
03.09.21 - 08:33Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar.
Türkmenistan Owganystana zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde berer
02.09.21 - 14:23Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
Wise-premýerler jogapkär edilip bellenildiler
27.08.21 - 09:00"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde...
Türkmenistanyň döwlet düzümleri Owganystan bilen döwlet serhetleriniň goragy boýunça «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen gatnaşyklary saklaýarlar
23.08.21 - 14:34Türkmenistanyň döwlet düzümleri Owganystan bilen döwlet serhetleriniň goragy boýunça «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen gatnaşyklary saklaýarlar.
14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi öz işine başlar
22.08.21 - 05:26Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi öz işine başlar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanylan möhüm resminama hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýän tekliper hödürlener.