Ajaýyp zamanamyzy wasp edýän doganlar Mekan, Meýlis JUMAÝEWLER

13:58 31.01.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/652/original-160167139a5eb4.jpeg

Halkymyzda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlip, aýdym-saz, sungat ussatlaryna uly hormat goýulýar. Biz hem ussatnews.com gazetimizde Mekan, Meýlis JUMAÝEWLER bilen söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Ilki bilen Mekan özi bilen tanyşdyryp, söhbetdeşlige başlady.

– Biziň üçin halka hyzmat etmek, mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini wasp etmek uly bagt. Biz – bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli arzuwlaryň hasyl bolýan bagtly döwründe ýaşaýarys, şeýle ajaýyp zamanaň waspyny ýetirmek bagty nesip edenine buýsanýarys. Ajaýyp döwrümiziň uly ösüşlere, ýeňişlere beslenýän her bir güni sungatyň jadyly dünýäsine imrinip, oňa örküni baglan islendik adamyň döredijiligine ylham joşgunyny berýär. Biziň aýdym aýdyp başlamagymyza sebäp bolan, gujur-gaýratyny, yhlasyny siňdiren halypalara hoşallygymyz çäksizdir. Nesip bolsa, geljekde hem türkmen estrada aýdym-saz sungatynyň ösmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.

– Aýdym-saz sungatyna gelşiňiz barada-da aýdaýsaňyz?

– Çagalykdan biziň maşgalamyzyň gulagy aýdym-sazdan ganan. Babam «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan Dürnazar Hudaýberenow. Onuň öz döwründe türkmen dutarynda çalan şirin sazlary halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr, häzir hem ol sazlar teleradioýaýlymlarda ýaňlanýar. Daýylarym Jumamyratdyr Döwletmyrat, Begmyratdyr Atabaý hem babamyň ýoluny ýöredip, aýdym-saz äleminde uly hormata eýe bolanlar. Kämahal kakam saz çalsa, ejem hem oňa goşulyp hiňlenýär. Maşgalada dört dogan bolup ulaldyk. Halypalaryň aýdymlaryny uly höwes bilen diňlemegi halaýarys. Çagalykdan aýdym-sazyň içinde ulalanymyz üçin bu sungatyň syrly dünýäsine imrinip gitdik. Kakam, ejem mugallym bolup işleýärler. Ilki Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolduk. 2005-nji ýylda ekizleriň arasynda geçirilen «Goşa göwre, bir göwün» atly bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolduk. Türkmen milli konserwatoriýasyny 2011-nji ýylda tamamlap, ymykly zähmet ýoluna başladyk.

– Meýlis, siz hem aýdymlaryň döreýşi hakda-da gürrüň beräýseňiz?

– Aýdýan aýdymlarymyzyň sazyny özümiz ýazýarys. Islendik aýdymy ýa-da sazy döretjek bolsak, birlikde pikir alşyp döredýäris. Aýdymda kähalatlar göze ilmeýän inçejik heň oýnatmalary ýygy-ýygydan gabat gelýär. Kähalatlarda aýdymlarymyz çak edişimizden hem şowly çykýar. Şol pursat ilkinji diňleýjimiz kakamdyr ejem aýdymy diňläp, dessine ýüregindäkini aýdýarlar. Hemişe-de şeýle şowly çykmagyny arzuwlaýarlar. Sungat adamy üçin aýdýan aýdymynyň şowly çykmagy we diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanmagy uly bagt. Talyp döwürlerimiz halypalarymyz Türkmenistanyň halk artistleri Ata Ilamanow, Aýdogdy Gurbanow aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwretdiler.

– Mekan, haýsy ugur bolsa bolsun, üstünlik gazanmak aňsat däl. Aýdym-saz sungatynda-ha bu has hem kyn. Sebäbi saňa bütin halk seredýär, baha berýär...

– Dogry aýdýarsyňyz. Üstünlik gazanmak aňsat däl, onuň üçin maksadyňa okgunlylyk we tutanýerlilik ilkinji zerurlykdyr. Ynam edilmegi hem üstünlige ýetmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyk çäresinde, toý-dabarasynda aýdym-sazlar bilen çykyş edýäris. «Eneleriň hüwdüsi», «Eziz diýar», «Bagtyýarlyk mekany» atly aýdymlarymyz hem halk köpçüligi tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär.

– 2020-nji ýyllarda siziň döredijiligiňiz ýurt derejesinde ykrar edilip, siz Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildiňiz…

– Hawa, Şa serpaýyna mynasyp bolmagy geljekde-de gowudan-gowy aýdym-sazlary döretmege ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärleri dogrusynda edýän atalyk aladasy halkyň aýdym-saz sungatynyň ösüşlere rowandygynyň kepili hökmünde göwünleri galkyndyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet, sungat işgärlerine uly ynam bildirilýär.

Türkmen halkynyň milli medeniýetine, sungatyna çäksiz sarpa goýup, onuň kämilleşmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Mähriban Arkadagymyzyň belent başy aman bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

– Mekan, Meýlis biz hem çeşme suwy ýaly dury, bahar howasy ýaly mylaýym sesiňize guwanyp, ajaýyp estrada aýdymlaryňyz bilen diňleýjileriň göwnüni awlap, aýdym-saz äleminde geljekde hem uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw edýäris! Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

– Sag boluň! Aýdanyňyz gelsin!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.