Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa

https://ussatnews.com/storage/posts/12962/original-16a2ea7d6c663e.jpeg

Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa bilen söhbetdeşlik taýýarlamaly diýlende, bu nurana aýdymçy gelin bilen birlikde giden märeke — onuň wepaly muşdaklary-da göz öňüme geldi. Iň täsin ýeri, ol märekäniň içinde ak sakgally gojalarymyz, kümüş saçly enelerimiz, orta ýaşly erkek kişilerdir zenanlar, şeýle-de ýaşlygyň goýnunda messan basyp ýören oglan-gyzlaram bardy. Elbetde, diňleýjileriniň sanynyň köplügi bilen haýran galdyran bagşy-sazandalaryň kändigini inkär edip bolmaz. Olaryň içine ähli müçäniň wekillerini jemläp bilmek ussatlykdan nyşan. Ine, Sahydursun Hojakowa-da şeýle zehinli sungat ussatlaryndan.

Hawa, zehinli aýdymçy zenanyň ýerine ýetirýän aýdymlary ynsan kalbyna mähir bolup siňýär. Biz okyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowany hormatly myhman hökmünde redaksiýamyza çagyrdyk.

— Sahydursun, siziň durmuş ýoluňyz, sungat ýolundaky üstünlikleriňiz baradaky täsirli söhbediňizi okyjylarymyza ýetirmek isledik.

— Baş üstüne! Ynsan hemişe ýagşy sözleri eşitse joşýar. Halkymyzda: «Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy» diýilýär. Aýdymlarymy diňleýjilerime ýetirsem, ruhy dünýäm giňeýär. Her bir aýdymyň özüniň şirinligi, ýakymy bolýar. Maňa halk aýdymlary has ýakyn, şonuň üçinem halypalardan miras galan aýdymlary täze röwüşde işläp, halkymyza ýetirmegi özümize mukaddes borç hasaplaýarys. Bu söhbetdeşlik arkaly gazetiňiziň okyjylaryna has-da ýakyn bolmak mümkinçiligimiň boljakdygyna örän begenýärin.

— Siziň doglan ýeriňiz Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby, gözüňe söweýin, Pendi ýaýlasy. Şeýle gözel ýerde doglup, bagşy-sazanda bolmazlyk mümkin hem däl diýen ýaly...

— Hawa, ynsana doglan ýeriniň hem täsiri uly bolýar. Özümi bilelim bäri aýdym aýdyp ýören ýaly men. Pendi ýaýlasynda doglanlaryň dutar çalyp bilmeýäni az-azdyr, dutarsyz öý bolsa, asla ýokduram. Bizem şeýle gurşawda ulaldyk. Galyberse-de, men öz obamyzdaky halypam, kompozitor Annamuhammet Annahanowyň ýanyna gatnap, aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwrendim. Ýadyma düşýär, men sungat bilen gyzyklanyp başlan wagtlarym 3-nji synpda okaýardym. Ilki öwrenen aýdymlarym hem şu günki ýaly ýadymda. Olar «Çagdyr bu çaglar», «Eneler» diýen aýdymlardy.

— Siziň «mawy ekrana» çykyp başlan wagtlaryňyz biziňem ýadymyzda. Siz şol wagtlar Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talybydyňyz. Siziň ýaşlykdan sungatyň inçe syrlaryny ele almagyňyz bu gün ussatlyga ýetirdi...

— Meniň siziň diýýän wagtlaryňyz sungat älemine gelenime kän wagt geçmedik bolsa-da, halk aýdymyň her bir aýdymçynyň öňünde goýýan şertlerinden mazaly habarym bardy. Halk aýdymy, adyndan hem belli bolşy ýaly, halkyň aýdymy. Sen halk aýdymyny aýtjak bolsaň, ýoýman, halypalaryň aýdyşy ýaly ýerine ýetirmegi başarmaly. Onuň üçin bolsa, kän zähmet çekmeli. Esasy zat, halkyň ynamyny gazanyp, diňleýjileriň göwün köşgünde düşlemegi başarmaly.

— Söhbedimiziň şu ýerinde aýdymlaryňyzyň sazyny, sözüni saýlaýşyňyz barada-da aýdyp beräýseňiz!

— Meniň aýdymlarymyň köpüsi, ylaýta-da, durmuş, söýgi hakyndaky aýdymlarym meşhur şahyrymyz Myrat Ömüriň sözlerine döredilen. Olardan «Küýseýän», «Obamyza gelen wagtyň» ýaly aýdymlary ýatlasym gelýär. Şeýle-de döwürdeş şahyrlarymyz Kakamyrat Rejebowyň, Gülşirin Hanowanyň, Çary Kulyýewiň sözlerine-de birnäçe aýdymlary döretdim. Watan hakyndaky aýdymlarym üçin, köplenç, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň şygyrlaryny saýladym. Kompozitorlardan Omar Igamow hem Begenç Saparlyýew bilen işleşýärin.

— Zenan maşgalanyň aýdymçy bolup ýetişmeginde, esasan, mähriban käbesiniň orny uly bolsa gerek?

— Hawa, dogry aýdýarsyňyz, ejem jan bilen kakam aýdym-saza bolan yhlasymy myradyna ýetirdi. Çagajyklarym aýdymlarymyň aşygy. Gyzjagazym Aýnabadyň, ogullarym Abdylsuwhanyň hem-de Abdylresulyň aýdym-saza bolan höwesi maňa ganat bekledýär.

— Sahydursun, «Bagt näme?» diýen soraga her kim birhili düşünýär. Siz bagtyýar döwrüň bagtly zenan aýdymçysy hökmünde bagty nämede görýärsiňiz?

— Söze-saza, sungata sarpaly döwürde ýaşamak uly bagtdyr. Men hakykatdan hem bagtyýar, bagtly zenan. Bu durmuş babatda, kesp-kärim babatda alanyňda hem şeýle. Men mähriban eje bolup, perzentlerime terbiýe berýärin, öz joşgunymy beýan edip, aýdym aýdýaryn. Bize uly-uly sahnalarda çykyş etmegiň miýesser etmegi-de bagtlylykdan nyşan. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary döwletlere sapara gidenlerinde biz — sungat işgärlerini-de alyp gidýär. Dost-doganlyk ýurtlar bilen ikitaraplaýyn medeniýet günleriniň guralmagy-da indi ajaýyp däbe öwrüldi. Türkmen sungatyny dünýä ýaýmak üçin yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

— Durmuş, hünär sazlaşygy, hünäriňe bolan hormat ynsany bagta atarýar. Siziň sungatyňyza halkymyz hem döwletimiz uly baha berýär...

— Hawa, ynsan üçin durmuşy bilen alan hünäri sazlaşsa bagty çüwdügidir. Maňa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly adyň dakylmagy sungatyma goýlan ýokary bahadyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolmak bagtynyň hem nesip edenine ykbalymdan müňde, bir razy. Ýerine ýetirýän «Eje, bas meni bagryňa», «Arkadag şäheri», «Serdarym», «Düýşleriňe siňeýin», «Ene ýüregi», «Ömrüme baky gelermiň», «Ýazlaryňa ýaraşyk» ýaly aýdymlarymyň diňleýjiler tarapyndan uly höwes bilen diňlenilmegi täze aýdymlary döretmäge ruhlandyrýar.

Men ilki Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebini, soňra Türkmen döwlet maliýe institutyny tamamladym. Iki käriň eýesi bolsam-da, hiç haçan sungatdan örkümi üzmedim.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýyl göýä diýersiň, badymyza bat goşan ýaly. Diňe döredesiň, ýurduň ösüşlerini, ata Watanymyzyň ajaýyp adyny dünýä ýaýasyň gelýär. Menem bagşy ýüregimden, ene kalbymdan bizi şeýle joşgunly hem bagtyýar günlerde ýaşamaga, aýdym aýtmaga, päk zähmet çekmäge giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Medeniýetimizi we sungatymyzy dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

— Sag boluň, aýdanyňyz gelsin! Goý, size-de şol rowaçlyklaryň waspyny ýetirmek nesip etsin!

Ýazgül ANNAÝEWA,

«ussatnews.com».

Başga ussatlar
1692d5c2cb70b5.jpeg
Yazgul Ezizova, editor-in-chief of the Architecture and Construction of Turkmenistan Magazine

The soft and bright Turkmen autumn is especially conducive to conversation about the extraordinarily penetrating and wise poet Gurbannazar Ezizov, who, during his short 35-year life, created astonishingly pure and touching poetry that will forever remain in the memory of our people.


16909f268d9146.jpeg
Lyalya Begnazarova, “May music and songs always resound in our peaceful land!!”

Whenever the People’s Artist of Turkmenistan Lyale Begnazarova is mentioned, people inevitably say, “Oh, is that the same singer who sings the song ‘Selbiniyaz’?”


16755a0bfd2a8a.jpeg
Doctor of Technology Irina Luryeva

The dynamically developing oil and gas industry of Turkmenistan, especially the development of the world’s largest gas field Galkynysh, requires the constant deployment of innovative solutions. Employees of this sector successfully solve the tasks set before them by the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedov and the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov.

1674767faa6003.jpeg
Hero of Turkmenistan Saragt Babayev

On the eve of the 33rd anniversary of the country’s independence, during a meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan, the People’s Artist of the country, two-time laureate of Magtymguly State Prize, Honorary Elder of the people, teacher-mentor Saragt Babayev was conferred the title of Hero of Turkmenistan according to the Decree of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov. We invited Saragt Babayev for an interview.


16a2ea7d6c663e.jpeg
Народная артистка Туркменистана Сахыдурсун Ходжакова

Когда нам предложили подготовить интервью с народной артисткой Туркменистана Сахыдурсун Ходжаковой, перед глазами возникла не только сама светлая и талантливая певица, но и её преданные поклонники.