Ýer almanyň peýdasy

12:08 05.07.2021 101

https://ussatnews.com/storage/posts/1482/original-160e2afe12c081.jpeg

Berhiz lukmany Dueýn Mellor ýer almanyň saglyk üçin peýdasy hakynda gürrüň berdi. Bu önüm, hususan-da, C witaminine baýdyr. 150 gram ýer almada bu witaminiň gündelik zerur mukdarynyň 15%-ini öz içine alýar.

Ýer alma immunitetiň işleýşine oňyn täsir edýär we bogunlar üçin zerur bolan birleşdiriji dokumanyň döremegine kömek edýär. Mundan başga-da, ol bedende fermentleriň işlemegi üçin peýdaly bolan B6 witaminine baýdyr.

Şeýle hem lukman ýer almanyň nerw ulgamynyň durnukly bolmagyna hem goşant goşýandygyny belläp geçdi. Lukman bu önümiň ýokumy barada hem aýdyp geçdi. Ol ýer almanyň ýokumynyň bananyňkydan has azdygyny aýtdy we artykmaç agram almazlyk üçin ony gaýnatmagy ýa-da buglamagy maslahat berdi.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Другие статьи
160af4f237f764.jpeg
ПИФАГОР - О НАС Судьба наша заложена в дате рождения

Пифагор долго жил в племени дагонов... Знания, вынесенные им оттуда, и до сих пор удивляют нас. В таблицах Пифагора о людях сказано все, что они собой представляют. И так, каковы же мы по, системе Пифагора?


160676edfe72f4.jpeg
Görüş ýitiligine peýdaly maslahat

Oňaýly iş ýeri, ýeterlikli ýagty we ýagtylyk şöhlesi göni göze düşmeli däl, ýagtylyk bütin otaga deň ýaýran bolmaly.


16061ef45026ea.jpeg
Iň peýdaly miwe erikdigi tassyklanyldy

Lukmanlar birnäçe ylmy barlaglardan soň, iň peýdaly miwäniň erikdigini tassykladylar.


1606d6f43da453.jpeg
Smartfonlardaky oýunlar kiçijik çagalara we mekdep okuwçylaryna peýdaly bolup biler

Ýaş ene-atalar çagalara irki çagalyk döwründen planşetlerde we smartfonlarda oýun oýnamaga mümkinçilik berýärler, bu ýagdaý bu işde peýdany görmeýän uly nesillerde düşünmezligi emele getirýär. Ýöne bu mesele boýunça alada etmek hakykatda esassyz diýip, kliniki psiholog Artur Garaganow hasaplaýar.


16071c078c23e6.jpeg
Türkmen halky keçäni mukaddes öý goşy hasaplaýar

«El hünäri il gezer» diýlen nakyly döredip, türkmen halky milli senetkärleriň hyzmatyna ýokary baha beripdir. Adam eliniň döreden gözelligi özboluşly milli senetkärleriň sungatynda asyrlardan-asyrlara geçip, dowam edip gelýär. Şeýle senetleriň birem türkmen öýleriniň hemişelik düşegi bolan keçe.