Статьи

Magtymguly, budur türkmen binasy

https://ussatnews.com/storage/posts/339/original-169adc0881b582.jpeg

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi – Magtymguly atamyzyň durmuş ýüzünde hakykata öwrülmegini arzuw edip, hyýalynda guran «Türkmen binasynyň», «Berkarar döwletiniň», «Ajap eýýamynyň» mizemejek berk binýady bolup, milletimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň mäkämdiginiň, ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatlygynyň, rahatlygynyň sarsmazdygynyň amalyýetiniň beýik simwolydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda : «Biziň halkymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky pikirlerine uýup, millet hökmünde özüniň bir bitewiligini saklap galmagy başarypdyr. Onuň çuň pelsepesine, şygryýet ummanyndaky ägirtligine uly hormat goýupdyr. Şeýle tämiz we dury akabadan gözbaş alyp, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýol-ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk derejämiz Türkmenistan döwletimizde amala aşyrýan işlerimizde, alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzda bu gün özüniň oňat netijesini berýär.» – diýip belleýşi ýaly, häzir biziň türkmen halkymyz örän gurply, ykdysady taýdan biçak ösen bagtyýar döwletde ýaşaýar. Munuň aňyrsynda beýik Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna laýyklykda jemgyýetimiziň ykdysady esasyna ornaşdyrylan, ozal bolmadyk, örän kämil derejede işlenilip gurnalan bazar ykdysadyýeti ýatýar. Diýmek, şundan ugur alynsa dogry gurnalan bazar gatnaşyklary mehanizmi jemgyýetiň ykdysady howpsuzlygynyň we gurgunlygynyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Muňa öz ýaşan döwründe beýik Magtymguly atamyz hem belli bir derejede göz ýetiripdir. Çünki, magtymgulyşynas alymlarymyzyň pikirine görä, akyldar şahyrymyz «Türkmen binasy» atly şygrynyň:

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkan mydam, budur türkmen binasy.

Terki-diinýä eýleýir ol, gelse rakyp gaşyna,

Bil, polatdan bina bolan, budur türkmen galasy – diýen setirlerinde ata Watany bolan türkmen milletiniň döwlet berkararlygynyň we milli özgytyýarlylygynyň simwolyny yşaratlandyrýan «Türkmen binasynyň» gurulmagyny arzuw eden bolsa, onuň «Ötgül, Pyragy» atly goşgusynyň:

...Wazzuha eýleýip, gurar sen bazar,

Iliňe bagş eýläp ötgül, Pyragy – diýen setirlerini okan mahalyň, şahyryň ahyr ýaşynda il-gününiň wazzuha – aýdyň geljegi üçin ýagty ýol açjak we «Türkmen binasynyň» mizemejek berk binýadyna öwrüljek bazar gatnaşyklarynyň rowaçlananyny görüp, amanadyny tabşyrmagy ýüregine düwendigi okyjy üçin mese-mälim aýan bolýar. Magtymguly atamyzyň ala-böle «Türkmen binasy» we «Ötgül, Pyragy» atly diňe şu iki şygrynda özüniň ýürek arzuwynyň wysalyny hyýaly-şahyrana pikir-garaýyşlaryna ýugrup, edebi döredijiligiň romantik uslybynda (stilinde) ussatlyk bilen çeper beýan etmekligi hem hut şu nukdaýnazardandyr. Diýmek, Magtymguly atamyz döwlet berkararlygynyň mizemejek berk binýadyny hoşniýetli bazar gatnaşyklarynda görüpdir. Bu bolsa, ýagny beýik akyldaryň «bazar» pelsepe-garaýyşlary biziň Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esas özenini düzýär. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr.» – diýip örän jaýdar bellemeginiň özünde, diýseň uly many bar. Çünki, biziň türkmen halkymyz milli Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöretmekligiň zerurýetini Magtymguly atamyzyň «bazar» pelsepesi bilen çuňňur esaslandyrdy we bu derwaýyslygyň şu aşaky iki sany örän möhüm ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny açyk görkezdi.

1. Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşişi, ony Ýewropa bilen Aziýanyň möhüm söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çatrygyna, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwürýär. Mälim bolşy ýaly, geçmişde ençeme asyrlaryň dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň, Günbatar bilen Gündogaryň söwda gatnaşyklary Türkmenistanyň üsti bilen gadymy «Beýik Ýüpek ýoly» arkaly amala aşyrylypdyr. Täze taryhy şertlerde gadymy «Ýüpek ýoluny» dikeltmeklik zerurlygy döredi.

2. Türkmenistanda dünýäniň «mawy ýangyç» gorlarynyň 30 göterimi we beýleki tebigy baýlyklaryň ummasyz uly gorlary bar. Türkmenistanyň iňňän baý gaz, nebit we beýle-ki mineral çig mal serişdelerini özleşdirmäge isleg bildirýän döwletler, daşary ýurt firmalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk hem-de ösdürmeklik üçin ýurduň oňyn bitaraplyk ýörelgesine eýerýän «Açyk gapylar» syýasatyny ýöretmegi derwaýys zerurlyk bolup durýar. Ine, şu iki sany örän möhüm ýagdaý 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda

döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen doly amal boldy we häzirki wagtda biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäniň 164-den gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady aragatnaşygyny ýola goýdy. Munuň özi bolsa Magtymguly atamyzyň «Pynhan eýlär» atly şygrynda:

...Bir ýurduň bazary gyzsa,

Her bir adam dükan eýlär – diýip, örän rast belländiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, biziň ýurdumyzyň Magtymguly atamyzyň parasatly pähim-paýhasyna ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň baş ýörelgesi dünýä medeniýetiniň gumanitar meselelerini öz içine alýanlygy üçin özboluşlydyr. Ýagny, demokratiýa, hususy eýeçilik, bazar ykdysadyýeti, adam hukuklary we azatlyklary ýaly meseleler beýik akyldaryň akyl-paýhas akabasyndan gözbaş alýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň düzüm bölekleri bolup durýar. Sebäbi, Magtymguly atamyzyň öz ýaşan zamanasynyň sarp ediş bazarlaryndaky we beýleki bazarlaryndaky ýagdaýy, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, bazar hadysalaryny, wakalaryny özüniň «Şal tapsa» atly şygrynyň:

...Hak, nähakdan mal gazanyp niçeler,

Sarp ederge jaýyn tapmaz mal tapsa – diýen, «Baka-baka gider sen» goşgusynyň:

Mal üçin ynjadyp gardaş-doganyň,

Az bildiň tylladan satyp, sowanyň... – diýen, «Otur – turuşyn görüň» atly şygrynyň:

Zalymlar unudar zikri – Allany,

Arzan alyp, gymmat satar gallany,

Süýthor naýynsaplar halal tyllany,

Haram peýdasyna berişin görüň! – diýen setirleriniň esasynda örän içgin suratlandyrmagy hem-de bazar şertlerinde birsydyrgyn durnukly ösüşiň iň wajyp esasy bolan hoşniýetli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýermelidigini wagyz edip, «Myhmanydyr» atly goşgusynyň:

Bu bazara gelen kişi yhlasyn ary eýlesin,

Kabyl bolan yhlasly gul merdanlaryň merdanydyr – diýen, «Gul bolgul» atly şygrynyň:

...Her bazarda rowaç bolmak isleseň,

Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul – diýen,

«Baş bolmaň» atly goşgusynyň:

Deňňene eýleme, salyşma kylmaň,

Arassa söwda et, çalyşma kylmaň,

Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,

Menden zynhar iliň bile kaş bolmaň – diýen setirlerini dile getirmegi muňa doly güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda: «... Eselen çagyň Magtymgulyny oka» – diýip, türkmen halkynyň eselen – beýgelen çagynda, asyrlar boýy arzuw edip, sekiz asyrdan soň berkarar eden bitewi türkmen döwletinde – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň häzirki Bagtyýarlyk zamanasynda – bütin dünýäde bazar ykdysady gatnaşyklarynyň hökmürowan görnüşe eýe bolup, rowaçlanan eýýamynda beýik Pyragynyň parasatly paýhaslaryny, öwüt-ündewlerini okap öwrenmelidigini wesýet etmekligi hem hut şu mynasybetlidir. Ýeri gelende aýtsaň, türkmen halky döwlet Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna eýe bolup, bazar ykdysady gatnaşyklaryna geçip başlanynda, Magtymguly atamyzyň wesýet edişi deýin, halkyň ýaşaýyş durmuşyna zelel ýetirmeýän hem-de hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly bir milli ýoly – kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçmek usulyny saýlap aldy. Biziň ýurdumyzda bazar düzgünine ýuwaş-ýuwaşdan, döwürleýin geçmekligiň üçünji tapgyrynyň üstünlikli dowam edýändigini şu aşakdaky yzygiderlikde anyk-aýdyň görmeklik bolýar.

1) Berkarar bolmak döwri

2) Beýik Galkynyş eýýamy

3) Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri

Şu ýerde bazar ykdysadyýetine geçiş döwrüniň birinji döwrüniň «Durnukly ösüşe geçiş döwri» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däldir. Çünki, bu barada mertebesi belent hormatly Prezidentimiz 2008-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, metbugatyň, telewideniýäniň we radionyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda; «Biz häzir döwletimiziň Berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa, ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» – diýip, örän jaýdar belläp geçýär.

Häzirki wagtda ata Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda dowam edip duran, bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmekligiň üçünji bir döwri – Magtymguly atamyzyň «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwynyň wysaly bolan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk taglymyna ýugrulan taýsyz tagallasynyň, öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň esasynda ýurdumyzda berk binýatly bazar gatnaşyklarynyň has-da rowaçlanmagy bilen esaslandyryldy.

Toýly Jänädow,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

Другие статьи
1699c18b017e55.jpeg
ТАПИ — энергетический мост сотрудничества и развития в регионе

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства одним из ключевых проектов XXI века выступает газопровод Туркменистан–Афганистан–Пакистан–Индия (ТАПИ). Этот масштабный энергетический маршрут является не только стратегическим каналом поставок природного газа, но и символом укрепления международного партнёрства, доверия и добрососедства.


1698842e2d9459.jpeg
Инвестиционная политика — прочная основа устойчивого развития Туркменистана

Последовательная и дальновидная инвестиционная политика Туркменистана является ключевым фактором устойчивого социально-экономического развития и повышения благосостояния народа. Реализуемая под руководством Президента Сердара Бердымухамедова государственная стратегия направлена на обеспечение стабильного экономического роста, модернизацию отраслей национальной экономики и системное улучшение качества жизни населения.


16978adf15fea7.jpeg
Туркменистан — наша гордость, наше счастье

Любовь к Родине — это глубокое чувство гордости и верности своему Отечеству, народу, культуре и истории. Это не просто возвышенное чувство, но и священный долг — быть готовым служить Родине, защищать землю, на которой пролита кровь предков, самоотверженно трудиться во имя процветания страны и благополучия народа.

169775e66ee8e5.jpeg
Цифровизация медиа Туркменистана — важный фактор развития национальных СМИ

В современном мире цифровые средства массовой информации становятся важнейшим элементом общественного развития. В Туркменистане этому направлению придаётся особое государственное значение, поскольку цифровые медиа играют ключевую роль в укреплении национального единства, распространении идей мира, согласия и гуманизма, а также в формировании позитивного международного имиджа страны.


1696bb3018965b.jpeg
Независимый нейтральный Туркменистан - страна счастья и процветиния

Добро всегда начинается с человека — с его мыслей, поступков и веры в светлое будущее. Там, где люди стремятся к созиданию, где ценят мир, труд и взаимное уважение, зло утрачивает свою силу. Именно в такой атмосфере рождается гармония, а жизнь наполняется глубоким смыслом. Туркменистан по праву можно назвать страной, где добро стало основой развития, а благополучие народа — главным приоритетом государственной политики.