KOKOS AGAJYNYŇ PEÝDASY

Alymlaryň bellemegine görä, kokos agajy biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýädäki iň gadymy ösümlikleriň biri. Agajyň uzynlygy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 4 metre çenli ýetýär.
Kokos hozy-bu hoz däl has dogrusy, kokos agajynyň gury şänikleri. Olaryň içinde şire we süýt saklanýar. Bişmedik (5 aýdan hem az) hozuň düzüminde ýarym litr turşumtyk-süýji suwuklyk bolýar-oňa kokos süýdi diýilýär . Haçanda bişensoň, bu suwuklyk galyňlaşýar we ak ete öwrülýär. Kokosyň etine kopra diýilýär. Kokos hozynyň diametri 30 sm,agramy 2-4 kg barabar.
Kokos agajynyň watany Günorta-Gündogar Aziýanyň kenarýaka we tropiki bölegi hasaplanýar. Medeni görnüşinde kokos Hindistanda, Polineziýada, Gawaýada, Günorta Floridada ösýär. Kokos-deňiz kenarynda ösýän ösümlik.
Kokosda B1, B2, B5, C witaminleri, beloklar, uglewodlar, ýaglar, mikroelementler (kalsiý, kaliý, fosfor) we kleçatka saklanýar. Tropiki ýerlerde kokos agajyny “ Müň ulanylyş agajy” diýip atlandyrýarlar.
Kokos hozy örän tagamly we peýdaly. Iýmit taýýarlanylanda hoz bütinleý ulanylýar: kokos suwuny janlandyrmakda we kuwwata getirmekde, onuň içki etini süýji taýýarlamakda, işdäaçarlar, çorbalar, içlekli we beýleki naharlar taýýarlanylanda ulanylýar.Kokos ýagy kalsini özleşdirýär, şonuň üçin hem ony dişleri we süňkleri berkleşdirmekde ulanmagy maslahat beýärler.
Ogulmaýsa Garaýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Пение укрепляет здоровье
Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.

Выявлен фрукт продлевающий жизнь
Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.

Как подготовить первоклашек к школе
На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.

К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания
Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).

Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья
Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.