Futbol: çaga terbiýesi we saglygy

Hereketli oýunlar, bedenterbiýe maşklary we sport oýunlary çaganyň terbiýesinde, saglygyny goramakda we bedeniniň kadaly ösüşinde uly ähmiýete eýedir. Hereketli oýunlaryň arasynda sportuň futbol görnüşi çaganyň beden taýdan sagdyn, ruhubelent, düzgün-tertipli bolup ýetişmeginde örän peýdalydyr. Hünärmenler futbol oýnunyň saglygy goramakdan, bedeni taplamakdan başga-da, çagalarda özara gatnaşygyň ösmegine, ruhy taýdan kämilleşmegine uly peýdasynyň bardygyny aýratyn belleýärler.
Maglumatlardan belli bolşy ýaly, häzirki wagtda bütin dünýäde ýetginjekleriň 80 % gowragy ýygy-ýygydan futbol oýnaýar, olardan aglabasy bolsa sportuň bu görnüşi bilen çynlakaý meşgullanýar. Bu bolsa futbolyň uly meşhurlyga eýedigini ýene-de bir gezek aýan edýär. Hünärmenler futbol oýnaýanlaryň beýleki sport oýunlary bilen deňeşdirilende has köp kaloriýa ýakýandygyny kesgitlediler. Şonuň üçin ol ýag massasyndan dynmakda we myşsa massasyny ösdürmekde has täsirlidir.
Futbol çagalarda ünsliligi we çydamlylygy ösdürýär. Oýun ep-esli wagt dowam edýär we onuň dowamynda oýunçy ünsüni jemlemeli, meýdançada bolup geçýän wakalara gözegçilik etmeli, toparynyň oýunçylarynyň we garşydaş türgenleriň hereketlerini seljermeli bolýar. Bu bolsa öz gezeginde çagadan uzak wagtyň dowamynda fiziki we aň işjeňligini ulanmagyny talap edýär, netijede şu ugurda görnetin ösüşleriň bolmagyna sebäp bolýar.
Futbol köp hereketli bolup, çalt karar bermegi talap edýär. Bu çagada ünsi güýçlendirýär, meýdançadaky ýagdaýa mydama baha berip durmak bolsa akyl başarnyklaryny ösdürýär. Şeýle-de, lukmanlar uly höwes we isleg bilen futbol oýnaýan çaganyň bedeninde bagt garmonlarynyň, ýagny endorfinleriň önümçiliginiň ýokarlanýandygyny belleýär.
Futbol boýunça türgenleşikler adatça, açyk meýdanda geçirilýär. Munuň özi çaganyň arassa howadan dem alyp, Günüň nurly çogyndan taplanmagyny üpjün edýär. Gysgaça bellänimizde, futbol çaganyň terbiýesinde, saglygyny goramakda, durmuşa, ýaşaýşa uýgunlaşmagynda netijeli we ähmiýetli serişdeleriň biridir.
Taýýarlan Nurjahan WELSÄHEDOWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

Пение укрепляет здоровье
Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.

Выявлен фрукт продлевающий жизнь
Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.

Как подготовить первоклашек к школе
На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.

К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания
Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).

Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья
Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.