Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?! Bu gün halk arasynda adygyp, ussatlyga ýeten bagşy zenan «Siz Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdar», «Jan Türkmenistan», «Aşgabat», «Jan ejemden aýyrma», «Seni küýsedim» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň uly söýgüsini gazandy.
Geliň, bagşy zenanyň sungat ýoly hakynda aýdyp berjek gürrüňleri bilen bilelikde tanyş bolalyň. Biziň söhbetdeşimiz Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Altyn menzil» folklor, aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa.
— Läle, okyjylarymyz sizi milli sungatymyzy dabaralandyrýan meşhur zenan bagşy hökmünde tanaýar. Sözümiziň başyny aýdym-saz sungatynyň jadyly dünýäsine gelşiňiz hakynda başlaýalyň!
— Ynsanyň kim bolup ýetişjekdigi onuň doglup, önüp-ösen topragyna, gözüni açyp gören ýerlerine-de bagly bolýarmyka diýýärin. Men Kaka etrabynyň Gozgan obasynda doglup, şol ýerdäki 6-njy orta mekdebi tamamladym. Meniň bagşy bolmagyma, megerem, çagalykdan giň ýaýlada owlak-guzy bakyp, seleň sähralaryň mymyjak şemalyna ýüzümi tutup, ýagyşlara ezilip, tebigatyň iň gözel görnüşlerinden gözüm ganyp ulalanym sebäp bolandyr. Adam tebigata näçe ýakyn boldugyça, şonça ylhamlanýar. Ylhamam, näme, sungata gelmegiň esasy başlangyjy-da.
— Siz bu gün milli bagşyçylyk sungatymyzda öz ýoluny tapan halk artisti hökmünde tanalýarsyňyz. Elbetde, bu aralykda üznüksiz zähmet hem yhlas durandyr welin, ýöne ilkinji gadamlaryň şowly bolmagy köp zada öz täsirini ýetirýär.
— Dogry aýdýarsyňyz. Men ýöne şu ýerde işleriň şowly, özüňe ynamyň bolmagy üçin maşgalanyň ornunyň hem ýokarydygyny aýdasym gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Maşgalada ata — ata ýerinde, ene — ene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökmany öz ornuny tapýar» diýen sözi her bir ata-ene üçin mizemez ýörelge edilmeli altyn jümledir. Men mugallymlar maşgalasynda doguldym. On bir çagaly maşgalada oglan hem gyz perzentleriň etmeli işleri aýry-aýrydy. On bir çaga — ýedi oglan, dört gyz bolup ulaldyk. Çagalykdan doganlaryň agzybir bolup, bir-biregi gowy görmelidigi gulagymyza guýuldy. Doganlar bolup, ekinem ekdik, hasylam ýygnadyk, keşde-de çekdik, gaýma-da gaýadyk, keçe-de basdyk. Bularyň daşyndan mekdepde-de sapaklaryňa ýetişmelidi. Sebäbi öýde her gün kimiň haýsy sapakdan näçelik baha alandygy soralardy. Okuwymyzyň daşyndan dilem öwrendik. Doganym Döwletgeldi saz çalansoň, öýümizde milli saz gurallary bardy. Şeýdip, menem saz çalmagy irgözinden öwrendim. Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Nabat Nurmuhammedowanyň aýdymlaryny kiçilikden ürç edip diňledim.
— Halypalaryňyz gaýybana bolupdyr-da onda?
— Gaýybana halypalarym hem boldy. Talyp döwürlerim bir konsertde Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Akmyrat Çaryýew bilen bile çykyş etdik. Şondan soňra Akmyrat Çaryýewi halypa tutunyp, kän maslahatlaryna eýerdim. Halypanyň yhlasy şägirdi üstünlige ýetirýän eken. Daşary ýurtlarda çykyş edip, milli sungatymyzy dünýä ýaýmak nesip etdi. Ajaýyp Watanymyzda bellenýän toýdur baýramlarda «Altyn menzil» folklor, aýdym-saz toparymyz bilen çykyş edýäris. Şägirtlerim Aýna Mämmedowa, Myratgeldi Durdyýew, Dilber Gurbanowa dagy bilen täze aýdymlary döredýäris.
— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz estradamy ýa-da halk aýdymy?
— Aýdym aýtmaga 5-nji synpda okaýarkam başladym. Ilkinji ýerine ýetiren aýdymym estrada aýdymy boldy. Belli kompozitorlaryň çagalar üçin döreden «Ak pagtam», «Körpäm» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdim.
— Siziň teatr sungatyndan hem tejribäňiziň bardygyny bilýäris. «Şasenem — Garyp» diýilse, Şasenem bolup, siz göz öňümize gelýärsiňiz...
— Eger şeýle täsir galdyran bolsam, özümi juda bagtly saýýaryn. Teatr sungaty örän gyzykly dünýä. Meni «Serdara serpaý» aýdym-saz toparynda işleýän wagtym Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatra işe çagyrdylar. Men ol ýerde teatr sungatynyň ussatlary Kadyr Atabaýew, Ata Alowow, Ahmet Pürsiýanow dagy bilen işleşip, birnäçe keşpleri döretdim. «Hüýrlukga — Hemrada» Bilbilgöýä, «Harmandälide» baş keniz, «Şasenem — Garypda» Şasenem, «Hazyna tapan çopanda» perizadyň keşbini döretmegim meniň soň-soňlar sahnada aýdym aýdýan mahalym aýdyma has çuň aralaşmagyma kömek etdi.
— Läle, durmuşyňyzda ýatdan çykmajak bagtly pursatlaryňyz bolandyr, söhbedimizi şolar dogrusynda dowam edäýeli!
— Hawa, bagtly pursatlar, şatlykly pursatlar sanardan kän. Ilki bilen, 2009-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Şark taronalary» atly festiwalda baş baýrak alan pursadymy ýatlasym gelýär. Öz ýurduň adyndan çykyş edip, milli sungaty dabaralandyryp, ýokary netijä eýe bolmak duýgusy sende öz milletiň öňündäki borjuňy azajyk hem bolsa ödändigiňe bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Türmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji bolmagym, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti ýaly hormatly atlara eýe bolmagym meniň sungat äleminde gazanan iň uly üstünliklerim diýip biljek. Adama, onda-da zenan maşgala öz perzentleriniň bagtyna şaýat bolmagy-da hiç bir zada çalşyp bolmajak lezzet eçilýär. Gyzym Selbinyýazyň bagtly durmuşda ýaşap, ak posalak perzentleri ýüzüne sylmagy meniň bagtyýar mama bolmagyma sebäp boldy. Oglum Begnazar hem öz saýlan ugrundan ýokary bilim alyp ýör.
— Siziň doganlyk ýurtlaryň dillerinde ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň hem muşdagy ýetik. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şeýle aýdymlary döredip, diňleýjileriňize ýetirensiňiz?
— Adyndan hem belli bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň, ynamdar gatnaşyklara ýol açmagyň ýyly bolup durýar. Men hem dost-doganlyk halklaryň dilinde, ýagny azerbaýjan, özbek, hindi, täjik dillerinde aýdymlary diňleýjilerime ýetirdim. Goý, bu aýdymlar halklaryň dostlugynyň nyşany bolup, kalplara ornasyn.
— Sag boluň, Läle! Bizem size ýagşylyk eýesi, döwletli işe meşgul ynsan hökmünde uly-uly durmuş hem sungat üstünliklerini arzuw edýäris. Owazyňyz hem, ruhuňyz hem elmydama belent bolsun!
— Sag boluň! Biziň ajaýyp zamanamyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy diýen şöhratly ada eýe bolan döwrümiz bar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek uly bagtdyr. Goý, bize bu uly bagtyň eşretini görüp ýaşamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, tutýan tutumlary rowaç bolsun! Asmany asuda, zemini parahat ýurdumyzda aýdym-sazyň owazy belentden-belent ýaňlansyn!
— Köp sag boluň! Aýdanyňyz gelsin!
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.
Doctor of Technology Irina Luryeva
The dynamically developing oil and gas industry of Turkmenistan, especially the development of the world’s largest gas field Galkynysh, requires the constant deployment of innovative solutions. Employees of this sector successfully solve the tasks set before them by the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedov and the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov.
Hero of Turkmenistan Saragt Babayev
On the eve of the 33rd anniversary of the country’s independence, during a meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan, the People’s Artist of the country, two-time laureate of Magtymguly State Prize, Honorary Elder of the people, teacher-mentor Saragt Babayev was conferred the title of Hero of Turkmenistan according to the Decree of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov. We invited Saragt Babayev for an interview.
Народная артистка Туркменистана Ляле Бегназарова
При упоминании имени народной артистки Туркменистана Ляле Бегназаровой непременно говорят: «А, это та самая певица, которая исполняет песню «Селбиныяз»?
Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milow
Häzir energetika meseleleri howanyň üýtgemegi bilen üznüksiz bagly bolup durýar. Ol durnukly energetika geçilmegini, arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini talap edýär.