USSAT GEOLOGY ÝATLAP
Haýsy ugurdan bolsa-da, ussatlar unudylmaýar. Şeýle halypalar nebitgaz pudagynda-da sanardan kän. Bu ugurdan ençeme şägirtleri ýetişdiren Ýagşymyrat Hojagulyýew hem halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitiren halypalaryň biri. Halypany hatyralap, ol baradaky ýatlamalary ýetirmegi makul bildik.
Ýagşymyrat Hojagulyýew 1960-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tehniki fakultetini tamamlap, geolog hünärini ele aldy. 1961 — 1963-nji ýyllarda bu ýokary okuw mekdebiniň umumy geologiýa kafedrasynyň assistenti, soňra Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky nebit-himiýa we gaz senagaty institutynyň aspiranty hem-de toplumlaýyn gaz-nebit ekspedisiýasynyň kiçi ylmy işgäri, 1963-nji ýylyň aýagynda öňki Türkmen politehniki institutynyň geologiýa we nebit, gaz känlerini agtaryş kafedrasynyň uly mugallymy, 1966 — 1973-nji ýyllarda bolsa gidrogeologiýa we nebit geologiýasy kafedrasynyň müdiri wezipesinde işledi.
Biz, ilki bilen, halypa geologyň ogly Agamyrat Hojagulyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:
— Kakamyň köp wagty iş saparlarynda geçerdi. Onuň kärdeşleri bilen iş pursatlaryndaky düşen suratlary şahsy arhiwinde bar. Suratlaryny synlan mahalym bir pursat ýadyma düşýär. Sekizinji synpy tamamlamda, bir gün kakam meni ýanyna çagyrdy-da: «Okuwyňy gutaraňsoň, haýsy hünärden okamak isleýärsiň?» diýip sorady. «Lukman bolmak arzuwym bar» diýdim. Kakam kän gürlänokdy. «Onda sen ertir iş ýerime bar. Ilki şol ýerdäki gurnaga gatnap gör» diýdi. Ertesi iş ýerine bardym. 70-nji, 80-nji ýyllarda Türkmen ylmy-barlag geologiýa gözleg institutynyň (TYBGGI) direktory wagty şol ýerde kakam ýaşlarda geolog hünärine höwes döretmek üçin «Ýaş geologlar» gurnagyny açypdy. Oňa 6 — 10-njy synp aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaýardy. Şolara goşulyp, menem gurnaga gatnap başladym. Çagalary birnäçe daşary ýurtlara gezelenje äkitdiler. Diýseň gyzykly, özüne çekiji bolansoň, täsir etdi. Şeýlelik bilen, pikirim üýtgedi. Soň şol ugurdan ýokary bilim alyp, men gidrogeolog, agam Batyr geofizik hünäriniň eýesi bolduk. Şonuň üçin kakama örän minnetdar.
Kakam işine berlen adamdy. Özem juda gönümel häsiýetlidi. Işiň bähbidine öz pikirini erkin aýdardy. Bu barada kärdeşleri: «Ýygnaklarda ýokardan nebitiň-gazyň uly möçberini almak barada aýdylanda, Ýagşymyrat halypa: «Nebit, gazy köp almak üçin ýokary hünärli hünärmenler gerek diýerdi» diýip ýatlaýarlar. TYBGGI-de ýolbaşçy mahaly şol ýerde öňki soýuzda ýok laboratoriýa açyldy. Pribaltikadan getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Kakamyň zähmet ýoly baradaky maglumatlary şahsy arhiwimizde gymmatly miras hökmünde saklaýarys. Kakam 1936-njy ýylyň 23-nji aprelinde doglan, 1987-nji ýylyň 27-nji awgustynda-da bakyýete göç etdi. Onuň esasy bir pikiri bardy. «Biziň ýurdumyz gazyň ýurdy» diýerdi. Kakam 1973-nji ýylda «Garagum basseýninde gaz we nebit toplanmalarynyň paleogidrogeologik we gidrogeologik emele gelme hem-de ýerleşme şertleri» diýen tema boýunça ylymlaryň doktory alymlyk derejesini gorady — diýip ýatlady.
Soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gidrogeologiýa we inžener geologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Orazdurdyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:
— Özüniň uzak bolmadyk ömründe örän önjeýli zähmet çekip, Türkmenistanyň geologiýa-gözleg we nebitgaz pudagynyň ileri tutulýan meseleleriniň çözgüdine uly goşant goşan görnükli alym, ylmyň we önümçiligiň başarjaň guramaçysy, professor Ýagşymyrat Hojagulyýew biziň unudylmajak halypamyz.
1968-nji ýylda şol mahalky Türkmen politehniki institutyna okuwa girenimde, Ýagşymyrat Hojagulyýew gidrogeologiýa we nebit geologiýasy kafedrasynyň müdiridi. Ol biziň topar ýolbaşçymyz boldy. Onuň geçýän sapaklary özüne çekijidi, ýönekeý, sada dilde düşündirýärdi. 3-nji ýyldan soň, tejribelige gidenimizde, önümçilik edaralary (gidrogeologik, geologik ekspedisiýalar) bilen habarlaşyp, bize okaýan ugrumyz boýunça aýlykly tejribelik geçmäge mümkinçilik döredýärdi. Okuwy tamamlap, institutda mugallym bolup galmagymda-da uly itergi beren Ý.Hojagulyýew boldy — diýip, minnetdarlyk bilen ýatlady.
Ý.Hojagulyýewiň 1966-njy ýylda «Garagumuň we Amyderýanyň nebit-gaz ýataklary», 1976-njy ýylda «Nebit-gaz ýataklarynyň formirlenmeginiň we ýerleşmeginiň gidrogeologik kanunalaýyklygy», «Gazyň we nebitiň toplanmalarynyň gidrogeologik kanunalaýyklary we ýerleşişi», «Nebitiň we gazyň gözleglerinde paleogidrogeologik barlaglar» atly we başga-da nebitgaz gidrogeologiýasynyň we gidrogeologiýanyň nazary we amaly soraglaryna degişli 10 monografiýasy hem-de 150-den gowrak ylmy işleri neşir edildi. Halypanyň ýolbaşçylygynda hem-de ýardam bermeginde 15-den gowrak kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalary taýýarlanyp, ylymlaryň doktorlary we ylymlaryň kandidatlary alymlyk derejeleri berildi. Ol 1981-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzalygyna saýlandy, 1976-njy ýylda Türkmenistanyň ylym we tehnika boýunça, 1983-nji ýylda öňki SSSR-iň Döwlet baýraklaryna mynasyp boldy — diýip, halypasy barada gyzykly gürrüňler berdi.
Umuman, arhiw maglumatlaryna salgylansagam, kärdeşlerini diňlänimizde-de Ýagşymyrat Hojagulyýewiň halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitirendigine göz ýetirmek bolýar. Şeýle ussatlary ýatlamaga, olary hatyralamaga giň mümkinçilikler döredýän hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy beýan edýäris.
«Белый город Ашхабад» стал важным событием в развитии строительной отрасли
Прошедшая в Торгово-промышленной палате Туркменистана XXV международная универсальная выставка «Белый город Ашхабад» стала значимым событием, продемонстрировавшим достижения столицы в сфере градостроительства, промышленности и развития городской инфраструктуры.
В Туркменистане совершенствуют технологии повышения продуктивности нефтяных скважин
В Туркменистане продолжаются научные исследования, направленные на повышение эффективности добычи нефти и газа на зрелых месторождениях страны. Специалисты института «Небитгазылмытаслама» разработали и усовершенствовали методы воздействия на продуктивные пласты скважин, что позволит снизить уровень обводнения и повысить производительность нефтяных скважин.
В Марыйском велаяте совершенствуют подготовку специалистов нефтегазовой отрасли
В Марыйском велаяте активно развивается система повышения квалификации специалистов нефтегазовой промышленности. Учебное подразделение учебного центра Государственного концерна «Туркменгаз», действующее на базе Марыйской средней профессиональной школы нефти и газа, за короткое время стало важной площадкой для профессиональной подготовки рабочих кадров отрасли.
В Дашогузе прошли спортивные соревнования среди работников газовой отрасли
В честь Всемирного дня велосипеда в управлении «Daşoguzgazakdyryş» объединения «Türkmengazakdyryş» Государственного концерна «Türkmengaz» состоялись соревнования по волейболу и футболу под девизом «Спорт, здоровье и воодушевлённость».
В Лебапской школе искусств состоялся концерт талантливой выпускницы Наргис Каримовой
В Лебапской специальной школе искусств состоялся сольный концерт выпускницы струнного отделения Наргис Каримовой. Талантливая выпускница класса преподавателя струнного отделения Атагельди Розыева представила слушателям насыщенную и разножанровую программу, включающую произведения мировой классики, исполненные как сольно, так и в ансамбле с педагогом.