Статьи

ŞATLYK GURBANNAZAROWYŇ kämillige uzaýan ýoly

https://ussatnews.com/storage/posts/766/original-1602ea50287139.jpeg

Zehinli ýaş aýdymçy Şatlyk Gurbannazarow hoş owazly aýdymlary bilen teleradioýaýlymlarda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Ol mukamçy kompozitor, ussat bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň ýerine ýetiren «Bibijan», «Pyragyny gören daglar», «Zülpüň», «Maral», «Gözel Sumbaryň nary» ýaly aýdymlary bilen bilelikde ençeme estrada aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýär.

Şatlygyň «Güljemal», Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Aýryldym» ýaly birnäçe aýdymlary wideoşekillere geçirilip, «Türkmen owazy» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara ýetirilýär. Ol ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşyp, aýdymlary bilen halkymyza hyzmat edýär. Ýaş aýdymçynyň her bir çykyşynda aýdym-saz sungatymyza bolan söýgüsini, yhlasyny duýmak bolýar.

Aýdym-saz sungatynyň muşdaklarynyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda adygýan aýdymçy Şatlyk Gurbannazarow bilen söhbetdeş bolduk.

— Şatlyk, sen Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymowyň inileriniň biri. Diýmek, kiçiligiňizden aýdym-sazyň içinde terbiýelenen bolmaly. Ýolaman aganyň dogany Gurbannazar Nurymow hem belli sazanda bolan.

— Hawa, Gurbannazar Nurymow — atam. Kakam Bäşim Gurbannazarow, agalarym Ýagmyr, Atabaý aýdym-sazy hemra edinen sungat wekilleri. Dogry aýtdyňyz, kiçiligimden aýdym-saza ýykgyn etmegime maşgalamyzyň sungata söýgüsi sebäp boldy.

— Özüň barada, maşgalaňyz bilen bagly gürrüň beräýseň?

— Men 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Täze oba» obasynda doguldym. 2013–2017-nji ýyllar aralygynda bolsa Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okadym. «Halk saz gurallary» bölümini tamamladym. Dutar çalýaryn. Häzir Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty, saz mugallymçylygy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby. Maşgalamyzda iki oglan, bir gyz dogan biz.

— Boş wagtlaryňyzy nähili geçirýärsiňiz?

— Boş wagtym aýdym-sazdan daşary futbol bilen meşgullanýaryn. Kitap okamagy gowy görýärin. Ussat şahyr Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny ýatdan öwrenýärin. Şahyryň goşgularynyň köpüsi aýdyma öwrülen.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size sungat äleminde üstünlik arzuw edýäris.

— Sag boluň! Biz — ýaşlara kämilleşmek üçin çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize uzak ömür, jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edýärin.

Goý, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyza, bütin il-ulsumyza, şol sanda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine diňe rowaçlyklar hemra bolsun!

Söhbetdeş bolan Akgül SAPAROWA,

                                           USSAT NEWS.

Другие статьи
168fdd8c5b2619.jpeg
Туркменистан способствует устойчивому развитию, делая важный шаг к процветанию

20 октября Туркменистан продолжил демонстрировать свою приверженность устойчивому развитию региона через реализацию стратегически важных проектов.


168ca47e64d0e8.jpeg
Энергетическая стратегия Президента Туркменистана укрепляет свои позиции

Нефтегазовый сектор Туркменистана играет важнейшую роль в социально-экономическом развитии страны и обеспечении ее энергетической безопасности.


168c6721e0c654.jpeg
Ашхабад - воплощение градостроительной политики Президента Туркменистана

Вопросы развития и благоустройства Ашхабада всегда находятся в центре внимания Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова, который чётко обозначил заботу о народе как главный приоритет своей политики.

168c37ec2b1350.jpeg
Экологическое благополучие – главное требование эпохи

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства набирает обороты работа, проводимая по охране окружающей среды, обеспечению экологически чистых условий, сокращению вредных выбросов, сохранению озонового слоя, рациональному использованию природных ресурсов.


168c37463e56b7.jpeg
Экологическое благополучие и “зеленая” энергетика в приоритете

В результате увеличения численности населения и темпов производства экономика продолжает развиваться.