Useful tips

Dil öwrenmegiň peýdasy

https://ussatnews.com/storage/posts/6199/original-16533bd822a4a0.jpeg

Alymlaryň geçiren barlaglary dil öwrenmegiň adamyň diňe bir akyl ýetiriş, pikirlenmek ukyplaryny ösdürmän, eýsem beden saglygynyň we immunitetiň berkemegine-de peýdalydygyny görkezýär. Öz ene dilinden başga-da birnäçe dilleri bilýän adamyň dürli meseleleri tiz we netijeli çözýändigi düşündirilýär.

«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýlişi ýaly, häzirki wagtda dil öwrenmek ösen tehnologiýalar zamanasynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Mundan başga-da, adam gündelik ulanylýan sözleriň başga meňzeş many aňladýan sözler bilen çalşylyp ulanylmagyny gazanmalydyr. Bu tejribe ynsanyň dil aragatnaşygynyň, psihologik ýagdaýynyň kämilleşmegine peýdalydyr. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaş nesliň zehinini artdyrýar, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.

Dil öwrenmek döredijiligi we zähmeti talap edýär. Döredijilikli zähmet bilen meşgullanmak bolsa ynsany durmuşa taýynlaýar, öz ýoluny, göwün halan hünärini, kärini saýlamakda netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär. Ýazmak dil öwrenmegiň başlangyjy hasaplanýar. Belli filologlaryň okuw usullaryndan biri hem dil öwrenilende, şol bir sözi bir-iki sahypany dolduryp ýazmakdyr. Bu usul sabyrlylygy, maksadaokgunlylygy artdyryp, täze öwrenilýän sözüň çalt aňda galmagyna getirýär.

Öwrenilýän dilde dürli gyzykly filmlere, täzeliklere tomaşa etmek, söhbetdeşlikleri, aýdymlary diňlemek örän peýdalydyr. Bu usul diliň basyşyny, akgynlylygyny, äheňini we sözleriň aýdylyş aýratynlyklaryny ýatda saklamakda netijelidir. Hünärmenler öwrenilýän dilde gürlenilende ýalňyşmakdan gorkmagyň ters täsir edýändigini belleýärler.

Dünýä dilleriniň ählisinde diýen ýaly sözlük gory müňlerçe sözleri öz içine alýar. Muňa garamazdan gündelik gepleşikde ortaça müňden kän söz ulanylanok. Olaryň köpüsi bolsa işliklerden ybarat bolýar. Şonuň üçin ilki bilen başlangyç gepleýiş endiklerini öwrenmek wajypdyr.

Taýýarlan Aýjahan AGAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Other useful tips
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

167f50c336288c.jpeg
Пение укрепляет здоровье

Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.


1679d6364392ae.webp
Выявлен фрукт продлевающий жизнь

Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.