Useful tips

Kiberhowpsuzlyk boýunça peýdaly maslahatlar

https://ussatnews.com/storage/posts/6325/original-165544a7d3630d.png

Kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Biz günüň dowamynda köp wagtymyzy internetde geçirýäris hem-de şahsy maglumatlarymyza degişli yzlary galdyrýarys. Internet torunyň durmuşymyzy ýeňilleşdirýändigi hakykat, muňa garamazdan sanly ulgamda goraglylyk meselesiniň möhüm wezipe hökmünde öňe çykýandygy-da anykdyr. Şahsy maglumatlaryň ters ellere düşmezliginden goranmak üçin internetde wajyp düzgünleri berjaý etmek gerek.

Internet salgylara ünsli boluň! Nätanyş elektron salgylanmalara ýüz tutmak şahsy maglumatlaryňyzyň başga ellere düşmegine sebäp bolup biler. Bu esasan töleg amallary bilen baglanyşykly bolup durýar. Internet arkaly töleg etmezden, degişli guramanyň ýa-da tarapyň hünärmenleri bilen habarlaşmak möhümdir. Bozgunlar dürli guramalaryň web sahypalaryna meňzeş web sahypa döredip, ulanyjylary özüne çekýärler. Şeýle web sahypada maglumatlaryňy ýazyp, ulgama girmek ýa-da onuň agzasy bolmak garaşylmadyk netiejelere eltip bilýär. Adatça, ýalňyş salgylar elektron poçtalar arkaly ugradylýar we özüneçekiji maglumatlar bilen bezelýär.

Meňzeş gorag açaryny ulanmaň! Käbir ulanyjylar ähli şahsy akkauntlarynda (hasaplarynda) birmeňzeş açarsözüni (parol) ulanýarlar. Bu bolsa ulanyjynyň şahsy maglumat howpsuzlygynyň gowşaklygynyň bir görkezijisi bolup durýar. Açarsözlerini yzygiderli çalşyp durmak maslahat berilýär. Köpçülikleýin internet torlaryny ulanmak howpludyr, ulanylan ýagdaýynda bolsa şahsy akkauntlaryňyza maglumatlaryňyzy ýazyp girmek zyýanly bolup biler.

El telefonyňyza ýa-da şahsy kompýuteriňize gözegçilik ediň! Häzirki wagtda internet tory milliardlarça maglumatlary özünde jemleýär. Onda siziň suratlaryňyzyň, ýazgy taryhlaryňyzyň bolmagy-da örän ähtimal. Eger siziň belli mesenjerlerde akkaundyňyz bar bolsa, onda siz baradaky maglumat hem internet torunda bar. Elbet-de, iri IT kompaniýalar ulanyjylaryň maglumat goraglylygyny berk üpjün edýärler. Muňa garamazdan siziň özüňiz baradaky paýlaşan maglumatyňyzyň size garşy ulanylmagy-da mümkindir. Şonuň üçin internet torunda şahsy maglumatyňyzy paýlaşmakdan saklanmak möhüm bolup durýar. Maglumat howpsuzlygynyň esasy düzgünlerinden biri-de elektron enjamlaryňyzy elmydama gözegçilikde saklamakdyr.

Häzirki döwürde şahsy maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek üçin her bir adamyň bu ugurda ýeterlik bilimi bolmagy, ýörite okuwlary geçmegi ýerlikli bolsa gerek.

Hydyr BABAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymy.

Other useful tips
166c5fedc6f8df.jpeg
Как подготовить первоклашек к школе

На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.


166aeccb7ee1f9.png
К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания

Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).


166a3d04b4b1e0.jpeg
Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья

Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.

16673091ee28c0.jpeg
Врач –диетолог назвал напитки, способные укрепить здоровье и продлить жизнь

Кофе, какао и чай – напитки, способные продлить жизнь человека – утверждает врач-диетолог Михаил Гинзбург.


166464dd50cf08.jpeg
Кардиолог Бокерия назвал ходьбу лучшим методом оздоровления

Регулярная ходьба поможет улучшить состояние здоровья, рассказал главный сердечно-сосудистый хирург Минздрава РФ Лео Бокерия.