Useful tips

Awokadonyň peýdasy

https://ussatnews.com/storage/posts/6341/original-1655ae90768e5a.jpeg

Awokado Lawr maşgalasyna degişli bolan hemişe gök öwüsýän subtropik miwedir. Agajynyň boýy 20 metre çenli ýetýär. Miwesi bir tohumly armyt görnüşli bolup, miwäniň uzynlygy 5-den 20 sm, agramy 50g-dan 1.8 kg çenli bolýar. Miwäniň ady gadymy astekleriň dilinde «agaç ýumurtgasy» diýen manyny aňladýar. Miwäniň bişeni garamtyl reňkde bolýar, onuň çala bişenini kagyza dolap 2-5 gün saklasaň ýetişýär. Awokado miwe hasaplansa-da, himiki düzümi we tagamy boýunça gök otlara degişli edilýär. Bu miwäniň watany Merkezi Amerika we Meksika hasaplanýar.

Miwäniň 100 gramynda 160 g kaloriýa bar. Düzümi A, B, S, D, E, K, R witaminlerine, kaliý, magniý, natriý, kalsiý, fosfor ýaly minerallara baýdyr. Awokado aşgazan-içege kesellerinde, gastritde, gipertoniýada, süýji keselinde ulanylýar. Şeýle-de, miwe kosmetiki serişdeleriniň önümçiliginde peýdalanylýar. Ýokary ýokumlylygyna garamazdan, awokado omega kislotalarynyň köp bolmagy sebäpli berhizlik önümi hasaplanýar. Olar holesteriniň derejesini we ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny peseldýär.

Awokado ilkinji gezek kabul edilende az mukdardan başlamaly. Düzüminde ýaglaryň köplügi sebäpli, bagrynda, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk bolan adamlara bu iýmit maslahat berlenok. Berhiz saklananda, beden belli bir derejede gowşaýar, şeýle ýagdaýda awokado ähmiýetli iýmit çeşmesi bolup hyzmat eder. Miwäni gündelik kabul etmek mümkin bolup, ol çigligine ýa-da az derejede gyzdyrylyp, işdäaçarlara, çorbalara we başga-da iýmitlere goşulýar. Şeýle-de, ol balyk we deňiz önümleri, limon şiresi, guş eti, gök otlar bilen gowy sazlaşýar.

Taýýarlan Aýbölek ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Other useful tips
169843f6bd5993.jpeg
Укрепляем иммунитет в конце зимы

Под таким названием газета «Нейтральный Туркменистан» опубликовала материал корреспондента Инны Буровой.


1696f4dd324ec2.jpeg
Верховая езда — залог здоровья

Иппотерапия (лечение с помощью лошадей) — это метод лечения и реабилитации посредством верховой езды. Этот способ помогает улучшить физическое и психическое здоровье человека, сообщает газета «Balkan».


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.