Mekdep tagtasy näme üçin ýaşyl reňkde?

16:20 17.01.2023

https://ussatnews.com/storage/posts/4944/original-163c68499bc6a2.jpeg

Häzirkizaman mekdeplerinde mekdep tagtalary diňe hek bilen däl, eýsem markerler bilen ýazmak üçin dürli reňklerde bolup bilerler. Şeýle-de bolsa, birneme öňki döwürde okuw jaýlarynda ilkibaşda gara reňkli, kähalatlarda goňur reňkli tagtalar ulanylypdyr. Öňki döwürde tutuş synp üçin giň ölçegdäki tagtalar däl-de, eýsem uly bolmadyk agaç bölekleri ulanylypdyr. Diňe 1800-nji ýylda uly tagta bölekleri peýda boldy. Ýagny şotland mekdeplerinden biriniň müdiri Jeýms Pillans okuwçylara karta çyzmagy öwretmek isledi. Ony bolsa kiçi tagtalarda ýerine ýetirmek mümkin däldi. Giň ölçegdäki synp tagtasy baradaky pikiriň goňşy mekdeplere ýaýramagy, mugallymlaryň wagtyny tygşytlamagy başardy.

1815-nji ýylda eýýäm tagta ýazmak üçin esbaplar döredildi. 1840-njy ýylda bolsa, amerikan we ýewropa mekdeplerinde ýörite grifel tagtalary ornaşdyryldy. Ondan öň tagtalar diňe gara ýa-da goňur reňkde bolan bolsalar, 1960-njy ýyldan başlap, kompaniýalar ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen polat plastinalaryny satuwa çykaryp başladylar. Bu material ýeňil we çydamlylygy sebäpli, olary beýleki ýurtlara ibermek has aňsat we arzan düşýärdi.

Şeýle-de ýaşyl syrçanyň ýüzünden hek ýeňil aýrylýar. Şol bir wagtda, hünärmenler ýaşyl reňkiň günüň islendik wagtynda – günde ýa-da kölegede, gözüň kabul etmegi üçin iň amatlydygyny belleýärler. Muny gün şöhlesine sezewar bolanda, güýçli gapma-garşylyk döretmeýan ýaşyl reňkli tagtalary ulanmagy amatly hasap edýän mugallymlar hem tassykladylar. Şonuň üçin hem 1960-njy ýyllarda ýaşyl reňki synp tagtalary ABŞ-da, soňra Ýewropa ýurtlarynda peýda bolup başlady. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, dünýäniň ähli ýurlarynda ulanylmaga girizildi.

Döwlet HALLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Другие статьи
164aa160f6dfb8.jpeg
Электромобиль самое удобное решение в сохранении чистоты воздуха

Одним из приоритетных направлений государственной политики Туркменистана является охрана окружающей среды, бережное отношение к природным ресурсам и рациональное их использование, внедрение в производство экологически чистых технологий.


16461bc504fea4.jpeg
Польза ходьбы

Ходьба является одной из самых доступных и полезных форм физической активности. Она помогает укрепить костную ткань, улучшить функцию сердечно-сосудистой системы, снизить риск развития диабета и ожирения, а также улучшить настроение и снизить уровень стресса. Регулярная ходьба может также помочь улучшить сон и повысить уровень энергии в течение дня.


16454a5aeacff5.jpeg
Влияние солнца на здоровье человека

Влияние солнца на организм человека может иметь как положительный, так и отрицательный эффект. При правильном подходе можно повысить иммунитет, укрепить здоровье и поднять настроение; наоборот — перебор с солнечными ваннами способен привести к серьезным заболеваниям.

1635a69212b065.jpeg
Осенний рацион для здоровья и хорошего настроения

Осенью самое время позаботиться о своём иммунитете и задуматься о пересмотре своих пищевых привычек. В этот период нужно обратить внимание на рацион и режим питания, его сбалансированность.


162318c9dca847.jpeg
В 1971 году сотрудники ЮНЕСКО обнаружили рецепт омоложения организма

В 1971 году сотрудники ЮНЕСКО, исследуя Тибет, обнаружили в развалинах древнего монастыря глиняные таблички с описанием рецепта омоложения организма.