Полезные советы

10 gün dogry iýmitlenenden soň bedende nähili üýtgeşmeler bolar?

https://ussatnews.com/storage/posts/5023/original-163e379c97cad8.webp

Köp adam ýylyň başynda sagdyn iýmitlenmäge geçmäge,elbetde, horlanmak ýa-da saglyk ýagdaýyny gowulaşdyrmak barada özlerine söz berýärler. Şeýle-de bolsa, köp adamlar derrew netijeleri görmeýändikleri üçin bu pikirden çalt ýüz öwürýärler. Hakykatdanam gowy iýmek, çalt horlanmaga ýa-da saglygyň gowulaşmagyna getirmez. Muňa garamazdan, sagdyn iýmitlenseň bary-ýogy 10 günde bedende oňyn üýtgeşmeler bolup geçýänini görüp bolar diýip birnäçe şeýle tejribäni geçiren alymlar aýdyp geçýär.

Sagdyn iýmitleniş ulgamlarynyň köpüsiniň esasy ýörelgelerinden biri, iýmitdäki şeker we uglewodlary çäklendirmekdir. Iýmitleniş lukmany Rob Hobson "The Telegraph" gazetine beren interwýusynda "Şeker beýnimiziň isleg ulgamyny höweslendirýär, bu bolsa şekerli iýmitleri köp iýmeklige isleg döreder"-diýip belläp geçýär. Bedende şeker çäklendirilende käbir adamlar ýadawlyk, ganyň azalmagyna we konsentrasiýanyň peselmegi ýaly käbir alamatlary başdan geçirip bilerler.

Şeýle-de bolsa, bular diňe gysga möhletli täsirler bolup, umumy saglygyň gowulaşmagy bilen doly öwezini dolýar. Hobsonyň pikiriçe, şeker we çalt uglewodlary çäklendirmek artykmaç agramy azaltmaga, içegäniň işleýşini gowulaşdyrmaga, energiýa derejesini ýokarlandyrmaga, süýji keseli we ýürek keselleriniň gowlaşmagyna kömek edip biler diýen pikiri öňe sürýär.

Sagdyn iýmitlenmek meselesinde köp adamyň öňünde goýan ýene bir maksady, etden ýüz öwürmek. Hawa, birnäçe günüň içinde oňat netijeleri berýär.

Iterazyjy Reýçel Ama etden ýüz öwürenden soň, özüni has ýeňil we gujurly duýýandygyny öňe sürdi. Reýçel: "Etsiz nahardan soň özümi doly ýeňil duýdum, ýöne şol bir wagtyň özünde et iýenimden soň ýüze çykýan agyrlygy we rahatsyzlygy duýmadym"diýip belleýär.

Emma gyzyl etden gaça durmak hem gowy pikir. Et iýmit siňdiriş ulgamynyň işine oňyn täsir edýär, sebäbi ýmitleniş hünärmenleriniň eti çalyşmagy maslahat berýän gök önümler, miweler we däneler içege peýdaly bakteriýalaryň ösmegine kömek edýär.

Dogry iýmitleniş ulgamynyň hemmesi diýen ýaly alkogoldan ýüz öwürmegi talap edýär. Bu karar, elbetde, birnäçe üýtgeşmelere sebäp bolar.

 Birinjiden, deri gowulaşýar we çişme ýok bolýar.

 Ikinjiden energiýa we konsentrasiýa derejesi ýokarlanýar.

 Üçünjiden has gowy uklap başlaýarsyňyz.

Professor Deýwid Nutt: "Ukyňyz gowulaşýar we irden turanda özüňizi rahat duýýarsyňyz" -diýdi. Mundan başga-da, professoryň pikiriçe, alkogolsyz on günüň içinde bagryň işi dikeldilýär we gan basyşy kadalaşýar.

Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Другие полезные советы
167f50c336288c.jpeg
Пение укрепляет здоровье

Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.


1679d6364392ae.webp
Выявлен фрукт продлевающий жизнь

Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.


166c5fedc6f8df.jpeg
Как подготовить первоклашек к школе

На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.

166aeccb7ee1f9.png
К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания

Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).


166a3d04b4b1e0.jpeg
Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья

Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.