Полезные советы

Tehnologiýa we açyk howa

https://ussatnews.com/storage/posts/5059/original-163eb293257bc9.webp

Acyk howanyň, sergin howanyň täsiri hemmelere belli. Aslynda tehnologiýalar dünýäsine ýüzlenmek bilen ilkinji nobatda açyk howada dynç almagyň we arakesmä çykmagyň düzgünleri bilen ilki tanyşmak gerek. Çünki adam haçanda komputere hem-de telefona baglanan badyna eýýäm, tä kelleagyry peýda bolýança ondan çykmagy unudýar. Munuň özi kelle beýnisinde ýadawlygy,halsyzlygy emele getirýär. Munuň özi açyk howanyň ýetmeýänligi üçindir. Tiz- tizden arassa howa çykmak, dynç almak bolsa, tehnologiýada ýerine ýetirjek işlerimiziň hem hilini gowylabiler. Şol sebäpli-de tehnoloiýa mümkinçiliklerinden peýdalanan wagtymyzda muny ýatdan çykarmaly däldiris.

Dünýä tejribesinde ýüze çykan tehnologiýalar zamanynyň netijesi bu günki gün adamzady ösüşlere äkitse-de birnäçe wagtyň dowamynda tehnologiýalaryň gapdaly bilen goraýjynyň ýüze çykmagy hem şert bolmaga başlady. Häzirki zaman tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr. Çünki komputeri, hem-de islendik monitory, ekrany çakdanaşa ulanmak adam bedenine oňaýsyz täsizirini ýetiribiler. Elbetde, komputeriň biziň durmuşymyza ornaşmagy bilen büs- bütün durmuşdaky köp zatlaryň özgermegi bolup geçdi.

Lukmançylyk ylmy komputeri, ekrany çakdanaşa köp ulanmagyň adam bedeninde saçlara we göze has täsirini ýetirýändigini belleýär. Komputer üpjünçiliginiň gapdaly bilen onuň ulanyjylyk häsiýetindäki ýüze çykýan prosesleriň zyýansyzlandyrylmagy hem bu günki gün wajyp meseleleriň biridir. Manitorlaryň ýüzünden adamyň gözlerine zyýansyzlandyrmak işleri bolsa, häzirki zaman goraýjylyk tehnologiýalarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup biler. Elbetde komputer tehnologiýalary biziň durmuşymyzda uly orun tutýar.Haýsy ýerde bolsaň hem komputerleşdirlen durmuşymyzyň iň wajyp ýerlerini , ýagny adamlaryň birnäçesiniň birlikdäki etjek işlerini komputerleriň ýerine ýetirip bilýändigini biz bilýäris. Şol hususda hem komputeri birlikde ulanylmak hem- de täze iş orunlarynyň döremegini gazanmak bolsa, ilkinji nobatda biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirjek üpjünçiligi ýüze çykarýar.Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. Munuň özi gowy zat. Emma mysal üçin çagalaryň elleri bilen surat çekmekleri tebigy ýagdaçda olaryň çekýän predmetini duýmaklaryny üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, komputeri üznüksiz ulanan wagtyňda açyk howa çykmak, tebigaty görmek we şonuň bilen birlikde hem köp suw içmek ýaly düzgünleri hem ýatdan çykarmaly däl.Hem komputeriň goraýjylarynyň hem-de ynsan bedenini goraýjylaryň aladasy bilen ýaşaýan lukmançylyk ylmy häzirki döwürde bu meselede uly gyzyklanma döredýär. Bellemeklerine görä, tehnologiýalaryň peýdasy hem-de ondan goranmagyň düzgünleri bilen gyzyklanmak hiç wagt hem zyýan etmejegi düşnüklidir.

Kakajan Boppyýew,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Другие полезные советы
167f50c336288c.jpeg
Пение укрепляет здоровье

Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.


1679d6364392ae.webp
Выявлен фрукт продлевающий жизнь

Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.


166c5fedc6f8df.jpeg
Как подготовить первоклашек к школе

На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.

166aeccb7ee1f9.png
К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания

Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).


166a3d04b4b1e0.jpeg
Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья

Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.