Agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýan gök önümler!

Diňe ýeralma agramyň ýokarlanmagyna getirmeýä ondan başgada agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýan gök önümler bardyr.
Köp adamlar horlanmak üçin kän alada edýär. Olara maslahat hökmünde "Eger horlanmak isleseňiz, gök önümleri iýiň!" -diýip aýdyp bolar. Onsoň bu maslahat ähli horlanmak isleýänleriň üns merkezinde bolyp, netijede berhiz saklaýanlar gök önümler bilen kän iýmitlenip başladylar.
Emma bu sözler näderejede dogry? Gynansagam, gök önümleriň hemmesi deň derejede täsirli bolmaýar we olaryň käbiri agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.
Agramyň ýokarlanmagyna ýa-da semizlige sebäp bolýan gök önümler barada kän zatlar aýdyp bolýar. Olara:
Açyk reňkli, tagamly we sagdyn käşir agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýanlaryň arasynda birinji ýeri eýeleýär. Käşiriň howply tarapy, köp mukdarda sarp edilende agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýan saharozanyň köp mukdarydyr. Şonuň üçin hünärmenler günde iki käşirden köp iýmezligi maslahat berýärler.
Hyýaryň özi siziň agramyňyzyň artmagyna getirmeýär, hyýar iýilenden soňraky açlyk agramyň ýokarlanmagyna getirip biler. Mundan başga-da, hyýar tomusda saglyk üçin gaty zerurdyr, sebäbi düzüminde köp suw bar we suwsuzlygyň öňüni alyp, bedendäki çyglylyk deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär. Emma hyýardaky süýümiň mukdary gaty az, şonuň üçin çalt siňdirilýär we derrew ajykýaň. Netijede açlykdan soň agram artýar.
Nahar şugundyr. Gynansagam, bu sagdyn gök önümde köp mukdarda şeker, krahmal we uglewodlar bar. Esasanam ganda şeker derejesi ýokary bolanlar üçin bu gök önüm glýukozanyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Emma saglyk gowy bolsa-da, sarp edilişini köpeltmeli däl. Bu gök önüm bedende ýagy eritmeýändigini, tersine ýygnaýandygyny anyklaýan birnäçe ylmy barlaglar bar. Şonuň üçin hem bu gök önüm bedeniň agramynyň ýokarlanmagyna ýagny semremä getirýär.
Bişen gök önümler. Islendik gowrulan iýmitiň aýrylmaz düzümi ýagdyr. Bişen gök önümler hem muňa degişli däldir. Hyýar, pomidor, käşir ýaly gök önümleri gök ýagdaýynda iýip bolýar, Emma käbir gök önümleri gök ýagdaýynda iýip bolmaýar. Şonuň üçin hem bişen ýagdaýynda ýa-da gowrulan ýagdaýda iýilýär. Gök önümiň öz düzümindäki ýag bolen ýagyň mukdary hasda köpelýär.
Nohut. Nohut saglygyňyza peýdaly, sebäbi düzüminde köp sagdyn süýüm bar, ýöne olar krahmal we garyn ýagyny ösdürip biljek beýleki iýmitlere hem baýdyr. Şonuň üçin mukdaryny sarp edeniňizde gözegçilik etmek maslahat berilýär.
Mekgejöwen. Gynansagam, bedeniňizde şeker derejesi bilen baglanyşykly problema bar bolsa ýa-da horlanmak üçin çynlakaý bolsaňyz, mekgejöwenden düýbünden saklanmaly bolarsyňyz. Bu gök önümde glýukozanyň köpelmegine we bedende sagdyn insulin derejesine ýaramaz täsir edip biljek şeker köp.
Taýýarlan:Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Пение укрепляет здоровье
Древние люди знали, что восстановить здоровье и жизненную энергию можно с помощью силы своего голоса. Аристотель и Пифагор рекомендовали пение при лечении душевных расстройств.

Выявлен фрукт продлевающий жизнь
Японские учёные из Национального института здоровья выяснили, что персики обладают свойствами, замедляющими старение и способствующими долголетию.

Как подготовить первоклашек к школе
На исходе каникулярное лето. Совсем скоро начнется новый учебный год, для многих он будет первым в жизни. Как подготовить первоклашек к школе, что надо знать родителям.

К актуальной проблеме обращает внимание Всемирная неделя грудного вскармливания
Ежегодно 1-7 августа по инициативе Всемирной организации здравоохранения и Детского фонда ООН проводится Всемирная неделя грудного вскармливания (World Breastfeeding Week).

Советы офтальмолога: как смотреть телевизор без вреда для здоровья
Общеизвестно, что просмотр телевизионных передач может отрицательно сказаться на здоровье глаз, однако при соблюдении некоторых правил можно избежать неприятных последствий.