Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar EZIZOW (1940 - 1975)

18:56 01.03.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/827/original-1603cf28fc17db.jpeg

Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär. Şahyr işiniň daşyndan zergärçilik bilen hem meşgullanyp, nepis şaý-sepleri ýasaýar.

Her bir halk öz gymmatlyklaryny hatyralaýar, olara sarpa goýýar. Onuňam sebäbi ýönekeýjedir. Ol her bir halkyň ýüreginde ýaşaýar. Ýüreklerde orun alyp, asyrlarboýy bile ýaşap gelen gymmatlyk her bir halk üçinem el, dil ýetirilmesiz baýlyk. Ol baýlygy hiç bir ölçeg birligi bilen saldarlap bolmaýar. Ol gymmatlyklar barada söz açjak bolsaňam, diňe hormat-söýgi sözlerini ulanmaly.

Ine, hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä derejesinde belende galdyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrýan işleri barada-da şeýle buýsançly sözleri näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Ol buýsançly ýollaryň islendik menziline nazar aýlanyňda-da, halkyň ýüreginde hemişelik ýazgy galdyryp giden ussatlaryň atlaryny näçe sanasaň, sanap oturmaly. Gurbannazar Ezizow hem hakydalardan hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen şahyr. Indi her ýylyň baharynyň ilkinji gününi Gurbannazar şahyryň doglan güni diýip garşylamak bu toprakda adaty ýagdaýa öwrülip gitdi…

Bahar meýlisinde çyksak seýrana,

Türkmen sährasynyň aldyr gülleri…

Başyň sypap, seni goýar haýrana,

Belent daglaryndan öwsen ýelleri.

Gara bulut gelip, Zemine çöker,

Al asman gübürdäp, depregin kakar.

Daglardan sil akar, ýene Gün çykar,

Gyz-gelin doldurar reýhan çölleri...

Türkmen sährasyna ýene-de bahar geldi. Ýene goja tebigat gadymy türkmen topragyny gülälekdir çopantelpeklere, ýap-ýaşyl jümjümelere besläp-büräp ugrady. Bu güller göýä, müň dokuz ýüz kyrkynjy ýylyň baharynyň ilkinji gününde dünýä inen Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe ene topragyň bagyş eden täsin sowgat-serpaýyna meňzeýär.

Bu günki gün biz türkmen baharyny Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş baharyny görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi… Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi...

…Maňa kän zat, uly bir zat gerek däl,

Eliňizi ýüregňize goýuň siz,

Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem,

Sözlerimi kesä çekmän, söýüň siz…

Hawa, Gurbannazar Ezizow öz şygyrlary bilen türkmen şygryýetine pikir taýdan-da, onuň aýdylyşy jähtden-de, düzüliş babatda-da täzelikleri getiripdi. Bary-ýogy otuz bäş ýaşyň içinde tutuş bir halkyň şygryýetinde mekdep derejesine ýetmek, diýseň seýrek hadysa. Şonuň üçinem Gurbannazar şahyryň şygyrlary bu günki gün her bir öýde, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Maşgalada perzent dünýä inende, durmuş toýy tutulanda, Gurbannazar şahyryň şygyrlary okalýar:

«Törüňizde hemişelik gurulan;

ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady…»

diýen ýaly ençeme setirler indi türkmeniň süýji arzuwlarynyň içine hemişelik garyldy. Bu gün aşyk ýigitler derek boýly ýarlaryna Gurbannazaryň dilinde söýgi sözlerini aýdýarlar. Baýramçylyklarda Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen mähelle gutlanylýar. Türkmen sährasy bolsa henizem şahyryň şygyrlaryna hiňlenip ýör.

Hawa, Gurbannazar şahyr öz ýüregini, owazyny, ajaýyp dünýäsini türkmen tebigatyna baky ýadygär goýup gitdi… Bu gün onuň ajaýyp poeziýasy aýdym bolup, äleme seýrana çykýar. Gurbannazar şahyryň şygryýet äleminiň gözelligi ýaly, häsiýetiniň-de türkmen sährasyna çalymdaş ýumşak bolandygyny onuň döwürdeşlerinden telim ýola eşidip görüpdik. «Ol göýä, öz adamkärçiligi bilen paýlap ýetişmedik mährini, söýgüsini töwerek-daşa şygyrlarynyň üsti bilen paýlajak bolýana meňzeýärdi. Belki-de, onuň häsiýeti şygyrlarynyň üstüni ýetirendir. Garaz, ol dünýäleriň ikisem – şahyryň içki dünýäsi-de, döredijilik dünýäsi-de gözeldi» diýip, uniwersitetde okan döwürlerimiz, halypa mugallymymyz, Gurbannazar şahyryň egindeşi Begmyrat Weýisow hemişe uly mähir bilen ýatlardy.

Hawa, baharynyň ilkinji gününde biz ýene-de Gurbannazar Ezizowy ýatlaýarys. Diňe bir bu gün däl, şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynda ýylyň dört paslynda-da ýaşap ýör. Sebäbi ol şygyrlarda bu barlygyň ajaýyp keşbi suratkeşiň ussatlygy bilen döredilipdi. Ol eserleriň ählisinde-de nähilidir bir üýtgeşik hyjuw, egsilmez joşgun bar. Şonuň üçinem biz hemişe Gurbannazar şahyry ýatlanymyzda kalbymyza türkmen topragynyň göwnüňi göteriji ýakymy aralaşýar. Bu bolsa şahyryň bize hemişelik ýapyp giden bahasyz serpaýydy…

...Söýüň meni, siziň sadyk guluňyz.

Şonda size menden galar şeýle paý.

Men size şeýle bir serpaý ederin:

Şalaryň elinden gelmejek serpaý...

Myrat HUDAÝGULYÝEW,

                             žurnalist.

Другие статьи
1643677068e6d5.jpeg
Народная артистка Туркменистана Аннагуль ГУРДОВА

По многочисленным просьбам читателей гостьей редакции электронной газеты ussatnews.com стала одна из самых популярных вокалисток нашей страны, которую по праву называют легендой туркменской эстрады, - народная артистка Туркменистана, певица высшей категории Культурно-делового центра Государственного концерна «Türkmengaz» Аннагуль ГУРДОВА.


164204365be94e.jpeg
Народный писатель Туркменистана Кара Сейтлиев

Право предстать в монументальном образе перед современным поколением туркменистанцев заслужил государственный и общественный деятель, народный писатель Туркменистана, лауреат Государственной премии имени Махтумкули Кара Сейтлиев, чьё многогранное творчество оказало большое влияние на развитие национальной литературы, кино и театра.


1635eb270cd9e8.jpeg
Народная артистка Туркменистана Оразгуль ГУРДОВА

В гостях у редакции электронной газеты ussatnews.com побывала звезда туркменской эстрады и театра Оразгуль Гурдова. Вокалистка Национального музыкально-драматического театра имени Махтумкули, народная артистка Туркменистана Оразгуль Гурдова известна своим большим вкладом в развитие туркменской культуры и искусства.

161cd265ce8819.jpeg
Генеральный директор мебельной фабрики «Айболек» Меретмухаммет ТАЧМУХАММЕДОВ

Более десяти лет руководит мебельным производством Меретмухаммет Тачмухаммедов, работа которого оценена государственными наградами - юбилейными медалями «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» и «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», а также победой в конкурсе Президента Туркменистана «Türkmeniň Altyn asyry».


160f4e8215d413.jpeg
Доктор геолого-минералогических наук Чары ПАЙТЫКОВ

Сегодня гость нашей газеты - ведущий научный сотрудник Научно-исследовательского института природного газа Государственного концерна «Туркменгаз», доктор геолого-минералогических наук, автор 83 научных публикаций, из которых три монографии, а также 30 рукописных работ Чары Моммыевич ПАЙТЫКОВ.