AMATLY WE ÝOKARY HILLI

11:01 03.02.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/2805/original-161fb6fb41cb51.jpeg

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary. Häzirki wagtda «Muhammet-Balkan», «Röwşen», «Gerçek» ýaly meşhur aýakgap öndüriji hususy taraplarymyzyň hataryna gündogar sebitde «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhana-da goşuldy. Kerki etrabynda döredijilik saparynda bolanymyzda, Astanababa şäherçesinde ýerleşýän bu kärhanada aýak çekdik. Ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, kärhananyň iş dolandyryjysy Çary ÖWLÝÄKULOW bilen söhbetdeş bolduk.

— Çary, ilki bilen, «Armaweriň!» diýýäris. Tüweleme, önümçilige şaýat bolup, işleriň barha ilerleýändigine göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, bu kärhana ýurdumyzda iň ýaş aýakgap öndüriji bolmagynda galýar.

— Dogry aýdýarsyňyz. Ozal çaklaňja mukdarda aýakgap önümçiligi bilen meşgullanýardyk. Derisini, beýleki böleklerini satyn alyp, olary biçip, tikip, ýelimläp, öz aýakgaplarymyzy öndürerdik. Soň ýolbaşçymyz Arslan Möwlamow bilen bu işi ulaltmak, hususy kärhana derejesine çenli ýetirmek kararyna geldik. Bu işde bize türkmenabatly Şükürylla Bahryýew hem uly ýardam berdi. Şükürylla aganyň bu işde ýeterlik tejribesi bar eken. Şonuň el we dil kömeginden peýdalanyp, şu aýakgap kärhanasynyň binýady tutuldy. Şu görýän binaňyzy kärendä alyp we degişli enjamlary Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan getirip, 2020-nji ýylyň aprel aýynda, has takygy, 6-njy aprelde işe girişdik. Häzir günde 50 jübüt aýakgaby öndürmäge mümkinçiligimiz bar.

— Öndürilen aýakgaplar nähili ýerlenilýär?

— Häzirki wagtda Türkmenabat, Mary, Kerki, Magdanly şäherlerinde, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda dükanlarymyz bar. Olaryň sanyny has köpeltmegi maksat edinýäris. Şeýle dükanlarymyzyň birini şu ýylyň mart aýynda paýtagtymyzda açmagy meýilleşdirýäris.

— Çig mal bilen üpjünçiligiňiz barada hem gürrüň beräýseňiz!

— Aýakgap önümçiligi üçin niýetlenen derileri «Ak suw deri» hojalyk jemgyýetinden alýarys. Mälim bolşy ýaly, «MB» haryt nyşanly aýakgaplar hem şu kärhana tarapyndan üpjün edilen derilerden taýýarlanylýar. Önümçilik üçin beýleki çig mallary — petegi, oltaňy, ýelimdir ýüplügi we beýlekileri bolsa maryly telekeçi Dörtguly Haýdarowdan alýarys.

— Aýakgap önümçiliginde köp görnüşlilige we bezege üns bermeli bolýar. Munuň üçin işine ussat dizaýnerler hem zerur.

— Häzirki wagtda kärhanamyzda erkek kişilere, zenanlara we çagalara niýetlenen aýakgaplarýň 220-den gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň tas ählisiniň diýen ýaly dizaýny kärhananyň ýolbaşçysy Arslan Möwlamowyň hut özüne degişlidir. Sargytlaryň aglabasy dükanlardan gelýär. Olar müşderileriň islegini kärhana ýetirýärler. Gündelik önümçilik şol sargytlaryň mukdaryna bagly. Müşderileriň islegi hem dürli-dürli. Şol islegler kemsiz öwrenilýär.

— Işleriň tertibi bilen hem gysgaça tanyşdyraýsaňyz!

— Önümçilik sargyt edilen dizaýna görä, biçimçimiziň işinden başlanýar. Onuň mobil telefonunda ähli gömüşleriň kodlary we biçüw aýratynlyklary bar. 01 täze tikiljek aýakgaby şol koda we sargydyň ölçegine görä biçýär. Ilçilikde 46-njy, 47-nji ölçegli köwüşleri geýýän adamlar hem tapylaýýar. Bu ölçegleri bolsa dükanlardan tapmak kyn. Ýöne «Ýelken» ha¬ryt nyşanly dükanlara gelip, şol ölçegleri sar¬gyt edip, tikdirip bolýar.

Biçilen gön önümçiligiň indiki tapgyrlaryna geçirilýär. Ikinji tapgyrda olar gyrkylýar we ýylmanylýar. Ondan son olary tikmek we ýelimlemek işlerine geçilýär. Aýakgaplar birnäçe gezek ýelimlenýär we tikilýär. Ýaponiýada öndürilýän «Juki» tikin enjamlarynda işleýän tikinçiler 2-den 6 gata çenli bolan ýüpek ýüplükleri ulanýarlar. Döwrebap enjam işleri tiz we ýokary hilli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçilikde ýelimiň hem iň ýokary hillileri ulanylýar. Eger käbir aýakgaplar diňe tikilýän ýa-da ýelmenilýän bolsa, bu kärhanada şolaryň ikisinden hem peýdalanylýar.

Ýokarky gatda aýakgabyň içligine, petegine çenli taýýar edilýän bolsa, aşaky gatda önüm belli bir ölçege getirilip, iň aşaky rezin bölegi — oltaňy berkidilýär.

— Bu işleri näçeräk hünärmeniň zähmeti bilen alyp barýarsyňyz?

— Önümçilikde 13 işgärimiz bar. Kärhanada olara döwrebap iş şertleriniň ählisi döredildi. Häzirki günlerde işgärlerimiz, esasan, gyşky aýakgaplary öndürmek bilen meşgullanýarlar. Olaryň aglabasy bolsa ädikler we gysga gonçly ädiklerdir.

— Çary, geçen ýylky önümçiligiň mukdary bilen tanyşmak hem gyzykly.

— 2021-nji ýylda erkek kişilere niýetlenilen aýakgaplaryň sany 2,5 müňden hem geç- di. Barha artýan sargytlara görä, öndürilýän önüm hem köpelýär.

— Kärhana geçen ýyl TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paý- tagtymyzda geçirilen sergä hem gatnaşypdy.

— Hawa, şol sergide «Yelken» haryt nyşanly aýakgaplara gyzyklanma diýseň uly boldy. Hususan-da, sergä gatnaşyjylar kärhanamyzyň önümleriniň ýeňildigini, aýak üçin juda ýaramlydygyny we taýýarlanylyşynyň aglaba böleginiň el işleri bilen bagly bolandygy üçin hiliniň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar.

— Çary, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Mundan beýläk hem kär- hananyň işlerine üstünlik arzuw edýäris.

— Sag boluň!

Agageldi ITALMAZOW. (Öz habarçymyz).

Другие статьи
160def5a197689.jpeg
USSA (Iňlis tymsaly)

Londonyň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan, ýylyň dowamynda meýdandan bärik gelmeýän daýhan Jeýmsiň günleriň birinde iň ýakyn kömekçisi — traktory işlemän duruberipdir. Özüniň-ä bir başy çykanok, goňşy-golamlarynyňam ondan gowulygy ýok. Garaz Jeýmsiň ussa çagyraýmakdan başga alajy galmandyr.


1618a3708c666b.jpeg
IKI ASYRYŇ ŞAÝADY

Uzak ýaşly mähir-muhabbetiň, päkligiň hem ýagşylygyň janly nusgasyny ýüzüňize sylaýyn diýseňiz, gadymy Maru-şahu jahan topragynyň göze! tebigatly Murgap derýasyny etekläp oturan Şordepe obasyna myhman bolup geliň! Elbetde, dünýäde uzak ýaşly ynsanlar ähli adamlaryň ünsüni özünde egleýär. Şeýlekin ynsan biziň obamyzda-da bar.


160e69ce8538f0.jpeg
Öýleriň bezegi «AÝBÖLEK»

Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin а таl edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriniň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär.


161f1489d7715f.jpeg
О МАГИЧЕСКОЙ СИЛЕ РАСТЕНИЙ

Лекарственные свойства растений известны уже много веков и с успехом используются в народной медицине, продлевая жизнь человека. Богата туркменская земля врачующей флорой, людьми, которые её исследовали. Фармацевтические народные знания дополнены преданиями о магической силе культовых растений, создаваемыми порой на грани суеверий.


160c7394ae140a.jpeg
Жаркая погода требует внимания

Несмотря на то, что почти ежедневно с экранов телевизоров и газетных страниц нас предупреждают о негативных последствиях воздействия жаркой погоды на организм, многие из нас продолжают их игнорировать, не желая понимать, к чему может привести нахождение на солнце в часы его максимальной активности.