TÄZE ÝYL GIJESI (NOWELLA)

16:00 01.01.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/476/original-15fef00ce9b786.jpeg

Ertir Nartäç daýza ýegeni Begmyratlara myhmançylyga gelýärmiş. Ejesi Begmyrada bu gün ähli işini goýup, özi bilen bazara gitmelidigini, hatda daýzasyna hemem onuň gyzlaryna sowgadam saýlap almalydygyny aýtdy.

— Nartäç daýzaň örän owadan gyzlary bar. Senem şolaryň birini saýla. Gözüňi dört edip bilsem, arkaýyn aýagymy uzadyp oturyp bilerin. Indi men garradym. Öýüň işlerine ýaramok, balam!

— Eje jan, Nartäç daýzamam, gyzlarynam tanaýan. Şo gyzlara asla owadan däl. Maňa gerek-gä şolaryň hijisem.

— Oglum, seň şol gyzlary göreliň bäri näçe ýyl geçdi. Indem bir gör. Gyz dagam däl şumat olar, Aýyň bir bölegi. Meňem arzuwym tanap, görüp, bilip ýören ýerimden gelin edinmek.

— Eje, senem düşün-äý maňa, men öz halanymy aljak.

— Bolýa, balam, şu gyzlary bir gör, meň göwnüm üçin. Eger göwnüňe ýaramasa, onda seniň göwnüňe ýaran gyzy äbereýin. Ýa göwnüňde barmy biri, ejeňden syr gizleme-de, aýt, balam?!

— Wah, ejem jan, eger göwnümde biri bar bolsa, senden gizlärinmi, arman, şol ýok-da.

— Bilýän, balam, sen entäk gyz saýlap ýetişmediň, şol okuw bilen başagaý bolduň. Şonuň üçinem özüm saňa kömek etjek boldum-da — diýip, Gültäç eje uludan dem aldy. Soňam bir açyş edýän ýaly:

— Begmyrat jan, men hemişe-de seň göwnüňe seretdim, balam. Seň göwnüňe ýaran gyzam äbererin. Daýzaň gyzlaryndan hiç biri göwnüňe ýaramasa, seň saýlanyňa yrzadyryn. Ýöne bir şertim bar. Sen öz ýüregiňdäki gyzy Täze ýyla çenli tapmalysyň. Eger tapmasaň, onda özüm saňa gelinlik saýlaryn.

Begmyrat ejesinden puryja alanyna begendi. «Täze ýyla entek wagt kän, saýlap ýetişerin-le» diýip, pikir etdi-de, ejesi bilen ylalaşdy.

Bazarda diýseň adam kändi. Gyzan bazaryň içinde ejesi bilen aýlanyp ýören Begmyradyň ýekeje arzuwy — çaltrak öýe gaýtmakdy. Şonuň üçinem zol-zol: «Eje, gaýdamyzokm-aý?» diýmekdenem ýadady. Iýer-içer ýaly zatlardan ýüklendiler. Daýzasyna, onuň gyzlaryna sowgadam alyndy. Ähli alnan zatlary Begmyrada berdi-de, Gültäç gelneje ahyrsoňy dillendi:

— Bar, balam, maşyna äkit bulary, aljak-goýjak zatlarymy aldym, gaýdaýsagam boljak.

Begmyrat ýeňillik bilen dem aldy.

— Eje, bazara gelip söwda etmegiň beýle kyndygyny bilmändirin, indikide kakam bilen gaýdarsyň. Men-ä indi gaýtman — diýip ýylgyrdy.

Gujagy zatdan doly bolansoň, öňünden gelýäni görmän kakyp geçen Begmyrat aljyrap yzyna seretdi. Gök köýnekli gyz torbasyndan gaçan miwelerini ýygnaýardy. Begmyrat telek iş edenine düşündi-de, elindäki goşlaryny ýerde goýup gyza kömekleşip ugrady.

— Bagyşlaň, atanlykda boldy. Gyssanyp barýadym-da. Goýuň, özüm ýygnap bereýin.

— Gerek-gä, özüm ýygnaryn — diýip, öýkeliräk ses bilen dillenen gyz kellesini galdyran-da Begmyrady tok urana döndi. Elindäki almalary saklap durşuna, gyza seredip doňup galanyny özi hem duýmady.

Gyzyň owadan uzyn mele saçlary, kirpikmen gözleri, ak ýüzünde ýaýylyp ýatan gür gara gaşlary ýigidi bir demde özüne maýyl etdi. Gözüni gyzdan aýryp bilmän durşuna näme diýjegini, näme hereket etjegini bilmän aljyrady.

— Ber-dä almalarymy!

Begmyrat ukudan açylana döndi. Gyzyň almalaryny henizem elinde saklap duranyna utanyp gitdi. Gyz almalaryny torbasyna saldy-da, tasanjyrap ötägitdi. Begmyrat gyza: «Duraýsana» diýmäge özünde gurbat tapmady. Entegem özüne gelip bilmän durşuna, gyzy gözden ýitirdi. Adamlaryň arasyna siňip giden gyzy gözläp- gözläp aňkasy aşan Begmyrat, elinde agyr goşlaryň bardygynam, ejesiniň garaşyp duranynam unudypdy. Ep-esli wagt geçendir-dä, maşynyň ýanyna baranda eýýäm garaşmakdan ýaňa halys bolan ejesi:

— Saňa düşünip bilmänjik geçdim. «Çalt bol, çalt bol» diýib-ä ot alana dönüp, bazarlamaga maý bermediň, indem seň bazardan çykaryňa garaşyp irikge boldum. Sen näme üçin beýle düşnüksiz çaga? Garry ejeň hakda, heý, pikir edeňokmy sen, näme boldy saňa, ýüzüňde ýüz ýylyň aladasy bar ýaly bolup dursuň? — diýip, gele-gelmäne Begmyradyň ýüzüni aldy.

Şu wagt näme diýende-de, Begmyrat ejesiniň diýýän sözlerini eşidenokdy. Onuň oý-pikiri şol gyzdady. Şol gyzy tapmasa ýüreginiň karar tapmajagyny bilýärdi. Kalbynda söýgi döreden şol gözel baradaky arzuwlar oňa ganat berýänem bolsa, indi şol gyzy tapmak baradaky pikir ony otdan alyp, suwa oklaýardy. Şol günden soň Begmyrat birnäçe gün yzly-yzyna bazara gatnady. Ýöne peýdasy bolmady.

Wagt geçýärdi. Begmyrat köçelerden, seýilgählerden, umuman, köpçüligiň üýşen ýerlerinden gyzy gözledi. Tapmady. Umytdanam düşmedi. Ýöne bir zat welin ýigidi biynjalyk edýärdi. Ejesine beren sözi. Sebäbi Täze ýylam golaýlap gelýär. Ejesiniň öz diýenini gögertjegini bilýärdi. Arman...

Uzak garaşylan pursadam ýetip geldi. Begmyrat Täze ýyl baýramçylygyny dostlary bilen bellejekdigini ejesine aýdan-da, Gültäç gelneje ör-gökden geldi.

— Ýok, ýok, ýok! Bu baýramy näçe ýyldan bäri diňe maşgalamyz bilen belleýäris. Sen öýde bolmalysyň, balam. Ejeňi närza etme.

— Eje jan, düşünýän welin, men dostlaryma-da söz berdim. Oglanlar näme diýer.

— Bolýa, oglanlar bilen otursaň otur welin, on ikiniň zaňy kakylmanka öýde bol. Senem meň ýekeje göz-guwanjym, balam, maňa-da düşün-äý.

Ejesiniň balkyldap duran gözlerine seredip Begmyrat käbesini ynjydasy gelmedi. Täze ýylyň zaňy

kakylýança öýde boljakdygyny wada berip, dostlarynyň ýanyna gitdi.

Dostlar gülşüp-degşip oturdylar, Täze ýylyň şowhuny, daş-töweregiň şadyýanlygy Begmyradyň ýüregine şatlyk bermeýärdi. Kalbynda yz goýan şol gyz barada oýlandygyça, ony gam-gussa basmarlaýardy. Begmyrat: «Bolmanda, ejemi bir gynandyrmaýyn, öýe wagtynda baraýyn» diýip, oglanlar bilen sagbollaşyp gaýdarman boldy.

Şäheriň gözelligini synladygyňça synlasyň gelýärdi. Owadan çyralar çar ýandan ýylpyldaşyp, göýä, ertekini ýadyňa salýardy. Maşyny ýuwaşjadan sürüp töweregi synlap barýan Begmyradyň maşyndan düşüp birsalym gezmeläsi geldi. «Belki, baýramçylyk arçasynyň töwereginde şol gyzam seýil edýän bolaýmasyn...». Begmyrady arzuwlar öz erkine goýmaýardy. Adamlaryň arasyndan gyzy gözläp-gözläp, ahyry iň soňkuja umydynam üzen Begmyrat öýlerine gaýtmak bilen boldy.

Ýanýodadan ýöräp barşyna, garryja aýalyň agtyjagynyň elinden tutup, gyssanyp barýandygyna gözi düşdi. Çagajyk baýramçylyk bolýan ýerden gitmejek bolýardy. Ene bolsa howlukmaçlyk bilen ýöredýärdi. Çagajyk kes-kelläm ýöremekden boýun gaçyrdy-da, ýerde oturyp aglamaga başlady. Näme etjegini bilmän, aljyrap duran enäniň deňinden geçip barýan Begmyrat:

— Jigim, beýdip köpçülikde aglap dursaň aýyp bolar, özüň-ä ullakan ýigit ekeniň. Birden öýüňizde Aýazbaba sowgat goýup giden bolaýmasyn — diýip, çagajyga lak atdy. Aglamasyny goýan çaga Begmyrada seredip:

— Çynyňmy?! Ene, ýör öýe gaýdaly, bol bahym — diýip, ýöräp ugrady. Garry ene Begmyrada minnetdarlyk bildirdi. Entek birsalym agtygy bilen gezelenç etse-de boljakdygyny, emma öýünden agraýak gelninden habar gelendigi, şol sebäpli gyssanyp barýandygyny gürrüň berdi.

— Beýle gyssagly ýagdaý bolsa, sizi öýüňize äkideýin, men ulagly — diýip, Begmyrat teklip etdi.

Öýe ýetýänçäler çagajyk myrlapjyk uklap galdy. Begmyrat çagajygy göterip, garry enäni öýlerine çenli ugratmagy makul bildi.

— Täze ýyl gijesi şeýle hoş habaryň gelenine begenmek begendim. Biziň Täze ýylymyz sowgatly geläýdi — diýip, ene begenjinden dylym-dylym edýärdi. Gapa ýetdiler.

— Senem alada goýaýdym, jan balam, ömrüň uzak bolsun, arzuwlaryňa ýet, oglum, derdime ýaraýdyň — diýip, ene müýnürgedi.

Begmyrat: «Dilegleriňiz kabul bolsun!» diýmäge hyýallananam şoldy welin, Aýyň bölegi ýaly bolup, ýylgyryp gapyny açan gyzy görüp, doňup galdy. Şol mele saçlar, şol ýaýylyp ýatan gür gara gaşlar, şol kirpikmen gara gözler bu gezek öýkeli däl-de, ýylgyryp seredýärdi...

ENEJAN ANNADURDYÝEWA.

Другие статьи
165deed936a5f5.jpeg
АСТАНАБАБА — священное место

Примерно в десяти километрах к западу от города Керки находится средневековый памятник истории Астанабаба, который считается одним из святых мест в мусульманском мире.


165a7c8a619650.jpeg
Сохраняем здоровье зимой

Поддержать свой организм и укрепить иммунитет можно с помощью довольно-таки простых правил, которые помогут вам защититься от простуды и ОРВИ.


162b6bf7b58eab.jpeg
Отпуск на море – для укрепления здоровья

Лето - пора отпусков и каникул, время, когда многие люди едут отдыхать на море в нашу замечательную Национальную туристическую зону «Аваза». Поездка на море - это радостное событие, его с нетерпением ждёт вся семья. Однако чрезмерное пребывание на солнце и повышенная активность на воде могут негативно сказаться на организме.

162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy. Önümleriň, aýratyn hem azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek meselesine Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günün- den uly üns berýär.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.