Öýleriň bezegi «AÝBÖLEK»
11:36 08.07.2021

Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin а таl edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriniň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda hususyýetçilige döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmetçekýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleri dünýä bazarlarynda giň alyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn sarşylanylýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýurdumyza setiritýän önümleriň ornuny tutmak bilen, daşaryýurt bazarlarynda-da mynasyp orun tapmasy her bir türkmenistanlyny çäksiz buýsanja besteýär.
Çagalykda agaçlardan dürli önümleri ýaşamaga bolan arzuwymyň ýetginjeklikde, ýetginjekkäm şahsy mebel dükanyny açmaga bolan islegimiň kämillikde wysalyna gowuşandygyny ýatlamak ähli türkmenistanlynyň ýüreginde hemişelik ýaşaýan «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr» diyen jümläni biygtyýar dilime getirýär.
Ilkinji «Aýbölek» mebel dükanymyz 2000-nji ýylda işe başlady. 2010-njy ýylda bolsa, gözel paýtagtymyzda «Aýbölek» mebel fabriginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň: «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýen gyzyldan gymmatly sözlerinden ugur alyp, şol ýyldan bäri hem oňyn şertlerde özümiziň öndürýän ýokary hilli döwrebap mebellerimiz bilen halkymyza hyzmat edip gelýäris.
Bagtyýarlyk döwrümiziň her bir öýüniň bezegine öwrülen mebelleri öndürýän «Aýbölek» mebel fabrigimizde häzirki wagtda 80-den gowrak hünärmen işläp, olaryň aglaba bölegi ýaşlardan ybarat. Önümleriň çig malyny Türkiýe we Eýran Yslam Respublikasy, Ukraina we Rumyniýa ýaly Ýewropa ýurtlaryndan getirdip, öz ammarlarymyzda işläp taýýarlanandan soňra, müşderilerimize hödürleýän kärhanamyzda agaç önümlerini işläp taýýarlamak üçin ýörite agaç bölümi, demir önümlerini işläp taýýarlamak üçin ýörite demir bölümi we taýýar önümleriň saklanylýan ýörite ammarlary bar. Mundan başga-da, kärhanamyza degişli bolan «Aýbölek» mebel dükanymyz hem bu bölümleriň esasy özenini düzýär.
Agaç we demir bölümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýörite enjamlar oturdylyp, olaryň üsti bilen mebelleriň dürli görnüşleri we demir önümlerine degişli bo¬lan ýörite önümler taýýarlanylýar. Kärhanamyzda diňe öz öndiirýän mebellerimizi elýeter bahadan halka hödürlemän, eýsem, ilatymyzyň isleglerine görä-de, sargytlar boýunça mebelleri taýýarlap, müşderilerimiziň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýarys.
Degişli bölümlerimizde öndürilýän mebellerimiziň aglaba bölegi öý-hojalyk mebelleri, edara-kärhanalar üçin oturgyçdyr stollary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen mekdep oturgyçlary, partalary we resminama tekjeleri, çagalar baglary üçin oýnawaç tekjeleri, nahar stollary, gapylary, çagalar üçin ýumşak mebelleri we egin-eşik tekjeleri, harby bölümleriň ýatakhanalary üçin egin-eşik tekjeleri we ýumşak mebelleri, seýilgählerdäki ýörite oturgyçlary we başga-da dürli görnüşli döwrebap mebelleri bolup, olaryň ählisini alyjylar köpçüligine hödürleýäris.
Kärhanamyz dünýäniň 20-den gowrak mebel kärhanasy bilen söwda aragatnaşygyny saklamak bilen, köptaraplaýyn bähbitli işleri amala aşyryp gelýär. Mundan daşary, kärhanamyzyň täze şahamçalaryny daşary ýurt döwletlerinde-de açmagy maksat edinýäris. Häzirki wagtda bu babatda Türkiýe we Rumyniýa döwletiniň degişli wekilleri bilen gepleşikleri geçirýäris. Meýilleşdirýän şahamçalarymyzda esasy ünsi milliligimize berip, türkmen milli sallançaklarynydyr çaga oýnawaçlaryny, atjagazlary, taýçanaklary, nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň 24 agtygynyň — 24 kowmunyň ulanan tagmalaryny öndürmek isleýän mebellerimiziň aýratyn bezeg nagyşlary hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar. Elbetde, her bir kärhananyň özüne mahsus atlandyrmasy we logotipleri bolup durýar. Daşary ýurt döwletlerinde işini ýöretmek isleýän şahamçalarymyzyň logotipi «Aýbölek» mebel fabriginiň logotipi bolmak bilen, onuň atlandyrmasy güneşli ülkämiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hut özi — «Turkmenistan» diýen at bilen baglanyşykly bolar. Bu hem öz gezeginde hem-ä ata Watanymyz Türkmenistanyň abraýyna abraý goşar, hemem, ýurdumyzyň içerki önüminiň telekeçilikde dünýä ülňülerine laýyk gelmegi bilen, tiz wagtda daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna ýardam berer diýip umyt edýäris.
Ýokary hilli harytlary halka hödiirlemegi baş maksat edinen «Aýbölek» mebel fabriginiň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň aprel aýynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen «Halkara hil» maslahatynyň çäklerinde «Işewürligiň başlangyç ugurlary» atly sergisinde «Aýbölek» mebel fabrigi «GOLD görnüşleri boýunça hil we tehnologiýa üçin Ýewropanyň Halkara derejesi» at¬ly kubokdan we ýörite sertifikatdan ybarat bolan baýraga mynasyp boldy. Bu baýrak ýörite ses berlişik, islegler we teklipler arkaly geçirilip, maslahata gatnaşyjy toparlaryň ählisiniň arasyndan aýratyn tapawutlanma bilen saýlandy. Halkara baýraga mynasyp bolan «Aýbölek» mebel fabriginiň mebel önümleriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, hil taýdan iň ýokary derejede diýlip bahalandyrylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şol ýylyň ikinji ýarymynda, ýagny 2013-nji ýylyň dekabr aýynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen «Ýewropanyň Hil dolandyryş boýunça hal¬kara sergisine» Ýewropa, Aziýa, Amerika, Afrika we Awstraliýa yklymlaryndan 72 döwletiň dünýä belli edara-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, ýokary derejeli wekilleridir telekeçileri gatnaşdylar. Telekeçileriň we dünýä belli kompaniýalaryň öz işlerini ýokary derejede alyp barmakda, önümçilik işleriniň hil babatda ýokary görkezijileri gazanmakda ýeten belent sepgitlerini nazara alyp, «Iň oňat tejribe işi üçin Ýewropanyň baýragy — Wena 2013» halkara baýragyna — ýörite kubogyna we sertifikadyna mynasyp bolduk. Onuň yzysüre hem «Ýewropanyň hil gözleg jemgyýeti» tarapyndan 2014-nji ýylda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde Ýewropa, Amerika, Aziýa, Afrika we Ýakyn Gündogar sebitleriniň ýurtlarynyň görnükli kompaniýalarynyň we guramalarynyň gatnaşmaklarynda hil taýdan ösüşi gowulandyrmak we ösdürmek üçin täze innowasiýalary we işjeň ädimleri nazara almak bilen biziň fabrigimiziň önümleri ESQR-iň Saýlaw komiteti tara-pyndan «Brilliant» derejesiniň «Iň oňat hil Liderligi» atly baýragyna mynasyp boldy. Bu yetilen sepgitler we derejeler biziň «Aýbölek» mebel fabrigimiziň islendik mebel önüminiň dünýä ölçeglerine doly gabat gelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň giňden berýän goldawy bilen işleri hasda ilerleýän mebel fabrigimize gowşurylýan Hormat hatlarydyr baýraklar biziň ýurdumyzyň iň söýgüli mebel harytlarynyň täze görnüşlerini öndürmäge, yhlasly zähmetimiz bilen halka hyzmat etmäge ruhlandyrýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýy mynasybetli kärhanamyz tarapyndan türkmeniň milli nagyşlary we Oguz han atamyzyň 24 agtygynyň tug- ralaryndaky gölleri, tagmalary bilen bezelen 140 görnüşli, hersi biri-birinden tapawutlanýan aý şekilli sallançaklaryň 320 sanysyny halkymyza hödürledik. Mundan başga-da, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna utgaşdyryp, harby gullukçylar, Bilim ministrligi, çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, galyberse-de, ýaşaýyş jaýlary üçin ýörite täze işlenip düzüljek mebel önümleriniň 30 dürli görnüşini halkymyza hödürlemek isleýäris.
Işewürleriň işleriniň ilerlemegi ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!
Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW,
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş müdiri.

USSA (Iňlis tymsaly)
Londonyň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan, ýylyň dowamynda meýdandan bärik gelmeýän daýhan Jeýmsiň günleriň birinde iň ýakyn kömekçisi — traktory işlemän duruberipdir. Özüniň-ä bir başy çykanok, goňşy-golamlarynyňam ondan gowulygy ýok. Garaz Jeýmsiň ussa çagyraýmakdan başga alajy galmandyr.

О МАГИЧЕСКОЙ СИЛЕ РАСТЕНИЙ
Лекарственные свойства растений известны уже много веков и с успехом используются в народной медицине, продлевая жизнь человека. Богата туркменская земля врачующей флорой, людьми, которые её исследовали. Фармацевтические народные знания дополнены преданиями о магической силе культовых растений, создаваемыми порой на грани суеверий.

IKI ASYRYŇ ŞAÝADY
Uzak ýaşly mähir-muhabbetiň, päkligiň hem ýagşylygyň janly nusgasyny ýüzüňize sylaýyn diýseňiz, gadymy Maru-şahu jahan topragynyň göze! tebigatly Murgap derýasyny etekläp oturan Şordepe obasyna myhman bolup geliň! Elbetde, dünýäde uzak ýaşly ynsanlar ähli adamlaryň ünsüni özünde egleýär. Şeýlekin ynsan biziň obamyzda-da bar.

ÇAY — JANA ŞYPA
Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlysy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär:

Жаркая погода требует внимания
Несмотря на то, что почти ежедневно с экранов телевизоров и газетных страниц нас предупреждают о негативных последствиях воздействия жаркой погоды на организм, многие из нас продолжают их игнорировать, не желая понимать, к чему может привести нахождение на солнце в часы его максимальной активности.