IKI ASYRYŇ ŞAÝADY
13:53 09.11.2021

Uzak ýaşly mähir-muhabbetiň, päkligiň hem ýagşylygyň janly nusgasyny ýüzüňize sylaýyn diýseňiz, gadymy Maru-şahu jahan topragynyň göze! tebigatly Murgap derýasyny etekläp oturan Şordepe oba- syna myhman bolup geliň! Elbetde, dünýäde uzak ýaşly ynsanlar ähli adamlaryň ünsüni özünde egleýär. Şeýlekin ynsan biziň obamyzda-da bar. Оl hakda hemmeleriň bilmegini isläp, gojaman saýaty belent daragta meňzäp, bagtyýar maşgalanyň buýsanjy bolup oturan Küti ene bilen didarlaşmagy, söhbetdeş bolmagy müwessa bildim.
Men Küti enäniň oturýan jaýyna baryp:
— Küti eje! — diýip, gapyny kakanymdan, ol meni sesimden tanap, güler ýüz bilen öýe girmegimi sorady. Men garry ene bilen saglyk-amanlyk soraşyp, ejemiň ugradan, öz mellegimizde ýetişdirilen ak bidäne üzümli gaby uzatdym hem-de onuň köp dogaýy salamyny ýetirdim. Ol muňa çaga deý begendi. Durmuşda örän köp üns berýän zatlarymyň biri, ýaşuly adamlara sähelçe ýagşylyk etseň- de, monça bolup, begençden ýaňa göwünleri asmana galýar.
— Oglum, senem ejeňe meniň adymdan köp salam aýt, biz ýaly garryny ýatlanyňyz üçin Alla sizden razy bolsun! — diýip, begenjini daşyna çykardy. Onsoň ol maňa dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanan melhemlik çaýyndan käsä guýup berip:
— Al, iç oglum, bu çaý janyňa em bolar — diýdi-de, gapdalynda duran köneje horjunyndan hasa dolanan erik kakyndan uzatdy.
Men garry enäniň melhemlik çaýyny içip, söhbedimiziň arasynda uzak ýaşamagyň syry bilen gyzyklandym.
— Ilki bilen-ä, hemme ildeşlerimize agzybirlik, bagt, saglyk bilen meniňki ýaly ýüz bäş ýaşamagy arzuw edýän. Galyberse-de, näme, jan saglygyňy gorap saklamak, dürs hereketleri etmek, halal zähmetden gaça durmazlyk, wagtly-wagtynda naharlanmak, wagtynda ukyňy almak jan-saglygyň ilkinji şertleri-dä! Şu sananlarymyň hemmejesini wagtly-wagtynda dogry ýerine ýetireniňde, ýaşyň uzar barar — diýip, buýsançly ýylgyran enä ýene-de sowal berdim:
— Küti eje, uzak ýaşyňyzyň başga-da gizlin syrlary barmy ýa-da ýaňky sananlaryňyz ýeterlikmi?!
— Başga-da, jan oglum, dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanan şunuň ýaly melhemlik çaýdan köpräk içseň, öz bereketli topragymyzda ýetişdirilýän tebigy miwelerden taýýarlanan kakdyr kişmişleri känräk iýseň, şo zatlaryň ähmiýetem örän uludyr. Indi menem kän ýyllardan bäri hormatly dynç alyşdaky adam. Perzentlerime, agtykdyr çowluklaryma, saňa aýdyşym ýaly, öwüt-ündew edäýmesem, känbir bitirýän goşum ýok. Ýaşaýan öýümizem Murgap derýasynyň kenarynda bolandygy üçin ýaz, tomus aýlary öz başarnygyma görä, agtyklarym bilen dermanlyk ot-çöplerden ýygnap, soň olary kölegede guradyp, melhem çaýlar üçin ulanýan-da!
– Uzak ýaşamagyň ýene bir syry halal zähmet çekmekdir. Bugdaýly pellerde orak orardyk, güýzde pagta ýygardyk. Ömrümizi halal zähmete, daýhançylyga bagyşladyk. Ene topragymyza, ata Watanymyza söýgimizi, adamlara hormatymyzy birjigem gowşatmadyk. Şeýdibem bagtyýar döwre ýetdik. Bu günki gün bir oglumdyr iki gyzymdan on alty agtygym, kyrk üç çowlugym, üçýuwlugym bar. Şolara buýsanybam başbitin, agzybirlikde ýaşap ýörün, ynha, görşüňiz ýaly.
Ýaşaweri, mähriban ene! Siz deýin iki asyryň şaýady bolup, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, nesilleriň bagtyna guwanyp ömür sürýän ynsanlaryň sany artsyn dursun!
Şageldi SALYHOW,
Murgap etrabynyň Şordepe geňeşligi.

USSA (Iňlis tymsaly)
Londonyň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan, ýylyň dowamynda meýdandan bärik gelmeýän daýhan Jeýmsiň günleriň birinde iň ýakyn kömekçisi — traktory işlemän duruberipdir. Özüniň-ä bir başy çykanok, goňşy-golamlarynyňam ondan gowulygy ýok. Garaz Jeýmsiň ussa çagyraýmakdan başga alajy galmandyr.

О МАГИЧЕСКОЙ СИЛЕ РАСТЕНИЙ
Лекарственные свойства растений известны уже много веков и с успехом используются в народной медицине, продлевая жизнь человека. Богата туркменская земля врачующей флорой, людьми, которые её исследовали. Фармацевтические народные знания дополнены преданиями о магической силе культовых растений, создаваемыми порой на грани суеверий.

Öýleriň bezegi «AÝBÖLEK»
Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin а таl edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriniň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär.

ÇAY — JANA ŞYPA
Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlysy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär:

Жаркая погода требует внимания
Несмотря на то, что почти ежедневно с экранов телевизоров и газетных страниц нас предупреждают о негативных последствиях воздействия жаркой погоды на организм, многие из нас продолжают их игнорировать, не желая понимать, к чему может привести нахождение на солнце в часы его максимальной активности.