Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

https://ussatnews.com/storage/posts/1066/original-160750203f1cce.jpeg

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan Ukraina üçin hemişe strategik hyzmatdaş, ygtybarly we ynamly dost bolup geldi. Ukrain halky Türkmenistanyň Baştutanynyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary hemmetaraplaýyn goldaýar. Şol başlangyçlar sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň sütünlerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Olaryň hatarynda şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda başlangyç hem bar. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edildi hem-de ýörite Kararnama bilen berkidildi.Bu başlangyjyň giňden goldanylmagy türkmen tarapynyň öňe sürýän durnuklylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmegiň zerurlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Ukraina bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli guralýar.

Hormatly Prezidentimiz ilçini Ukrainanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen asylly hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan uzak möhletli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy.

Diplomat şu ýylyň şanly senesi — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň öz ýubileýini güýçli, kuwwatly, ykdysady taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde garşylaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bar bolan özara gyzyklanma diňe iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň biri-birine bähbitliligi bilen däl-de, eýsem, iki dostlukly halkyň öňden gelýän taryhy we medeni-ruhy gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Öz wagtynda Türkmenistanda köp ýyllar işlän ilçi ýurdumyzda bolup geçen özgerişliklere ýokary baha berip, bu günki gün Aşgabadyň abadançylygy hem-de soňky ýyllarda kemala gelen täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko milli Liderimizi iki dostlukly halkyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Başga habarlar
16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.

16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.