Makalalar
1641b46fabe749.jpeg
Ýelpewaç şekilli agaç
22.03.23 - 23:20

Madagaskaryň kenarýakalaryny umman şemallaryndan goraýan Rawenala agaçlary syýahata we dynç almaga gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän tebigy gözellikleriň biridir. Ol palma agajyna çalym edýär.


16405a9f1dd34f.jpeg
NESILLERIŇ BUÝSANJY SIZ PYRAGY
06.03.23 - 13:53

Gündogaryň görnükli şahyr – filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny, döredijiligini, edebiýatyny, pelsepesini öwrenmek hem-de dünýäde dabaralandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Ine 2024 – nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de dünýäde dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen häzirki wagtdan başlap taýýarlyk görülýär.


163ed12c6e6e1f.jpeg
Hormat gazanan işgär
15.02.23 - 22:13

Biz ussatnews.com elektron gazetiniň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň dürli düzümlerinde zähmet çekýän hem-de kärdeşleriniň we jemgyýetiň hormatyna mynasyp bolan zähmetkeşler barada gürrüň bermegimizi dowam edýäris.


163be69bd45592.jpeg
Gülälek BABAKULOWANYŇ GURJAKLY DÜNÝÄSI
11.01.23 - 12:48

Biz dürli gurjaklary ýasap, milli lybaslar bilen bezemegi özüne kär edinen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy bolup zähmet çekýän Gülälek Babakulowa paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide gabat geldik.


163afdafb0aa21.jpeg
Dünýä edebiýatynyň wekili Alyşir Nowaýy
31.12.22 - 11:47

Dünýä edebiýatyna girmek üçin, onuň bir sahypasynda galmak, bir jümlesinde ýer almak hem- de dünýä derejesinde öz eliňdäki senediň wekili hökmünde tanalmak elbetde ol her kese ýetirenok.


163abc9fd041fd.jpeg
Ýatdan çykmajak syýahat üçin ýurdumyzyň iň owadan ýerleri
28.12.22 - 09:45

Her bir ýurduň özboluşly owadan ýerleri we olaryň öz relýefi bar. Türkmenistanyň çäginde müňýyllyklaryň dowamynda ilkinji döwletleriň binalary we Merkezi Aziýanyň ajaýyp tebigy aýratynlyklary saklanyp galypdyr.


163a18f99658d9.jpeg
Milli türkmen telpegi
20.12.22 - 15:34

“Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, häsiýetleri, ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, ХХI asyrda- türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklerine ýetdi” G.Berdimuhamedow


16381c1cc73e3c.jpeg
Ýunus Emreniň döredijiligi täsin dünýägaraýyşlarynyň netijesinde şu güne çenli syrly bolup galdy
26.11.22 - 12:35

Diwanlaryň ulusyny ýazan, älemleriň syryny açmaga çalyşan, dünýäniň , hat-da iki älemiň bir köprüsine göz ýetiren, halys inçe lirizmi bilen günümizi iň ajaýyp filosofy Ýunsu Emre bu gün edebiýatyň iň kämil, iň ýokary baýdagydyr.


162f0db702c557.jpeg
Türkmenistanda güýz pasly medeni çärelere baý bolar
08.08.22 - 14:46

Türkmen güýzüniň medeni çärelere baýlygy öz-özünden düşnükli, çünki sentýabr aýynda ýurdumyzyň baş baýramy – hemişe ruhubelentlik hem-de dabaraly ýagdaýda baýram edilýän Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär.


162cc1e98cf204.jpeg
Gülküli keşpleriň ussady Amangül MÄMMETÝAZOWA
11.07.22 - 17:59

Sungatyň jadyly dünýäsine kökerilen her bir ynsan oňa maýyl bolýar. Köňül köprüsine öwrülen bu sungatyň ynsanlary has-da jebisleşdirýändiginiň şaýady bolmak – uly bagt. Her bir sahna oýnunda tomaşaçynyň ilkinji ünsüni çekýän zat artistiň şol keşbi ussatlyk bilen ýerine ýetirmegidir. Sungatyň ylham beriji güýjüni kalbyňa guýmazdan, kämillik hakda söz açmak mümkin däl. Çagalykdan sungaty hemra tutunan, özüniň gülküli sahna çykyşlary bilen halkyň söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül MÄMMETÝAZOWA bilen söhbetdeşligimiz sungatymyzyň ösüşli menzilleri dogrusynda boldy.


162cc3c7df2bf5.jpeg
Musulman dünýäsiniň mukaddes baýramy
10.07.22 - 23:58

Musulman dünýäsinde belli baýramlaryň içinde iki sany baýram iň uly baýramçylyk hasaplanýar. Olaryň biri “Оraza” baýramy, ikinjisi bolsa “Gurban” baýramydyr. Bu baýram Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň döwründen bäri dowam edip gelýän dessur bolup, Baýram aýynyň 10-12-si aralygynda geçirilýär.


162b9e027e62bd.jpeg
Sungat ussatlary Döwletgeldi Annamyradowyň, Anna Meläýewyň, Batyr Çaryýewyň baýramçylyk gutlagy
27.06.22 - 21:11

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni aýratyn many-mazmuna beslenip, giňden bellenilýär. Indi on ýyl bäri bellenilip gelinýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi her ýyl ýurdumyzyň bir welaýatynda uludan bellemek asylly däbe öwrüldi.



16242cf6223d4e.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýew
29.03.22 - 14:20

Saz ynsan kalbyna rahatlyk berýär. Hatda şeýle bir sazlar bar, saňa ruhy güýç berýär. Her bir diňleýji ýüregi bilen ýürekdeş heňe duşanda oňa maýyl bolup, bir pursatlyk dünýäni unudýar. Özüne bendi edýän ol owazlary kompozitorlar döredýärler. Şeýle ussat halypa kompozitorlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýewdir.


16220688f70472.jpeg
Aly ALYÝEW: «Bagtyýarlyk döwrüni wasp edip, aýdym aýdasym gelýär»
03.03.22 - 12:04

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolanlara şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.