
Arkalaşykly işiň miwesi
01.04.23 - 11:23«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat —Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze döredijilik gözlegleri bilen işleýän öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir.

Has çuň gatlaklara aralaşyp
30.03.23 - 11:35Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.

Guwandyryjy jemler, geljege ynam bilen
27.03.23 - 18:00— Geçen ýylda ýurdumyzda uly ösüşler, düýpli özgerişlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikde biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleriniň hem mynasyp zähmet paýy bar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen gürrüň berýär.

Ýelpewaç şekilli agaç
22.03.23 - 23:20Madagaskaryň kenarýakalaryny umman şemallaryndan goraýan Rawenala agaçlary syýahata we dynç almaga gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän tebigy gözellikleriň biridir. Ol palma agajyna çalym edýär.

Türkmenistanyň Geofizikleriň işleri ileri
19.03.23 - 14:30«Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmenleri uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak ugrunda yzygiderli berýän kömek-goldawlary arkaly «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalaryna degişli gözleg hem ulanyş guýularynyň üç ýüz ýigrimi bäşden köpräginde geofiziki barlaglary we beýleki işleri geçirip, täze — 2023-nji ýyla şowly badalga aldylar.

NESILLERIŇ BUÝSANJY SIZ PYRAGY
06.03.23 - 13:53Gündogaryň görnükli şahyr – filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny, döredijiligini, edebiýatyny, pelsepesini öwrenmek hem-de dünýäde dabaralandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Ine 2024 – nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda hem-de dünýäde dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen häzirki wagtdan başlap taýýarlyk görülýär.

Sanly ulgam-döwrebap ösüş
01.03.23 - 10:46Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalary onaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet hyzmatlarynyň sanly ulgama geçilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär

Siňdirilen yhlasyň miwesi
25.02.23 - 17:15Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem talyp ýaşlary bedenterbiýä we sporta çekmek, olaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere galdyrmaklary ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar.

Ýyladyş desgalarynyň kadaly işlemegi gazanylýar
20.02.23 - 16:11«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri häzirki gyş günlerinde müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün edýärler.

Hormat gazanan işgär
15.02.23 - 22:13Biz ussatnews.com elektron gazetiniň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň dürli düzümlerinde zähmet çekýän hem-de kärdeşleriniň we jemgyýetiň hormatyna mynasyp bolan zähmetkeşler barada gürrüň bermegimizi dowam edýäris.

Eksporta niýetlenen önümler
13.02.23 - 11:47«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemekde, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda ýokary önümçilik netijelerini gazanýanlaryň arasynda Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Olaryň agzybirlik hem-de yhlas bilen çekýän zähmeti ýerine düşýär.

Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
10.02.23 - 12:32«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär. Milliardlarça amerikan dollary möçberinde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu toplumda katalitik reforminginiň we millisekunt katalitik krekinginiň, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglaryny, polipropilen öndürýän, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy.

Täze binada, amatly şertlerde
29.01.23 - 14:08Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýaly röwşen ýoly uly ynam bilen ýöredýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyz sözüň doly manysynda uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Biri-birinden owadan, işlemek, ýaşamak üçin amatly ymaratlar oba-şäherlerimize görk berýär. Şeýle binalaryň biri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň adybir obasynda peýda boldy.

Hem gymmatly, hem islegli baýlyk
15.01.23 - 11:28Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar.

Gülälek BABAKULOWANYŇ GURJAKLY DÜNÝÄSI
11.01.23 - 12:48Biz dürli gurjaklary ýasap, milli lybaslar bilen bezemegi özüne kär edinen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy bolup zähmet çekýän Gülälek Babakulowa paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide gabat geldik.