HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
07.07.26 - 16:06Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
17.06.26 - 22:15Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi
03.06.26 - 11:18Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamagynda “Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy” boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy.
Hünär kämilligini ele alýarlar
28.05.26 - 14:28«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binasynda mundan iki ýyla golaý wagt ozal konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
20.05.26 - 05:36Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
07.05.26 - 23:36Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ NUSGASY
15.04.26 - 12:36Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
06.04.26 - 12:28Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy
28.03.26 - 10:10Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
14.03.26 - 23:1712-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy
08.03.26 - 17:48Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Balkanabatda “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi
07.03.26 - 17:23“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlap, mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Milliligim-buýsanjym, başlara göwher täjim” ady bilen yglan edilen “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi.
Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi
24.02.26 - 16:57«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär
21.02.26 - 23:07Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2026-njy ýylyň 23-nji fewraly – 8-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi: «Oguzrobot» Hytaýda geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy
18.02.26 - 10:062026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen FIRST Tech Challenge (FTC) robot tehnikasy boýunça çempionatyň sebit tapgyry ýurdumyzyň okuwçylary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy.