Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow

«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýewiň sözlerine döredilen bu aýdym Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň ýerine ýetirmeginde diňleýjileriň ýürek töründen orun aldy. Kämil şygyr ussat aýdymçynyň zehini bilen gaýtalanmajak sungat eserine öwrülip, oňa täze, has belent ykbal bagyşlady. Türkmen gözellerimizi wasp edýän «Türkmen gözeli» aýdymyny diňlän mahalyň sadadan edep-ekramly gyzlarymyzyň keşbi göz öňüňde janlansa, «Şirina» aýdymynda çynar boýly, owadan hem mylaýym Şiriniň keşbi ör-boýuna galýar.
Hawa, ussat halypanyň ýerine ýetirýän aýdymlary ynsan kalbyna nur bolup dolýar. Biz okyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowy redaksiýamyza myhmançylyga çagyryp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.
— Halypa, siziň döreden aýdymlaryňyzy döwürdeş aýdymçylarymyz höwes bilen ýerine ýetirenlerinde, halk «Akyşyň aýdymy» diýip, bada-bat tanaýar. Megerem, bu siziň sungatda öz ýoluňyzyň aňlatmasydyr.
— Sungat äleminde hemişelik galmak isleýän her bir döredijiniň öz ýoly, öz sözi, öz ýüzi bolaýmaly. Döredýän eserleriň hem öz perzendiň ýaly. Sen olary ýüregiňde ençe wagtlap göterip, olara öz duýgularyňdan dem, pikirleriňden jan berýärsiň. Onsoň, olar seniň adyň bilen tanalyp, söýlüp okalsa, diňlenilse, şondan uly bagt bolup bilermi?!
— Dogry aýdýarsyňyz. Biz muny siziň joşup aýdýan aýdymlaryňyzda, ylaýta-da «Arkadag!» aýdymyňyzda örän ýakyndan duýýarys.
— «Arkadag» atly aýdymymyň diňleýjilere şeýle ýakymly täsiriniň esasy sebäbini onuň sözleriniň hem, sazynyň hem kalbymdan joşup çykanlygy bilen baglanyşdyrmak isleýärin. Bu aýdym, meniň Milli Liderimize — Gahryman Arkadagymyza bolan daglar deýin beýik hormatymyň netijesinde dörän umman ýaly joşgunymyň, päkize ylhamymyň miwesi. Men bu aýdymy döretmegi niýet eden pursadymdan, onuň sözleri-de, sazy-da öz-özünden kalbyma doluberdi. Iň begenýän zadym hem, arzuwlan aýdymymyň şowly çykmagy hem-de oňa ýürek duýgularymy, öz halkynyň merdana Ogluna bolan buýsanjymy siňdirip bilmegim. Görýäňizmi, siz hem, ilki bilen, şol aýdymdan söz açdyňyz. Diýmek, Gahryman Arkadagymyz hakyndaky aýdymym halkymyzyň ýüreginde öz mynasyp ornuny eýeläp bilipdir.
— «Ata kesbi — ogla halal» diýleni. Ogullaryňyz döredijilik dünýäňiziň miweleri. Olaryň sungat ýolundan gitmegine döwtalap bolupmydyňyz?
— Ogullarym başga bir kär-hünäriň başyny tutmak barada pikir hem eden däldirler. Olary çagalykdan yzyma tirkäp, studiýama alyp giderdim. Aýdym nähili döreýär, saz nähili ýazylýar, bu zatlara olar çagalykdan belet bolup gitdiler. Ata üçin ogullaryň öz döreden, yz goýan ýolundan ýöremegi, dowam etmegi örän buýsançlydyr. Uly oglum Şöhrat Saparow «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Kiçi oglum Baýramhan hem sungat äleminde kämillige ýetmek üçin yhlasyny gaýgyranok. Bu buýsanç otursam-tursam kalbyma şatlyk çaýyp, güýç-gurbat berýär, ýaşadýar hem ýaşardýar. Aslynda, öz üstünlikleri, hormat-söýgüleri bilen her dem goldap, ähli zatda ýüzlenip duran şägirtlerim barka garramalam däl men.
— Halypa, söhbetdeşligimizi manyly ömür ýoluňyz baradaky söhbet bilen dowam edäýsek...
— Men Kaka etrabynyň Mehinli geňeşliginde doglup, şol ýerdäki 4-nji orta mekdebi tamamladym. Biziň maşgalamyz aýdym-saza sarpa goýýan, sungaty söýýän maşgala. Enem-atam sungata höwesimi duýup, kiçi wagtlarym maňa aýdym aýtdyryp, üns bilen diňlärdiler. Özüne üns berilýändigini duýmak, özüniň diňlenilýändigini görmek çaga üçin bagt eken. Şol zatlaram meniň sungata imrinmegime sebäp boldy. Şu ýerde enem janyň adyny-da hormat bilen tutasym gelýär. Enem Ogulsoltan eje şahandaz zenandy. Enem meniň aýdym aýdasymyň gelýändigine begenipdi. Onuň durky bilen tolgunyp, eli gitaraly agtygyna — maňa ak pata berşi hakydamda öçmejek pursada öwrülip galdy.
— Sungat ýoluna gadam basan ýaş zehine ygtybarly halypa gerek. Çyn halypasyna duşmak şägirt üçin ähli üstünligiň gözbaşy diýsek ýalňyşmarys.
— Hawa, halypanyň yhlasy şägirdi üstünlige ýetirýär. Men türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirdi, Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýewiň ýanynda bolup, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrendim. Halypa kämil bolanda, şägirdine diňe bir aýdym-sazy öwretmek däl, eýsem, sahnada, köpçülikde, hatda ýeke wagty özüňi nähili alyp barmalydygyny öwredýär. Öwezgeldi Tekäýew maňa ýadamazlygy, ýaltanmazlygy, mydama täzeligiň gözleginde bolmagy tabşyrardy. Hakykatdan hem, adam maksadyna ýetmek üçin ömrüniň dowamynda gözlemeli, göreşmeli, öwrenmeli, tejribe toplamaly eken. Men muňa soň-soňlar düşündim. Halypamyň ýene bir artykmaç, tapylgysyz tarapy, ol: «Sen meniň şägirdimsiň» diýip, öz galybyna saljak, seni öz döreden ýolundan ýöretjek bolmazdy. Oňa derek seniň aňyrsy-bärsi görünmeýän sungat äleminde täze ýyldyz bolup dogmagyň, öz ýoluňy döretmegiň üçin jan ederdi. Men şeýle halypamyň bolandygy üçin hem özümi bagtly saýýaryn.
— Akmuhammet aga, indi siziň özüňiz ýaş aýdymçylara tapylgysyz halypa. Döredýän aýdymlaryňyz teleradioýaýlymlarda ýaş aýdymçylar tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilýär.
— Durmuşda esasy ünsümi sungata, aýdym-saza gönükdirenim üçin repertuarym baý diýip biljek. Şonuň üçin, ilki bilen, ogullarym, şeýle-de ýaş aýdymçylar meniň repertuarymdaky öň kän aýdan, halk üçin ýakymly ýatlama öwrülen aýdymlaryma täzeçe röwüş berip, diňleýjilere ýetirýärler. Bu diňleýjä-de, maňa-da, aýdymçylaryň özlerine-de ýakymly. Mysal üçin, «Amangül» aýdymymy alalyň. «Amangül öýden çykanda» — bu aýdymy ýaş aýdymçylaryň köpüsi aýdýar. Bu aýdym döräli bäri türkmen toýlarynyň bezegi boldy. Ol aýdym şonuň bilen birlikde «Gözeller gelýärler», «Bagt näme?», «Diwana men», «Aşyk men», «Garaşarmyň Maýam maňa?» ýaly aýdymlarym hem halkyň kalbynda, aňynda orun tutdy. Halk ol aýdymlary öwran-öwran diňläp, kalbyndaky, aňyndaky ýatlamalara täzeden dolanýar, olary täzeden başdan geçirýär. Şeýle aýdymlarym başga-da kän. Olar meniň ýaş wagtymda aýdan aýdymlarym. Joşgunly duýgularyň badyny ýaşlyk göterýär. Ine, şu ýerde-de meniň daşymy gallap duran, ýolumy dowam etdirmäge döwtalap ýaşlar kän. Olar meniň aýdymlarymy uly yhlas bilen ýerine ýetirýärler.
— Siziň bagtyýarlygyňyz muşdaklaryňyza hem bagtyýarlyk eçilýär. Akmuhammet halypa, hormatly myhmanymyz bolup, biziň bilen söhbetdeş bolmagyňyz duýguly dünýämize ylham bagyşlady. Halypa, mahmal sesiňiziň hoş owazy hemişe ýaňlanyp dursun!
— Sungata sarpaly döwürde ýaşamak, döretmek nesip edeni üçin ykbalymdan müňde bir razy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz döredýän eserleri bilen sungat işgärlerine görelde bolup dur, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli babatda bizi goldaýar. Tüýs ýaşamaly, işlemeli, döretmeli döwür bu döwür. Goý, şeýle ajaýyp döwri döreden beýik ynsanlar — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç, mertebeleri mundan hem belent bolsun!
— Aýdanyňyz gelsin, halypa!
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.

Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa
Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.

Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.

Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.