Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
27.11.24 - 23:42Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
04.04.23 - 09:39Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
26.03.23 - 18:06Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
30.10.22 - 22:20Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
30.12.21 - 07:53Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
27.07.21 - 16:27Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.
Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Çary PAÝTYKOW
19.07.21 - 07:50Gazetimiziň şu günki myhmany — «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, ylmy makalalaryň 83-siniň (3-si monografiýa), şeýle hem golýazma işleriniň 30-synyň awtory Çary Mommyýewiç PAÝTYKOW.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Eneş REJEPOWA
25.06.21 - 10:41Köpsanly okyjylarymyzyň haýyşy boýunça biz ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň zehinli aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Eneş REJEPOWANY myhmançylyga çagyrdyk.
SSSR-iň halk artisti Sabyr ATAÝEWA
13.06.21 - 21:15Türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamak we ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, medeniýet — halkyň kalby, sungat bolsa — milli baýlygymyz.
Professor Nurýagdy SUWHANOW
31.05.21 - 13:26Ussatnews.com elektpon gazetiniň redaksiýasynyň nobatdaky myhmanynyň ady Türkmenistanda giňden tanalýar. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, ençeme döwlet sylaglarynyň eýesi, professor Nurýagdy SUWHANOW.
Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenko (Arhiwden alynan söhbetdeşligimiz)
28.04.21 - 22:42Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde guralan belli «Sýabry» belarus toparynyň konserti uly üstünlige beslendi. Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky belli döredijilik topary iki sagadyň dowamynda dünýäde diňleýjileriň millionlarçasynyň kalbyna siňen heňleri we öz täze aýdymlary ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW
25.04.21 - 16:46Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW
27.04.21 - 13:58Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew
31.03.21 - 08:57Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.
Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEW
05.03.21 - 23:15Biziň gürrüňini etjek bolýan aýdymçymyz özüniň zehini, başarnygy bilen sungat ýolunda abraý gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEWDIR. Ol owazlar dünýäsinde ýaşaýar, onuň «Arkadag», «Türkmenistan», «Ak şäherim Aşgabat», «Gumly gelin», «Ýüregimde adyň bar» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Biz elektron gazetimiziň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.