Ussatlar

Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarow

https://ussatnews.com/storage/posts/13238/original-16a622cfc5393a.jpeg

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarowa belent heňi bilen ömrüniň iň naýbaşy eserini döreden ussatlaryň biri diýip aýtmak bolar. Käbir sesler bolsa diňe bir aýdymy däl, eýsem, tutuş bir döwrüň duýgusyny beýan edýär. Ine-de, biziň ýanymyzda ene waspy, zenan tarypy bilen diňleýjileriniň göwün köşgünde orun alan belent sesli opera aýdymçysy Tirkeş Mätnazarow.

— Tirkeş, sizi redaksiýamyzda hoş gördük! Halkyň söýgüli aýdymçylarynyň biri hökmünde siziň döredijiligiňiz bilen okyjylarymyz gyzyklanýar.

— Elbetde! Biziň ylham çeşmämiz halkymyzyň bizi diňlemäge bolan isleginden gözbaş alýar. Eger halk meniň bilen gyzyklanýan, meniň sungatyma sarpa goýýan, meniň içki dünýämiň aýnasy bolan pikirlerim, duýgularym hakynda bilmek isleýän bolsa, onda dünýäde menden bagtly adam ýok.

— Sizde sungata jany-teni bilen berlen, ýaşaýşa egsilmez söýgi döredýän güýji görýäris. Siziň bu derejä ýetmegiňizde halypalaryň täsiri bolandyr, elbetde.

— Halypalaryň yhlasy şägirdi üstünlige ýetirýär. Olaryň aýdymlary meniň üçin durmuş mekdebi. Halypalaryň her bir öwüt-ündewi, maslahatlary ýol-ýörelgäm. Talyp döwürlerim milli opera sungatynyň saýrak bilbilleri, halypalarym Nury Meredow, Atageldi Garýagdyýew, Maýa Kulyýewa dagy «Sungat adamy mydama täze gözlegde bolmalydyr» diýip maslahat beripdiler. Halypa Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýtmagyň medeniýeti dersinden okadypdy. Şonda halypanyň aýdymyň inçe syrlaryny düşündirişi häzirlerem ýadymda. Ynsan maksadyna ýetmek üçin ömrüniň dowamynda öwrenmeli, halypalardan tejribe toplamaly. Halypa görseň, kämil bolýarsyň. Aýdym-saz, sahna, kärim, ykbalym — bu zatlar meniň üçin uly bagt.

— Bu uly bagtyň eýesi bolmagyň jogapkärçiligem bardyr...

— Onda-da nähili! Özüňizem şaýatsyňyz. Ýurdumyzyň islendik pudagynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bir hatarda, biz — sungat işgärleri üçin döredilýän mümkinçilikler, ajaýyp şertler sanardan kän. Işlejek diýseň, hemme kämil üpjünçilikli mermer binalar, ylham aljak diýseň, gyşyn-ýazyn atyr ysyny saçyp oturan al-ýaşyl seýilgähler, maşgalaň, perzentleriň beýik döwrüň eşretini duýup ýaşaýarlar, bilim alýarlar. Sungatymy dünýä ýaýjak diýseň, oňa-da ýol açyk. Germaniýada, Azerbaýjanda, Gazagystanda, Russiýa Federasiýasynda, Horwatiýada, Türkiýede, Özbegistanda, Tatarystanda bolup, uly sahnalarda türkmen hem daşary ýurt dillerinde aýdym aýtmak miýesser etdi. Birnäçe gezek Şa serpaýyna eýe boldum. «Türkmenistanyň halk artisti» diýlen belent derejeli at berildi. Sungatyňa hormatyň nyşany bolan el çarpyşmalaryň yzy üzülenok. Bu aýdanlarymyň bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaýar. Olaryň gymmatyny diňe öz päk zähmetiň, zehin-ukybyň bilen kämilden-kämil eserleri döretmek arkaly ölçäp, ýerine salyp bolýar. Şonuň üçin hem döretdigiňçe, döredesiň gelýär.

— Opera aýdymy beýleki aýdymlardan has çylşyrymlysy bolsa gerek?

— Elbetde, opera sungaty diňe owaz däl, dem alyş usuly, sahna medeniýeti, keşp açmak, saz bilen bir bitewülik örän möhüm. Aýdymda erkek kişileriň arasynda sesler

3 topara bölünýär. Olar bas, bariton, tena (inçe ses). Meniň sesim ýogyn bolup, bas toparyna girýär. Her bir çykyşym hem uly taýýarlygy talap edýär.

— Sahnada dürli ýyllarda haýsy keşpleri döretdiňiz?

— Sahnada keşp döretmek ussatlygy hem zehini talap edýär. Talyp döwürlerim opera sungatyny gowy görerdim, şeýdibem opera meniň ykbalyma öwrüldi. Türkmenistanyň halk artisti Annagurban Annarejebowyň maňa beren maslahatlarynyň netijesinde talyp döwürlerim «Şasenem-Garyp» operasynda Şaapbasyň, mollanyň keşbini ýerine ýetirdim. Şeýle-de «Leýli-Mejnun» operasynda Leýliniň kakasynyň keşbini, «Ruhubelentler» operasynda Göroglynyň keşbini janlandyrdym. Sungat ýeňil ýol däl. Sungata ýürekden ýapyşsaň, zähmetiň hökman öz miwesini berýär.

Zehin daragty köp halatlarda çagalyk ýyllarynda pyntyklaýar. Oňa doglan ýeri, daşyny gurşan jemgyýeti, iň esasy-da, maşgalasy täsir edýär. Bu sizde-de şeýle boldumy?

— Hawa. Men Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda doguldym. Orta mekdebi tamamlap, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky sazçylyk mekdebiniň hor, dirižýorlyk bölüminde okadym. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilimimi artdyrdym. Welaýatymyz dessançy bagşylaryň mekany, bu topragyň adamlary «sungat bilen bagry badaşan» ynsanlardyr. Ejem-ä: «Sen dil açanyňdan, aýdym aýdyp başladyň» diýip degişýär welin, ugrunda bar bolmagy-da ähtimal. Sebäbi çagalar bagyndaky terbiýeçi enekäm hem ejeme: «Şu ogluň hökman aýdymçy bolar. Sesini «goý» diýibem goýduryp bolmaýar, hemmelere aýdym aýdyp berýär» diýýän eken. Şol wagtlar 3 ýaşymda ekenim. Ilkinji aýdan aýdymym «Akja kepderidi». Orta mekdepde okan döwrümde deprek saz guralyna erk etmegi-de öwrendim, gapdalyndan aýdym aýtdym. Ýadyma düşýär, 5-nji ýa 6-njy synpdadym, mugallym: «Ulalanyňyzda haýsy käriň eýesi bolmak isleýän bolsaňyz, ak kagyza ýazyp getiriň!» diýipdi. Şonda men «Aýdymçy, artist boljak» diýip ýazypdym.

— «Aýdymda saz bilen sözüň sazlaşygy hökman» diýilýän jümlä nähili garaýarsyňyz?

— Onuň dogrudygy hakda çigit ýaly-da ikirjiňlenmek bolmaz. Ol edil kanun mysaly, hökman bolaýmaly ýagdaý. Söz bilen saz berk el tutuşmasa, aýdymçy nähili zehinli bolaýsyn, ýüreklere girip bilmez. Munuň üçin halkyň dilini tapyp bilýän, şygyrlary bilen iliň kalbynda ýer alan şahyrlara ýüzlenmeli. Men öz tejribämden mysal getirsem, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Atamyrat Atabaýewiň döredijiligine köp ýüzlenýärin. Şeýle-de döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyndan hem aýdym döredýärin. Annaberdi Agabaýewiň sözlerine «Ene elleri», Atamyrat Atabaýewiň sözlerine «Gözel», Kakamyrat Rejebowyň sözlerine «Uzak ýaşa Arkadag», «Uýalarym», Baýramsoltan Gurbanowanyň sözlerine «Arkadag Serdarly Türkmenistanym», Sädi Sädiýewiň sözlerine «Kaka», Gurt Näzliýewiň sözlerine «Zenan diýmek dünýedir» diýen goşgularyny aýdym edip, diňleýjilere ýetirdim.

— Ene diýlende, maşgala mukaddesligi hakydaňa gelýär. Söhbedimizi maşgala durmuşyňyz baradaky gürrüň bilen dowam edäýeli!

— Biziň uly hem bagtly maşgalamyz bar. Maşgalam Altyn mugallymçylyk kärinde zähmet çekýär. Biziň 3 oglumyz, 2 gyzymyz bar. Uly oglum Aýnazar Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýör, ol aýdyma höwesli. Agtygym Kemal maşgalamyzyň göz guwanjy. Gyzlarym Aýgözel, Zybagözel, ogullarym Begnazar, körpäm Allanazar aýdym-saz bilen hem meşgullanýarlar, onuň daşyndan sport, çeperçilik sungatyna-da höwes edýärler. Olar öňlerinde giň mümkinçilikler açylan beýik döwrüň nesilleri. Nesip bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, il-halkyň ynamyny ödeýän şahsyýetler bolup ýetişerler diýip umyt edýärin.

— Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Gyzykly söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň, sungat ýoluňyzda, durmuşyňyzda üstünlikler hemraňyz bolsun!

Язгуль АННАЕВА,

Ussatnews.com.

Başga ussatlar
16a2ea7d6c663e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa

Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa bilen söhbetdeşlik taýýarlamaly diýlende, bu nurana aýdymçy gelin bilen birlikde giden märeke — onuň wepaly muşdaklary-da göz öňüme geldi.


1692d5c2cb70b5.jpeg
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa

Nämüçindir her ýyl güýz paslynda, bary-ýogy 35 ýaşap, halkyň hakydasynda hemişelik orun tutan şygyrlary döreden türkmeniň paýhasly şahyr ogly Gurbannazar Ezizowdan söz açasyň gelip dur.


16909f268d9146.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa

Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?!

16847d03d3f968.jpeg
Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milow

Häzir energetika meseleleri howanyň üýtgemegi bilen üznüksiz bagly bolup durýar. Ol durnukly energetika geçilmegini, arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini talap edýär.


167b44d9a6f69c.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow

«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär.