«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa
Nämüçindir her ýyl güýz paslynda, bary-ýogy 35 ýaşap, halkyň hakydasynda hemişelik orun tutan şygyrlary döreden türkmeniň paýhasly şahyr ogly Gurbannazar Ezizowdan söz açasyň gelip dur. Güýz säheri penjiräňi açanyňda şahyryň şygyrlarynda mekan tutan «ýaşyl şemal, näzik şemal» ýaňagyňy sypap geçýän ýaly. Paýhasly duýgulardan doly şeýle güýz günlerinde nusgawy şahyr hakynda onuň perzentleri bilen gürleşesiň, ömri, döredijiligi hakynda ýürekdeş söhbet edesiň gelýär. Biz hem şeýle maksat bilen şahyryň gyzy, «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowany redaksiýamyza myhmançylyga çagyrdyk.
— Ýazgül, sizi redaksiýamyzda hoş gördük! Okyjylar, edebiýatçylar tarapyndan «Ýazyň hem güýzüň şahyry» diýen belent ykrara eýe bolan kakaňyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizow hakynda bu günler has köp gürrüň edilýär, şahyryň döredijiligine bagyşlanan edebi çäreler, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek barada aýtmagy hem şahyryny ýürekden söýýän, oňa ägirt uly hormat goýýan halkymyzda uly tolgunma döretdi. Bu buýsançly ýagdaý şahyryň gyzy hökmünde sizde uly täsir galdyran bolsa gerek!
— Elbetde! Ata-enäniň öz perzendiniň üstünligine guwanyp, bagtyýar bolşy ýaly, perzent üçin öz ata-enesiniň abraý-mertebesine buýsanmak hem uly bagtdyr. Bize şeýle ajaýyp pursatlary peşgeş berendigi üçin sözümiň başynda hormatly Prezidentimize öz adymdan hem-de agzybir maşgalamyzyň adyndan çuň ýürekden çykýan alkyşymyzy aýdasym gelýär.
— Ynsanyň beýik şahsyýete öwrülmegi üçin oňa maşgalasynyň, ony gurşap alan jemgyýetiň täsiri örän uly diýilýär. Gurbannazar şahyryň döredijiligine hem bagtyýar we döwletli maşgalasy öz täsirini ýetiripdir...
— Hakykatdan hem, ynsanyň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgalanyň täsiri uly bolýar. Ynsan nusgalyk gylyk-häsiýetleri ene-atasyndan alýar. Kakamy ýakyndan tanaýan adamlaryň hemmesi diýen ýaly, onuň sada hem päk niýetli bolandygyny aýdýarlar. Maşgalamyzda öňden gelýän baş ýörelgeler hem sadalyk, arassalyk, halallyk bilen bagly. Bu jähtden kakamyň şygyrlarynda hem sadalyk, päklik ýaly nusgalyk häsiýetler köp ündelýär.
— Gurbannazar şahyr özüniň meşhur şygyrlarynyň birinde «Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz» diýip, tüýs ýürekden sargyt edýär. Diýmek, sadalyk ynsany bagta ýetirýän ähli üstünlikleriň açary bolmaly-da?
— Kakam aradan çykanda biz çagadyk. Kakamyň biziň üçin iň eziz hem mähriban ynsandygyndan daşary, halkyň söýgüli şahyrydygyna entek düşünmeýärdik. Ulalyp, türkmen edebiýatyny öwrenip, kakamyň hakykatdan-da uçursyz zehinli adam bolandygyna göz ýetirdik. Dogrusy, kakamyň döredijilik dünýäsi, onuň şahsyýetlik mertebesi gözümiziň öňünde häzirlerem barha giňäp hem beýgelip barýar. Çuň manyly şygyrlarynyň üsti bilen, biz ony her pursat gaýtadan açýarys, täzeçe tanaýarys diýsem, has dogry bolar.
— Gurbannazar şahyryň «Kim men? Näme? Gadym dünýäň ýüzünde? Men bulary ölemden soň bilerin» diýen sowally setirleriniň jogabyny onuň «Meniň öz ýaşyma uly baham ýok, Oň bahasyn kesgitlejek zaman bar» diýen setirlerinden tapmak bolýar.
— Aslynda, kakamyň döredijiligi köptaraply, köpöwüşginli. Ondan her kim özüçe many alýar. Kimler üçin Ezizowyň poeziýasy çylşyrymly pelsepelerden doly bolsa, kimler üçin ol Aý ýaly aýdyň duýgulara ýugrulan. Meselem, maňa onuň gyzy hökmünde «Gyzlaryma», «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi», «Eneme», «Meniň aslyýetim» ýaly gyzgyn söýgä eýlenen şygyrlary örän gymmatly. Kakamyň şygyrlarynda enemiň nurana keşbini, atamyň paýhasly nazaryny, ejemiň süýji mährini duýmak juda ýakymly. Enem kakamyň çagalykdan täsin häsiýetli, ýuka ýürek bolandygyny gürrüň bererdi. Ejem bolsa kakamyň maşgalasyna juda yhlasly, çagalaryna hamrak bolandygyny her pursat ýatlaýar. Bizem, öz gezegimizde, ol gürrüňleri perzentlerimize, agtyklarymyza aýdyp berýäris. Begenýän ýerim, kakam hakda ýatlama ýazanlar hem, ýazýanlar hem, ýazmak isleýänler hem diýseň köp. Ebedilik hut şeýle ýagdaýlardan emele gelýär ahyry.
— Dogry aýdýaňyz, şahyr öz okyjylaryna «Men size bahasyz serpaý ederin...» diýip, üstünden näçe wagt geçse-de könelmeýän gymmatly hazynany — dürdäne şygyrlaryny peşgeş etdi. «Söýüň meni — ýürek söýgi küýseýär» diýip ýazan şahyr halkyň hakydasynda baky ýaşaýar.
— Kakamyň söýgi, durmuş, tebigat hakyndaky goşgulary durmuşyň manysynyň ýönekeýje zatlardadygyny açyp berýär. Onuň durmuş hakyndaky goşgusyny bilýänsiňiz, şeýle ýönekeý, emma şol bir wagtda hem çuň manysy bar. Kakam ol goşgusynda özüne degişli, töweregini gurşap alýan iň bir ownuk zatlara çenli mysal getirip, durmuşyň şolardan üzňe zat däldigini düşündirýär. Ýa-da «Razy» goşgusy-da şolar ýaly. Öz ykbalyndan hoşallyk, başyndan geçen wakalardan dogry many çykarmak, zeýrenmezlik ýaly häsiýetler okyjyny hem beýgelmäge çagyrýar. Şahyryň esasy borjy hem şol — okyjyny ruhubelentlige çagyryşmyka diýýärin.
— Gurbannazar Ezizowyň ady tutulanda, hökmany suratda şahyryň mähriban ýanýoldaşy, ejeňiz Halnabat ene-de göz öňüňe gelýär. Olaryň sanlyja ýyllary öz içine alan maşgala durmuşynda bolup geçen gyzykly pursatlardan gürrüň berýän täsin ýatlamalary okap, eşidip, biri-birine goýan aýratyn sarpalaryna haýran galýarsyň. Şahyryň inçe duýguly dünýäsine düşünip, goldap, onuň şygyrlaryna öz keşbini siňdiren parasatly zenana bolan hormatyň artýar. Bu günki söhbedimizde siz hem öz ýatlamalaryňyzdan paýlaşaýsaňyz!
— Kakam bilen ejemiň guran maşgala binýady özüniň berkdigi hem belentdigi bilen bize nusgalyk bolup durýar. Biri-birege goýlan sarpa barada dogry bellediňiz. Meniň pikirimçe, şol sarpanyň çuň hem beýikligi kakamyň kämil şahyr bolmagyna sebäp döredendir, oňa ylham çeşmesi bolandyr. Şu ýerde aýdan sözlerime mysal bolup biljek bir wakany ýatlaýyn. Adatça, kakam dagy ýazyjy-şahyrlar bolup döredijilik söhbetlerini guranlarynda her kim haýsydyr bir zady eltýän ekeni. Bir gezek kakam ejemiň bişiren çöreklerinden eltýär. Şonda ussat ýazyjy Ata Atajanow kakamyň elten çörekleriniň birini eline alyp dadyp görýär-de, «Bular ýaly çörek iýip, şahyr bolmazlyk mümkin däl» diýýär. Kakam halypa ýazyjynyň şol sözlerini buýsanç bilen aýdyp bererdi. Bu onuň şol çörekleri bişiren zenanyň öz maşgalasydygyna bolan buýsanjydy.
— Kakaňyzy ýatlan wagtyňyz ilki ýadyňyza düşýän pursatlar...
— Kakamyň gyzjagazlaryny — bizi daşyna üýşürip, dutar çalyp oturyşy, biziňem biri-birimizden galmajak bolup, gapdalyndan «Pöwrizäm» aýdymyny aýdyşymyz... Şeýle bagtly pursatlar hiç haçan ýadymyzdan çykmaz.
— Şahyryň «Bar myradym, mydarym...» diýip, entek dünýä inmedik ogluna bagyşlap şygyr ýazmagy, hatda oňa öz ýanyndan at hem saýlamagy, soňam onuň bu jahana gelenini görmän dünýäden ötmegi kalbyňy lerzana salýan ýagdaý. «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» ýaňlansa, şol ýagdaý özüňçe hyýalyňda, edil kino ýaly janlanýar...
— Jigim Serdar kakamyň kyrky berlen güni dünýä indi. Şol wagt men 2-nji synpda okaýardym. Şu günki ýaly ýadymda, şahyr zenan Näzik Annatyýewa münüp gelen ulagyndan hem düşmän, «Buşluk, Gurbannazaryň ogly boldy!» diýip gygyrýardy. Kakamyň belli gününe gelen märekäniň, ýazyjy-şahyrlardyr hossarlarymyzyň begenji zadyň çaky däldi. Olar üçin bu buşluk habar «Gurbannazaryň özi geldi» diýen ýalydy. Ýakynda iň eziz adamsyny ýitiren maşgalamyz üçin bolsa bu buşlugyň belli bahasy ýokdy. Ýatlasam, häli-häzirlerem tolgunýan.
— Halkymyzda «Ogully ýigit ölmändir» diýilýär. Bu gün halkyň söýgüli şahyrynyň neberesi dowamata dowam bolýar.
— Dogry aýdýarsyňyz. 4 gyz, 1 oguldan 18 agtyk, 22 çowluk kemala geldi. Maşgala bolup üýşsek, maşgala agzalarymyzyň iň kiçijeginiň hem gulagynda galsyn diýip, hökman kakamyň goşgularyny okaýarys, ýatdan aýdýarys. Göwnüme, şol halat kakamyň ruhy tirsegine galyp, sadadan nurana ýylgyryşy bilen töwerege nur paýlaýan ýaly bolýar.
— Gurbannazar Ezizow hakynda ýatlamalar kän ýazyldy, hatda kinofilmem surata düşürildi. Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda şahyra bagyşlap, «Gurbannazar Ezizow» atly spektakl hem tomaşaçylara hödürlenildi. Oňa, elbetde, ilkinjileriň hatarynda siz hem tomaşa edensiňiz...
— Söz açanyňyz gowy boldy. Özümem şol spektakl hakda aýdaýyn diýip otyrdym. Spektakly goýan ýaş režissýor Mekan Jumabaýewiň kakamyň içki dünýäsini açmak üçin eden synanyşygy şowly bolupdyr. Edebi esasyny ýazanlar ýazyjy doganlar Hydyr, Ylýas Amangeldiýewler. Olar hem kakamy tanaýan, oňa ägirt uly hormat goýýan, maşgalamyz bilen ýakyn gatnaşykdaky adamlar. Spektakl hakynda tomaşaçylardan hem täsirli gürrüňleri köp eşitdim. Teatryň sahnasynda kakamyň keşbini görmek bize güýçli täsir etdi. Bu spektakl arkaly kakamyň keşbi, onuň şygyrlary halkyň hakydasynda öňküden-de berk ornaşar diýip pikir edýärin.
Ýakynda, noýabr aýynyň 14-üne ady agzalan teatrda hormatly Prezidentimiziň ýörite tabşyrygy bilen guralan Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara hem maşgalamyz bolup gatnaşdyk. Dabarada kakamyň hormatyna aýdylan sözler, edilen çykyşlar bilen birlikde, şygyrlary okaldy, olara döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi. Şol gün ähli adamlar, hatda tebigat hem kakam hakynda gürleýän ýalydy.
— Şahyryň goşgulary döredijilik adamy üçin ylham çeşmesi, onuň ömri kämillige ýetmek üçin nusgalyk çelgi bolup durýar. Juda gysga ömürde nusga bolup gitmek uly zat.
— Uly ýaşlylar bilen deň hatarda ýaşlaryň arasynda hem kakamyň döredijiligine hormat goýýanlaryň, oňa meňzemäge çalyşýanlaryň örän köpdügine begenýän. Men kakamyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän edebi-medeni çärelere köp çagyrylýaryn. Şonda kakamyň goşgularynyň çyn ýürekden joşgun bilen okalýandygy, diňlenýändigi, ol hakynda berýän gürrüňleriň uly gyzyklanma eýe bolýandygy uly buýsanç döredýär. Kakam bilen halkyň arasynyň şeýle golaýdygyna haýran galýaryn. Ýogsa, olaryň köpüsi kakamy diňe goşgularynyň hem ol hakyndaky gürrüňleriň üsti bilen tanaýarlar.
— Siziň bu sözleriňiz kakaňyzyň «Şahyr bilen ulus-iliň arasy» diýen şygryny ýadyma saldy. Şahyr bu goşgusynyň soňky bendini:
Gezmek,Görmek,Iliň halyny bilmek,Owal-başda şahyrlaryň käridir.Şeýle adamlaryň şahyry bolmak,Dünýede ýetdirmez bagtyň biridir — diýip, buýsanç bilen jemleýär.
Biz hem kämil şahyryň çeşmäň suwy ýaly dury döredijiliginiň ýaşlarymyz üçin nusgalyk mekdepdigini ýene bir gezek nygtasymyz gelýär. Size gymmatly wagtyňyzy sarp edip, özüňize iň eziz ynsan bolan kakaňyz — halkymyzyň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizow hakynda ýakymly söhbetdeşlik üçin köp sagbolsun aýdýarys. Işiňiz hemişe ileri bolsun, Ýazgül!
— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, möhüm döwlet işleri bilen bir hatarda, halkyň edebi mirasyny hatyralap, halypa ýazyjy-şahyrlary ýagşylykda ýatlamak ýaly sogap işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary belent, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?!
Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milow
Häzir energetika meseleleri howanyň üýtgemegi bilen üznüksiz bagly bolup durýar. Ol durnukly energetika geçilmegini, arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini talap edýär.
Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow
«Sen uçmak isleseň, ganat bolardym...» diýip, süýji hem pessaý heň bilen aýdyma başlaýan halypa aýdymçy ýekeje jümläniň üsti bilen müňlerçe diňleýjiniň kalbyna ganat baglaýar. Halypanyň gözlerini ýumup, tutuş durky bilen aýdyma siňip oturyşy-da ussatlygyndan habar berýär.
Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa
Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.
Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.