
Türkiýede 14-15-nji fewralda tebigy gazy eksport edijileriň sammiti geçiriler
01.02.23 - 09:0614-15-nji fewralda Stambulda Merkezi Aziýadan, Ýakyn gündogardan we Ortaýer deňzinden «mawy ýangyjy» eksport ediji ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda gaz sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatyh Dönmez habar berdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Hökümet mejlisinde TNGIZT-ni mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
28.01.23 - 09:38Penşenbe güni Mary welaýatynda iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby ady dakyldy
27.01.23 - 08:26Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly diýen harby ady dakyldy.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bilermenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
27.01.23 - 07:29Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň iki günlük duşuşygy geçirildi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.

YHG-nyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi
27.01.23 - 07:24Daşkende Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Myrat BAÝRAMGYLYJOW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.:
25.01.23 - 21:45Myrat BAÝRAMGYLYJOW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiriniň w.w.ý.ý.:

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Hindistanda ŞHG duşuşyklarynyň gün tertibine girip biler — Financial Express
25.01.23 - 21:332023-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän Hindistan gurama agza döwletleriň daşary işler ministrlerini 4-5-nji maýda Goa geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyga çagyrdy.

Sapar ATABERDIÝEW, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy:
24.01.23 - 16:19Sapar ATABERDIÝEW, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy:

Taryhy maslahat ösüşiň täze belentliklerine tarap ýolda Ýurdumyzyň okgunly gadamlaryny alamatlandyrdy
23.01.23 - 20:52«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Bu waka milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, ata Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi
23.01.23 - 14:04Ýurdumyzda ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi
23.01.23 - 13:58Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow: 2028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň ösüşine 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar
23.01.23 - 13:562028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň paýtagtynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady
19.01.23 - 23:17Penşenbe güni irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleriniň dowamynda energetika howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşyldy
19.01.23 - 23:00Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleriniň dowamynda taraplar halkara energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlary ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
19.01.23 - 22:55Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen DIM-niň saýtynda habar berilýär.