Aýdym-saz täsin güýçdür
05.07.26 - 22:48Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
29.05.25 - 12:22Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
29.05.25 - 05:18Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
08.04.25 - 11:44Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
09.05.24 - 09:16Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
12.05.24 - 07:36Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
Gülli kelemiň peýdasy
30.04.24 - 16:07Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
05.03.24 - 16:25Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
30.01.24 - 16:07Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.
Nohudyň peýdasy
28.12.23 - 10:29Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.
Greýpfrut — peýdaly miwe
27.12.23 - 07:12Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär.
Täze jaýyň gurluşygy — peýdaly maslahatlar
23.12.23 - 14:01Täze jaýyň gurluşygy her bir adamyň durmuşynda jogapkärli we wajyp aladalaryň biri bolup durýar. Jaý gurluşygy köp wagt, zähmet we serişde talap edýär. Bu işde ýyllaryň dowamynda toplanan peýdaly maslahatlar oňat netijeleri berip bilýär.
Awokadonyň peýdasy
20.11.23 - 05:02Awokado Lawr maşgalasyna degişli bolan hemişe gök öwüsýän subtropik miwedir. Agajynyň boýy 20 metre çenli ýetýär. Miwesi bir tohumly armyt görnüşli bolup, miwäniň uzynlygy 5-den 20 sm, agramy 50g-dan 1.8 kg çenli bolýar. Miwäniň ady gadymy astekleriň dilinde «agaç ýumurtgasy» diýen manyny aňladýar.
Çaganyň akyl başarnygyny ösdürmek
15.11.23 - 12:26Çaga terbiýesi durmuşyň hem-de jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýar. Terbiýe ýaş nesliň ilkinji günlerinden başlanýar diýsek ýalňyşmarys. Bu wajyp meselede fiziki, ruhy hem-de akyl taýdan ösüş çaganyň terbiýesiniň esasyny düzýär.
Kiberhowpsuzlyk boýunça peýdaly maslahatlar
15.11.23 - 04:35Kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Biz günüň dowamynda köp wagtymyzy internetde geçirýäris hem-de şahsy maglumatlarymyza degişli yzlary galdyrýarys. Internet torunyň durmuşymyzy ýeňilleşdirýändigi hakykat, muňa garamazdan sanly ulgamda goraglylyk meselesiniň möhüm wezipe hökmünde öňe çykýandygy-da anykdyr.