Habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

https://ussatnews.com/storage/posts/10747/original-168677382292fa.jpeg

23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy. Sapar Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň maliýe goldawynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän “Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2028 ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamanyň çäklerinde guraldy.

Saparyň baş maksady, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmengaz” döwlet konserni we GIZ bilen baglaşylan özara düşünişmek baradaky Ähtnamada kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Bu resminama gaýtadan dikeldilýän energetika, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle hem akademiki we ylmy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda bilelikdäki işleri göz öňünde tutýar.

Saparyň dowamynda Germaniýanyň döwlet edaralarynyň — Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we howa gorag ministrliginiň hem-de Ylym, gözlegler, tehnologiýa we kosmos ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş, energiýa netijeliligi we howa syýasaty ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Akademiki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Wekiliýet Germaniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetiniň, Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň hem-de Klausthal tehniki uniwersitetiniň iş tejribesi bilen tanyşdy. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek boýunça netijeli gepleşikler geçirildi.

Çäräniň çäklerinde häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak mümkinçilikleri boýunça ýörite tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Şeýle çäreleriň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki we ählumumy durnukly ösüşe goşant goşmakdaky ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Saparyň netijesinde gazanylan tejribeler we ýola goýlan hyzmatdaşlyklar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ylmy-bilim giňişligine goşulyşygyny giňeltmäge mümkinçilik döretdi.

Başga habarlar
16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.