Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

18:06 26.03.2023

https://ussatnews.com/storage/posts/5222/original-164204365be94e.jpeg

Aşgabadyň «Ylham» medeni-dynç alyş seýilgähine baranyňda, her gezek özüňi türkmen taryhynda we medeniýetinde uly yz galdyran şahsyýetleriň özboluşly medeni ojagyna aralaşan ýaly duýýarsyň. Seýilgähde oturdylan geçen asyrlaryň we häzirki döwrüň şöhratly türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň, şahyrlarydyr ýazyjylarynyň, medeniýet işgärleriniň heýkelleri beýik işleri bilen ýer ýüzünde tanalan adamlary dünýä peşgeş beren gadymy we müdimi, baky juwan topragymyza bolan buýsanjyňy has-da artdyrýar.

Geçen eýýamlaryň halypalary — Magtymguly Pyragy, Ibn Sina, Omar Haýýam, Nowaýy, Biruni, Seýdi, Andalyp, Mätäji, Kemine ýaly ägirtler bilen bir hatarda seýilgähde XX asyryň wekilleri Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow... mynasyp orun eýelediler.

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.

Gara Seýitliýewiň ömür ýoly 1915-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda doglan obasy Garaganda başlandy. Goşgy goşmaga bolan gyzyklanma ýazyjy-şahyrda ýetginjek ýyllarynda onuň eline Magtymgulynyň arap dilinde ýazylan goşgular ýygyndysy düşende döreýär. Wagtyň geçmegi bilen ýazyjy bu kitaby döredijilik dünýäsine alyp baran şamçyrag diýip atlandyrýar, ömrüniň ahyryna çenli kitapdan daşlaşmaýar. Beýik Pyragynyň şygyrlaryna bolan gyzyklanma Gara Seýitliýewi Aşgabadyň mugallymçylyk tehnikumyna alyp barýar, ol bu mekdebi 1932-nji ýylda üstünlikli tamamlap, orta umumybilim berýän mekdebiň başlangyç synp mugallymy bolup zähmet ýoluna başlaýar.

Şol döwürde ýaş ýigidiň şahyranalyk ukyby ýüze çykýar. 1937-nji ýylda Gara Seýitliýew Bakuwyň pedagogik institutynyň filologiýa fakultetine okuwa girýär, bu ýerde 1941-nji ýyla çenli bilim alýar, emma Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy zerarly okuwyny tamamlap ýetişmeýär.

1943 — 1944-nji ýyllarda ýaşlygyna garamazdan, Gara Seýitliýewe Türkmen opera we balet teatrynyň direktorynyň wezipesi ynanylýar. Hut şu ýerde onuň işjeň jemgyýetçilik durmuşy başlanýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gara Seýitliýew medeniýet işgärleriniň toparynyň düzüminde 1942-nji ýylda «Söweşjeň ylham» atly ýygyndysynda çap edilen watançylyk goşgulary bilen jeň meýdanlarynda esgerleriň we serkerdeleriň öňünde çykyş edip, olary edermenlige ruhlandyrýar.

Gara Seýitliýew watançylyk, şeýle hem söýgi baradaky şygyrlary, «Bagbanyň gyzy», «Çopan ogly» pýesalary, türkmen diline terjime edilen dünýäniň nusgawy eserlerinden, hususan-da, A.S.Puşkiniň «Mis atly» poemasy we beýleki işleri üçin ýokary döwlet sylaglaryna — ordenleriň we medallaryň dördüsine, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna, Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen hormatly ada mynasyp boldy.

1955-nji ýylda uly ekrana çykan «Aşyr aganyň hötjetligi» kinofilminde şahyryň «Üýtgeşik gözler» atly goşgusyna ýazylan aýdym uly meşhurlyga eýe boldy. Aýdymyň sazy we sözleri halk döredijiligi hasaplanyp, dürli ýurtlarda dürli dillerde ýaňlanýar. Gara Seýitliýew diňe şol söýgi goşgusynyň awtory bolanlygynda-da, ol ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda tanalardy diýseň boljak.

Gara Seýitliýew köp wagtlap Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy wezipesinde, daşary ýurtlar bilen Dostluk jemgyýetinde zähmet çekdi, 1963-nji ýyldan başlap, ömrüniň ahyryna çenli (1971-nji ýylyň 2-nji maýy) bolsa Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine ýolbaşçylyk etdi.

Durmuşa bolan söýgi, kärine we maşgalasyna wepalylyk, watançylyk Gara Seýitliýewiň durmuş ýörelgeleri boldy. Halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow onuň eserlerini «Türkmenistanyň şahyrana ensiklopediýasy» diýip atlandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyran görnükli şahsyýetleriň adyny ebedileşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde Gara Seýitliýewiň ata Watanymyza we mähriban halkymyza bolan söýgüsi siňen goşgulary häzir hem dillerden düşmeýär. Şahyryň hormatyna paýtagtymyzyň köçeleriniň birine onuň ady dakyldy. Şahyryň goşgularynyň ençemesi türkmen kompozitorlarynyň sazy bilen ajap aýdymlara öwrülip, tele we radioýaýlymlarda, konsertlerde ýaňlanýar, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam edip, diňleýjilere tükeniksiz ylham paýlaýar we durmuşa bolan söýgini artdyrýar.

Ussa USSAÝEW,

ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
1608556950c38e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.


15f7c864a1531b.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.


160642518ad5c0.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew

Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.


16040fe227d289.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.


16087d13f4eedd.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW

Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.