Ussatlar

Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew

https://ussatnews.com/storage/posts/9048/original-1674767faa6003.jpeg

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Biz hem «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent derejä eýe bolan ussat halypany gutlamagy müwessa bilip, ýörite söhbetdeşlik taýýarladyk.

— Saragt aga, siziň bagtly pursatlaryňyzdan söz açyp, şatlygyňyza şärik bolmak biziň üçinem bagt. Ilki bilen, sizi «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

— Sag boluň! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetime türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýokary baha berlip, maňa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy başymy göge ýetirip, mertebämi has belende göterdi. Şeýle ýokary derejeli ada eýe bolmak duýgusy seni halkyňa, Watanyňa öňküdenem ýakynlaşdyrýan ekeni. Men bu bagt üçin, ilki bilen il-günümize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň beýik ynamy, meniňem şol beýik ynamy ödemek üçin eden yhlasym, ine, şu söhbetdeşlige sebäp bolan bagtly pursatlara ýetirdi.

— Şu ýylyň baharynda, ýagny maý aýynyň 17-sine paýtagtymyzyň günortasynda siziň heýkeltaraşlyk etmegiňizde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy аçyldy. Bu ýadygärlik Merkezi Aziýada iň uly ýadygärlik hasaplanýar. Dogrusy, şeýle ägirt işi boýun alyp, ony hem abraý bilen alyp çykmagyňyz siziň öz käriňize bolan söýgiňiziň, sungata bolan wepa-ygraryňyzyň has aňyrdandygyny subut etdi. Bu günki eýe bolan belent adyňyz bolsa, sungata bolan şol hormat-söýgiňize, zähmet ýoluňyzdaky yhlasyňyza ýapylan Şa serpaýy diýip düşünýäris.

— Elbetde! Hakyky sungat eseriniň ýekejesini döredip, taryhda galanlar az däl. Esasy zat, edýän işiňe ýürek goýup işlemek. Siziň «Merkezi Aziýada iň uly ýadygärlik hasaplanýar» diýen ýadygärligiňiz dünýädäki iň uly heýkelleriň ilkinji onlugyna girýär. Men şol heýkeli ýasamaga başlanymda, onuň şeýle sanawlarda öňdäki orunlary eýelejekdigini bilemokdym. Meniň bar bilýänim, şol heýkeli garaşylyşy ýaly, başarsam ondan hem gowy edip ýasamalydym. Şol heýkeli tamamlaýançam, mende şondan öňe geçjek hiç bir maksat ýa iş bolmady. Iň esasy bellemeli zat, meni şeýle hyjuwly işlemäge goltgy berip duran uly güýç — Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan çäksiz sarpasy boldy. Gahryman Arkadagymyz häli-şindi işleriň gidişi, ýadygärligi gurmak üçin zerur şertler we serişdeler barada gyzyklanyp, bizden habar alyp durdy. Şeýdip, «Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar» diýlişi ýaly, şägirtlerim bilen batyrgaý çemeleşip, bu uly işiň hötdesinden geldik.

— Ähli zadyň aňyrsynda ynam dur diýilýäni örän dogry bolýar-da onda, Saragt aga?!

— Islendik özgeriş, ösüş, ýeňiş, üstünlik ynamyň miwesi. Şu günki güne çenli geçen ýoluma ser salýan welin, dürli synaglardan geçilipdir. Şolaryň synag ekendigine-de indi-indi düşünýärsiň. Saňa olary ýeňip geçmäge kömek eden güýç hem ynam ekeni. Özüňe bolan ynam, özüňden edilýän ynam. Şolary syndyrmajak bolup, diňe öňe hereket edilipdir. Sungat ýolunda her bir işiň mydama şowly bolup durmaýar. Ýöne şol şowsuzlyklaryň seniň indiki şowlulyklaryň sebäbidigine düşünmegiň gerek.

— Halypa, söhbedimizi şol şowlulyklara alyp gelen ýoluň gözbaşyna syrykdyraýaly...

— Döredijilik dünýämde geçilen ýol dürli döwürleri öz içine alýar. 1948-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda dünýä indim. Doglan ýerim Sarahs bolsa-da, aslymyz babadaýhanly. Sarahsa men entek dünýä inmänkäm, gurakçylyk sebäpli göçüp barypdyrlar. Adymam şol ýer bilen bagly dakylan. Maşgalamyz Sarahsda ýaşap, soň yza, ýene Babadaýhana göçýär. Men Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okadym. Mekdep döwürlerimiz jigim bilen pagta ýygardyk, odun çapardyk, mal bakardyk, asyl hojalygyň ähli işlerini diýen ýaly ederdik. Şeýdip, irgözin zähmetde taplandyk. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölümini tamamlanymdan soňra Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň heýkeltaraşlyk bölüminde bilimimi artdyrdym. Şol ýyllardan bäri palçyga diýenimi etdirjek bolup, zehinimi, gujur-gaýratymy, döredijiligimi sungata siňdirip gelýärin. Men şunça tejribeden soň bir zada anyk göz ýetirdim: sungatda kiçi eser bolmaýan ekeni. Haçan-da söýgiňi, yhlasyňy berip döredeniňde, seniň kiçi göwrümli işiňem ynsanlaryň kalbyna ylham bagyşlap bilýän ekeni. Şony sungat adamsy hergiz unutmaly däl.

— Halypa, ussahanaňyza ikinji gezek gelşim. Ajaýyp heýkelleri synlap durşuma, ejeňize bagyşlap döreden eseriňiz aýratyn ünsümi çekdi...

— Ejem meniň üçin aýratyn dünýä! Gürrüň berişlerine görä, çagakam çyrçykly bolupdyryn. Çagalarynyň köpüsi durmansoň, ejem görgüli meni bagryna basyp, boýnundan düşürmän gezer ekeni. Ahmal şeýdip, ejemiň ýyljajyk gursagynda kän göterilenimedir, ejemi ýatlasam, ýüregime gyzgynlyk aralaşyp gidýär. Ejeleriň söýgüsi, ynamy gudratly bolýar. Ol durmuş ýollarynda seni beýik menzillere ýetirjek ganat ekeni. Oňa indi-indi düşünýärin. Gahryman Arkadagymyz: «Ene — beýiklikleri dünýä inderýän beýiklik» diýip, diýseň dogry belleýär. Ussahanamda işläp ýadan çagym käbämiň keşbi siňen heýkele seretsem, ýadawlygym el bilen aýrylan ýaly bolýar. Ejem meni görmäge paýtagta gelende-de, göni ussahanama düşerdi. «Öýe baraýmaly ahyry, eje» diýsem, «Işden barýançaň garaşyp oturmaga kararym ýetmez, oglum» diýerdi. Ene ýüregi üçin perzendi näçe ýaşynda bolsa-da, barybir şol ezizligine galýan bolarly.

— «Ata kesbi ogla halal» diýlipdir, halypa. Kesp-kär ýitmese gowy, onda-da siziňki ýaly mukaddes kär. Maşgalaňyzda yzyňyzy ýöretjekler bardyr, elbetde?!

— Oglum Ballynyň bu hünäre höweslidigine öz ýanymdan begenýärin. Ol häzir paýtagtymyzdaky 72-nji orta mekdepde okaýar. Oglumyň ýasan «Oglanjyk we delfin» atly kompozision işi öz okaýan mekdebiniň howlusynda goýuldy. Oglumyň gözýetiminiň giňdigi eýýämden bildirýär. Sungatda, esasan, giň gözýetim zerur.

— Bu gün siz ençeme şägirtleriň halypasy. «Saragt Babaýewiň şägirdi» diýmek heýkeltaraşlyk älemine aralaşan ýaşlar üçin uly bagt bolsa gerek...

— Ol meniň üçinem uly bagt. Men şonuň üçin ýaşadym, döretdim. Adamdan soň at galýar. Şol ady, mümkin boldugyndan, abraý bilen haklamak her bir ynsanyň baş borjy.

— Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Älem içre adam gezmez, at gezer» diýşi ýaly, bu gün çeken päk zähmetiňiziň, döreden özboluşly sungat ýoluňyzyň netijesinde siziňem adyňyz alyslardan alyslara uzaýar. Bu gün ussat heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagly atlaryňyzyň üstüniň «Türkmenistanyň Gahrymany» diýlen belent derejeli at bilen ýetirilmegi uzak ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmetiňize berlen ýokary bahadyr. Biz hem sizi ýene bir gezek «Türkmenistanyň Gahrymany» diýlen belent adyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Abraýyňyz mundan beýlägem belent bolsun, halypa!

— Köp sag boluň! Sylap, söhbetdeş bolanyňyz, şatlygymyza şärik bolmak isläniňiz üçin sizem sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,

ussatnews.com.

Başga ussatlar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.