Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň halaýan türkmen estradasynyň ýyldyzy bilen duşuşygymyz çaý başynda geçdi. Halypa aýdymçy öz döredijiligi, durmuşy, meşgullanýan işleri barada gürrüň berdi, bu bolsa Annagül Gurdowanyň köp sanly muşdaklaryna onuň ruhy dünýäsi we ýiti zehini bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik döreder.
— Annagül Ahmedowna, eýýäm köp ýyllar bäri siziň ajaýyp döredijiligiňiz adamlarda uly gyzyklanma döredýär şonuň üçin aýdym-saz ýoluňyz, halypalaryňyz baradaky gürrüňler okyjylarymyza gyzykly bolsa gerek.
— Göwnüme bolmasa, meniň ykbalym eýýäm doglan günümden kesgitlenen ýaly. Men 1951-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherinde doguldym. Maňa halypalyk eden bolmady. Men çagalar bagyna gatnamadym, sebäbi ejem öý hojalykçy bolup, bizi öýde terbiýeläp ýetişdirdi. Şeýle-de bolsa, men üç ýaşymdan başlap, her gün ir turmagy endik edindim hem-de ertirlik naharyndan soň, öýümiziň golaýynda ýerleşen çagalar bagynyň ýanyna barardym. Bu ýerde men çagalaryň aýdym aýdyşyny höwes bilen diňlärdim we öwrenerdim. Şeýdip çagalygymdan men sazyň muşdagyna öwrülip, hiç kime öýkünmän aýdym aýdyp başladym. Soňra öz ýolumy saýlap, aýdym aýtmagyň özboluşly tärine eýe boldum.
Mekdep ýyllarynda men «konsert» lybaslaryma aýratyn üns bermeýärdim, sada we ýönekeý geýnerdim. Esasy zat meniň ýerine ýetirýän aýdymlarym diňleýjileriň kalbynda orun tapýardy. Men ilkinji we iň gadyrly diňleýjilerimi — ejemi we kakamy, doganlarymy we jigilerimi, ýakyn garyndaşlarymy, goňşularymy, mugallymlarymy we klasdaşlarymy täze aýdymlarym bilen begendirip bilýändigim üçin özümi bagtly saýýardym. Başlangyç synplardaky çykyşlarym diňe ilkinji diňleýjilerimde däl-de, eýsem, özümde-de şatlyk duýgusyny döredýärdi, sebäbi aýdymlar maňa sungat dünýäsine aralaşmaga ýol açýardy.
Maňa ýurdumyzda belli kompozitor Weli Ahmedow hem-de çagalar şahyry Kaýum Taňrygulyýew bilen işleşmek bagty miýesser etdi, olar meniň ukybyma ýokary baha berip, döredijilik ýoluma ak pata berdiler hem-de ýörite meniň üçin täze aýdymlary döretdiler.
Şeýlelikde, meniň sahna gorumda täze aýdymlar peýda bolup başlady, men mekdepde we şäherde geçirilýän çärelerde, tele we radioýaýlymlarda höwes bilen çykyş edip başladym. Meniň aýdymlarymy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuwçylaryň müňlerçesi höwes bilen diňleýärdiler we ýerine ýetirýärdiler.
— Siziň üçin çagalygyňyz barada haýsy ýatlamalar has ýakymly?
— Döredijilik ýoluna gadam basan döwrümde men tele we radioýaýlymlarda işlemek bilen, ýakyndan tanalyp başladym, şonuň üçin maňa şol döwri ýatlamak has ýakymly bolup dur. Režissýorlara meniň sesim ýaraýardy, şonuň üçin olar meni çagalaryň gepleşiklerini alyp barmaga çagyrýardylar, şol gepleşiklerde meniň ýerine ýetirmegimde «Mekdebim», «Bahar geldi», «Babajyk», «Gülnara», «Kömelek hem gülälek», «Gurjagym», «Jigim jan» ýaly aýdymlar hem ýaňlanýardy. Olar şol wagt köp sanly diňleýjileriň arasynda meşhurlyga eýe bolupdy. Men tele we radioýaýlymlarda berilýän sahna oýunlaryna hem gatnaşýardym.
Men ýaş wagtym diňe Diýarymyzyň dürli sebitlerinde çykyş etmegiň däl-de, eýsem, Moskwa, Daşkent, Almaata, Baku, Tbilisi ýaly şäherleriň konsert sahnalarynda hem türkmen saz medeniýetine wekilçilik etmegiň miýesser edenligi üçin ykbalymdan müňdebir razy. Şol çykyşlaryň her biri döredijilik durmuşymda möhüm waka öwrülipdi. Men öz döredijiligimiň gysga wagtyň içinde dürli ýaşly tomaşaçylaryň arasynda uly seslenme döredenligi üçin örän bagtlydyryn. Megerem, döredijilik ýolumda maňa üstünlik hemra bolan bolsa gerek. Soňra men «Bahar» radiostansiýasynda işlemegimi dowam edip, şol ýerde otuz ýyldan gowrak ýaşlar üçin niýetlenen gepleşigi alyp bardym.
— Bilşimiz ýaly, şol radiogepleşigi diňe ýaşlar däl-de, eýsem, ýurdumyzyň dürli ýaşdaky ýaşaýjylary hem halaýardylar. Radio öýünde işlän, döredijilik ýoluňyzyň başynda size goldaw beren halypalardan kimleri ýatlap bilerdiňiz?
— Elbetde, ilkibaşda men örän tolgunypdym, emma tiz wagtdan öwrenişip gitdim. Türkmenistanyň halk artistleri Durdy Saparow, Baba Annanow, Sabyr Ataýewa, Sona Myradowa, Ýelizaweta Garaýewa, halk şahyrlary Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow ýaly görnükli şahsyýetleriň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ençemesiniň halypalary bolup durýan beýleki zehinli adamlaryň goldaw-hemaýat etmegi özüme bolan ynamy has-da artdyrdy. Radiodiňleýjileriň alyp baran gepleşigime gyzyklanmasy bolsa maňa ylham berip, ruhumy ganatlandyrýardy. Radioda işlänimde, ýurdumyzda giň meşhurlyga eýe bolan Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow meniň halypam boldy. Ol maňa köp zat öwretdi, men şeýle beýik halypamyň bolandygyna tüýs ýürekden buýsanýaryn.
— Çagalykdan aýdym-sazy gowy görseňiz-de, döredijilik okuw mekdebinde däl-de, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetinde bilim alypsyňyz...
— Hakykatdan-da, bu ilki geň zat ýaly bolup görner. Ýöne meniň bu hereketime hindi kinolaryny söýmegim sebäp boldy. Uly synplarda okan ýyllarym men kinoteatrlara ýygy-ýygydan baryp, hindi filmlerine tomaşa ederdim. Olaryň ählisinde diýen ýaly, işine ussat hukukçylar meniň gahrymanlarym bolupdy. Ine, onsoň men prokuror bolmak arzuwymy ýüregime düwdüm. Şeýdip hem uniwersitetiň hukuk fakultetine okuwa girdim. Elbetde, okuwy tamamlap, prokuror bolmadym, ýöne köp ýyllaryň dowamynda TDU-nyň hukuk fakultetinde sapak berdim. Emma okuw döwründe hem, şondan soň hem aýdymdan arany üzmedim. Ol hemişelik hemram bolup, ömrümiň manysyna öwrüldi.
— Annagül Ahmedowna, siziň mylaýym sesiňiz, aýdym aýtmak ussatlygyňyz, owadan lybaslaryňyz häzir hem tomaşaçylarda täsir galdyrýar.
— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, şahyrlar Annaberdi Agabaýewi, Begmyrat Ussaýewi, Nowruz Gurbanmyradowy, Atamyrat Atabaýewi ýagşylykda ýatlamak isleýärin. Şahyrlar aramyzda bolmasa-da, olaryň goşgularyna ýazylan, ýerine ýetirýän aýdymlarym diňleýjileri tolgundyrmagy we ruhlandyrmagy dowam edýär. Täze aýdymlary, şeýle hem täze konsert lybaslaryny döretmek üçin yzygiderli işlemek bilen, men öz tomaşaçym üçin yhlas edýärin.
Döredijilik meýillerimi amala aşyrmakda maňa kömek edýän adamlar barada hem durup geçmek meniň üçin örän ýakymly. Olaryň hatarynda şahyrlar Dürnabat Aşyrowa, Ogulgurban Akmuhammedowa, Gurbanjemal Annakowa, Aýgül Garaýewa, 1970-nji ýyldan häzirki günlere çenli bilelikde işleşýän kompozitorymyz, Türkmenistanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew, şeýle hem ýaş kompozitorlar Begenç Saparlyýew, Gahryman Aşyrow, kompozitor-aranžirowkaçy Muslim Gulamow, konsert lybaslarymy döretmäge ýardam edýän «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Aýna Durdylyýewa hem-de aýal doganym Bahargülüň agtygy Sona Döwletowa bar. Olaryň kömegi bilen gadyrly we mähriban tomaşaçylaryma şatlyk, ylham paýlamak mümkinçiligine eýe bolup, bu barada şu gün gürrüň bermekden lezzet alýaryn.
— Söýgüli aýdymçysynyň maşgalasy baradaky söhbediň okyjylarymyzda gyzyklanma döretjekligi gümansyz.
— Men agzybir maşgalada dünýä indim. Ejem Maral daýza öý bikesi bolupdy, onuň mylaýym sesi maňa-da miras galdy. Kakam Gurt aga Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, Berline çenli baryp ýetipdir. Duşman bilen edermen söweşip, ýeňiş gazanmaga mynasyp goşandyny goşan kakama hemişe buýsanyp gezýärin. Uruşdan soň kakam oba hojalygynda işläp, dowar hem-de gara mal bakdy, ekin ekip, hasyl aldy. Ol aýdym-sazyň muşdagydy. Şonuň üçin öýde bolanda hem, işde hem hemişe radio diňläp, eliniň boş wagty dutar çalardy we aýdym aýdardy. Aýdym-saza bolan höwesi bizde hem döretdi. Maşgalamyzda 6 dogan bolup, olaryň 4-si aýal, 2-si erkek dogan. Hemmämiz hem aýdym aýtmagy gowy görerdik. Çaga aýdymlaryny men doganlaryma hem aýdyp bererdim. Olaryň ukyp-zehinlerini ösdürmekde çeken zähmetimiň ýerine düşenligine begenýärin. Aýal doganym Orazgül Gurdowa hem-de onuň gyzy Gülşat Gurdowa bu gün ýurdumyzda tanalýan aýdymçylar. Olaryň zähmeti ýokary döwlet sylagyna — Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada mynasyp boldy. Häzir men ýaş nesillerimize aýdym sapagyny bermegi dowam edýärin, olar her bir döredijilik üstünligime guwanýarlar hem-de her baýramçylykda gutlaýarlar.
— Döredijilik ýoluňyzyň başynda haýsy bagşylary diňleýärdiňiz?
— Çagalyk döwrümde men Alla Pugaçýowanyň, Anna Germanyň, Zeýnep Hanlarowanyň, Polat Bilbil oglunyň, Walentina Tolkunowanyň hem-de deňi-taýy bolmadyk bagşylarymyz Sahy Jepbarowyň, Girman bagşynyň aýdymlaryny höwes bilen diňlärdim. Olar ajaýyp sesleri, owazlary bilen millionlarça muşdaklarynyň kalbynda, milli sungatyň taryhynda öçmejek yz goýdular.
— Annagül Ahmedowna, häzir, köp wagt geçenden soň, halaýan we hormatlaýan aýdymçylaryňyzyň hatarynda kimleri görkezersiňiz?
— Men häzir hem Walentina Tolkunowanyň aýdymlaryny höwes bilen diňleýärin, olaryň käbirini özüm hem ýerine ýetirýärin. Maňa şeýle hem Filipp Kirkorow ýaraýar. Öz aýdymçylarymyzdan Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor Gülşat Gurdowany bellemek isleýärin, onuň aýdymlary aýratyn joşgunlylygy, gaýtalanmajak owazy bilen tapawutlanýar. Gülşat her bir aýdymyna jogapkärçilik bilen çemeleşýär, şonuň üçin hem tomaşaçy aýdymçy hökmünde hem, kompozitor hökmünde hem, şeýle-de öz konsert lybaslarynyň ajaýyp dizaýneri, hatda tanslary ussat ýerine ýetiriji hökmünde onuň zehinine, ukyp-başarnygyna ýokary baha berýär.
Tanymal kompozitor, meşhur aýdymlaryň awtory, Türkmenistanyň halk artisti Baýramdurdy Hudaýnazarowyň duşuşyklarymyzyň birinde belleýşi ýaly, Gülşat Gurdowanyň döredýän sazlary aýratyn owazy hem-de şirinligi bilen tapawutlanýar, bu bolsa, sözüň doly manysynda ýurdumyzda ajaýyp kompozitorlaryň döredijiligi halkymyzy, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga ruhlandyrýar diýip aýtmaga esas berýär.
— Annagül Ahmedowna, okyjylarymyz siziň gylyk-häsiýetleriňiz barada hem bilesleri gelýär.
— Men durmuşda şadyýan, alçak adam. Bazara, dükanlara baranymda, ýanyma nätanyş adamlar gelip, saglyk-amanlyk soraşýarlar, men olar bilen ýakyn hossarlarym ýaly gürrüňdeş bolýaryn. Men özümi olaryň her biri üçin ýakyn ynsan bolup durmak ýaly duýgyny başdan geçirýärin, sebäbi köp ýyllar bäri men teleýaýlymlar arkaly olaryň öýlerine myhmançylyga barýaryn, baýram we iş günleri aýdymlarym bilen göwün hoşlugyny paýlaýaryn. Meniň alçaklygym baýramçylyklaryň, dogan-garyndaşlarymyň doglan günleriniň öwüşginini artdyrmaga ýardam edýär. Maşgalamyň toýdur dabaralarynda men hemişe alypbaryjynyň wezipesini ýerine ýetirýärin. Ýöne, dogrymy aýtjak, durmuşda men gönümel, dogruçyl bolup, käwagtlar gödeklige hem ýol berýärin. Nätjek, häsiýetim şeýle-dä...
— Adaty iş günüňiz barada gürrüň beräýseňiz?
— Meniň iş günüm mazmuna baý. Her günümi ertirlik naharyndan ýarym sagat öň bir käse ýyly suw içmekden başlaýaryn. Ýogsa-da, bu saglyk üçin örän peýdaly eken. Işe gelip, men şahyrlar, kompozitorlar bilen gürrüňdeş bolýaryn, täze aýdymlar üçin goşgy setirlerini saýlaýaryn, olary ýazga geçirýärin. Men aýdymyň sözlerine örän talapkär çemeleşýärin, diňleýjileri biparh goýmajak setirleri seçip almaga çalyşýaryn. Umuman, iş günleri örän manyly geçýär, boş wagt bolmaýar diýen ýaly. Ine, şu günler hem Magtymguly atamyzyň ýubileýine sowgat etjek bolýan aýdymlarymyň üstünde işleýärin. Onuň sözleri kalbymda orun aldy. Bu goşgyny Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň orta mekdebiniň mugallymy Ogulgurban Akmuhammedowa ýazypdyr.
— Annagül Ahmedowna, işden boş wagtyňyz hem-de dynç günleri näme bilen meşgullanýarsyňyz?
— Boş wagtym çagalykda aýdan aýdymlarymy diňlemegi halaýaryn. Olar meni uzakda galan ýyllara gaýtaryp, çagalygymyň bagtly pursatlaryna sebäp bolan enem-atam, doganlarym barada ýatlamalary göz öňüme getirýär.
Dynç günleri käwagt dogan-garyndaşlarymyň, joralarymyň ýanyna myhmançylyga barýaryn. Biziň duşuşyklarymyz hemişe baýramçylyga öwrülýär, şonda olar meniň aýdymlarymy diňlemek isleýän dogan-garyndaşlaryny, goňşularyny hem çagyrýarlar.
— Siz ykbalyňyzdan razymy, eger durmuşyňyzda bir zady üýtgetmek mümkinçiligi bolan bolsa, nämäni üýtgederdiňiz?
— 10-njy iýunda, nesip bolsa, 72 ýaşaýan. Şu ýaşyma çenli bir zada göz ýetirdim, maşgala, çagalar — durmuşyň manysy eken. Maňa şu zatlar diýseň ýetenok, şonuň üçin bolsa gerek, soňky ýyllarda özümi hakyky bagtly duýanym ýadyma düşenok. Ýöne men Beýik Biribaryň maňa aýdym aýtmak üçin ses berenine şükür edýän, ýurdumyzyň saz sungatynyň taryhynda yz goýmak nesip etdi. Umuman, nähili bolanda-da, ykbalymdan razy.
Birwagt maşgalany ýa-da döredijiligi saýlamaly bolamda, men aýdymy saýladym hem-de tutuş ömrüm oňa päk ýürekden hyzmat etdim. Şu gün bolsa, siziň sowalyňyza men durmuşymy üýtgedip, maşgalany saýlap alardym diýip jogap bererdim. Maşgalasyz, çagasyz, ýeke ýaşamak agyr eken. Eneleriň öz çagalarynyň üstünliklerine we şatlykly pursatlaryna guwanýan ýüzlerini görenimde, men durmuşda goýberen ýalňyşym üçin ýürek yzasyny çekýärin.
— Annagül Ahmedowna, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň! Öz adymdan hem-de okyjylarymyzyň adyndan size hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy wasp etmäge gönükdirilen asylly işiňizde täze döredijilik üstünliklerini, bagt we abadançylyk arzuw edýärin.
— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize medeniýet ulgamynyň işgärlerine, ýaş zehinlere edilýän goldaw-hemaýat, halkymyzyň aýdym-saz mirasyny aýawly saklamaga berilýän üns üçin ýürekden çykýan hoşallygymy beýan edýärin. Her baýramçylykda watandaşlaryma täze aýdymlarymy sowgat berip, türkmenistanlylary ýeneki üstünliklere ruhlandyryp durjakdygyma ynandyrýaryn.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa
Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän nebitgaz pudagy, aýratyn-da, dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamak wezipesi innowasion çözgütleriň yzygiderli ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu ulgamyň hünärmenleri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözýärler.
Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.