Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligini alada goýýan, adam saglygyna howp salýan koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak hem-de ählitaraplaýyn ýokary derejede taýýarlygy guramak we gözegçilikde saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründe dynç alşy üçin şert döretmek, ilatyň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, ýurdumyzyň şypahanalarynyň hem-de çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň işini guramagyň meseleleri öwrenilýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi, şol aralykda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysyny peýdalanmak teklip edilýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökderedäki hem-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alşy 2-nji iýun — 26-njy awgust aralygy diýip kesgitlemek teklip edilýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri teklipleri milli Liderimiziň garamagyna hödürläp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we olaryň kesele durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş toplumlarynda tomusky dynç alyş möwsümine koronawirusa garşy sanjym alanlar arkaýyn dynç alyp bilerler. Şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerinde we welaýatlarynda çagalar dynç alyş merkezleri degişli derejede möwsüme taýýarlanylar. Olaryň işgärleri koronawirus ýokanjyna garşy sanjym alarlar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.