Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.
Geçirilen at çapyşyklarynda behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligini, güýç-kuwwatyny we ýyndamlygyny görkezdiler. Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklaryna atşynaslar hem, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri hem ýygnandylar. Stadionyň tomaşaçylar orny janköýerlerden doldy.
Ýaryşyň meýilnamasyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda ýetginjek çapyksuwarlaryň, uly ýaşly çapyksuwarlaryň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda 8 çapyşyk girizildi.
1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bolan ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Daşoguz atçylyk sport toplumynyň Mähek diýen bedewini çapan B.Mämmedow ýeňiji boldy.
Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1200 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli Beglerim (çapyksuwary B.Begliýew) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gaýra diýen at (“Türkmengaz” döwlet konserni, çapyksuwary I.Tirkeşbaýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Gardaşym diýen at (Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligi, çapyksuwary B.Berdimuhammedow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Keýmir diýen bedew (Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirligi, çapyksuwary M.Tejenow), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Dorbürgüt diýen at (“Marygazüpjünçilik” kärhanasy, çapyksuwary B.Agamyradow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Leýlisaç diýen bedew (Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, çapyksuwary B.Babalyýew) pellehana ilkinji bolup geldiler.
Jemleýji, 8-nji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Mary döwlet athanasynyň Kadaly diýen aty bellenen 1000 metr aralygy 1 minut 11,1 sekuntda geçmegi başaryp, pellehana ilkinji bolup geldi.
Baýramçylyk ýaryşlarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi S.Kuljanow mynasyp boldy.
Baş baýragyň eýesi mynasyp bolan sylagyna buýsanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna goşant goşmakda, olary mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra dabaralar Mary welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda dowam etdi. Bu ýerde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIII maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilýän dabaralaryň Diýarymyzyň atşynaslygynyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga hem-de daşary ýurtly kärdeşleri — assosiasiýalaryň we pudaklaýyn guramalaryň wekilleri, şeýle hem hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.