Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2026-njy ýyl bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/11876/original-169560020bd833.jpeg

Eziz watandaşlar!

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşylarys.

2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr, şöhratymyzdyr.

2025-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.

Berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, täze etraplar döredildi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldy.

Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzda çüýşe önümlerini öndürýän kärhana, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suw arassalaýjy desga, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygyna hem girişildi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.

Şu ýyl ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze, döwrebap obalar açylyp ulanmaga berildi. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem dowam edýär. Bularyň ählisi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris.

Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda toplumlarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu toplumlar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Eziz watandaşlar!

Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Tamamlanyp barýan ýylda Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Ynsan saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw binalar toplumy, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy we başga-da köp sanly bilim maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi.

Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda hem uly işleri alyp barýarys. Şu ýyl «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo halkara festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. «Arkadag» futbol topary hem halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrdy. Türgenlerimiz dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Biz geljekde hem ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Biz milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek boýunça hem giň gerimli işleri alyp barýarys. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Şeýle hem türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda ýokary derejede geçireris.

Eziz watandaşlar!

Şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede köp sanly çäreler geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara maslahatyň jemi boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen halkara forum şanly ýylyň iň esasy wakasyna öwrüldi. Ýokary derejede geçirilen halkara forum boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Bu forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi.

Hormatly adamlar!

Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, biz ýetip gelen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berdik. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.

Eziz watandaşlar!

Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşy alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Täze ýyl abadançylygyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun!

Täze ýyl rowaçlyk, bagt getirsin!

Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!

Täze — 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!

Başga habarlar
16950d7ee1023e.jpeg
Ýatdan çykmajak çagalar üçin Täze ýyl baýramçylygy

Täze ýylyň öňüsyrasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň ýaşaýyş-jemagat hojalygy kärhanasy öz işgärleriniň çagalary üçin ýatdan çykmajak Täze ýyl baýramçylygyny gurady.


1694fd1b4451fa.jpeg
Bezeg bäsleşigi geçirildi

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýubleý ýylynyň bellenjek 2026-njy ýylyny mynasyp garşylamak maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde talyp toparlarynyň arasynda baýramçylyk bezeg işleri boýunça bäsleşik geçirildi.


1694fbd6b7e7d3.jpeg
Türkmenistanyň Mejlisi 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi

2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçer. Şeýle Karary Türkmenistanyň Mejlisiniň 26-njy dekabrda kabul etdi.

1694ea787bb2ab.jpeg
Täze sport meýdança döredildi

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň bedenterbiýe boýunça şertlerini gowulandyrmak maksady bilen açyk howada döwrebap maşk edilýän meýdança döredildi.


1694e5118d0262.jpeg
Gazçylar üçin täze ulaglar

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde milli ykdysadyýetimizi ösüşiň täze belentliklerine göterýän möhüm pudaklaryň biri bolan gaz senagatynda ýerine ýetirilýän işler giň gerimde dowam edýär.