2026 ýyl — Türkmenistanyň taryhynda täze şanly sahypa
Annagül GURDOWA, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli artisti-wokalisti:
— Ömrüm bilen ömürdeş, ýaşym bilen ýaşytdaş, döwrüm bilen döwürdeş bolan aýdymlarymy ýerine ýetirip ýörenime ýetmiş ýyldan gowrak wagt boldy. Meniň döredijiligimde Watan waspy, döwrüň tarypy, durmuşy temalar esasy orun tutup gelýär. Biz bu gün päk asmandaky guşlar ýaly, sungatyň uç-gyraksyz äleminde erkana ganat ýaýyp şirin-şirin aýdymlary aýdýarys, il-günümize lezzet paýlaýarys. Bagty aýdym-sazyň iň köp ýaňlanýan ýerinden gözläň diýlen paýhasly söz bar. Şondan ugur alanyňda hem biziň ýurdumyzyň bagtyň mekanydygyna göz ýetirmek bolýar.
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagym ylhamdan doly kalbymy ganatlandyrdy. Biziň borjumyz türkmen sungatyny has kämilleşdirmek hem-de ony nesillere mynasyp görnüşde geçirmek, olara hakyky sungatyň nämedigini öwretmek bolup durýar. Daşary ýurtlarda türkmen aýdym-sazlarynyň belentden ýaňlanýandygyny, gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp bolýandygyny görüp buýsanýarsyň. Şeýle buýsanjyňy artdyrýan pursatlara şaýat bolýandygymyz üçin ykbaldan ýüzde-müň razy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagşy kalbymdan soňlanmajak alkyşlary aýdýaryn. Çuň manyly şygarlara beslenen ýyllarda bitirilen beýik işler ata Watanymyzy ösüşlere besledi. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly täze — 2026-njy ýyl hem şeýle şöhratly ýyllaryň biri bolsun! Täze ýyl bilen ähli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bagşy ýüregimden gyzgyn gutlaýaryn!
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz welaýatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY.
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.