Dört aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň hem-de birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri çykyş etdiler.
Hasabat bilen çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli berjaý etmegini gazanmak, polietileniň we polipropileniň önümçilik möçberlerini artdyrmak, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar barada durup geçdiler.
Hasabat ýygnagynyň dowamynda Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini artdyrmak we tebigy gazy eksport etmek boýunça halkara taslamalary taýýarlamak bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.