Habarlar

Atalyk alada — тürkmenistanyň ýaşlarynyň ylham çeşmesi

https://ussatnews.com/storage/posts/12080/original-16985dbcac0027.jpeg

Men «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň 24 — 29-njy ýanwary aralygynda dostlukly Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäheriniň Buhara döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, şahsy bäsleşik boýunça 2-nji orny eýeläp, kümüş medala, toparlaýyn bäsleşikde bolsa kuboga mynasyp boldum.

Şular ýaly abraýly halkara bäsleşikde oňa dünýä ýüzünden gatnaşan deň-duşlarymyň arasynda ýeňişli orunlary eýelemegim ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze tapgyrlara çykarylýan ylym-bilim babatda ösüşlerimiziň aýdyň netijesidir.

Men özümiň gazanan netijelerimden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlar barada edýän atalyk aladalaryna jogap edip, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşandyny goşjak hünärmen bolup ýetişerin diýip ynandyrýaryn.

Başga habarlar
16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.


16ad1ccf926c5d.jpeg
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.


16ad19ea015f2b.jpeg
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.