Habarlar

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/12483/original-169d360a0c013a.jpeg

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we halkyň saglygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti barada durlup geçildi.

Çäräniň dowamynda professor-mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda ylmy çykyşlara giň orun berildi. Hususan-da, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmekde ekologiki taýdan arassa we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti barada çykyş edildi. Şeýle hem ekologiýa abadançylygynyň adamzat geljeginiň binýady hökmündäki orny nygtaldy. Bulardan başga-da dürli ekologiýa şertlerinde iýmitlenmegiň aýratynlyklaryna hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine üns çekildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmeni maslahatyň dowamynda galyndylary gaýtadan işlemek, şäherleriň arassaçylygy we durnukly ösüş meseleleri babatda halkara tejribeleri paýlaşdy. Maslahatyň işine “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy hem gatnaşyp, ol öz çykyşynda arassa tebigatyň sagdyn beden üçin zerurdygyny nygtady. Guramanyň taýýarlamagynda görkezilen wideo şekiller bolsa, terbiýeçilik taýdan möhüm ähmiýetli boldy.

Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri bilen talyp ýaşlaryň arasynda gyzykly sorag-jogap alşygy hem guraldy. Şunda özleriniň işjeňligini we çuňňur bilimlerini görkezen talyplara gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen alyp barýan netijeli we köptaraply hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde dabaraly ýagdaýda Hormat haty gowşuryldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar bolsa, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu çäre talyp ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmegiň bitewüligini üpjün etmäge gönükdirilen ähmiýetli waka öwrüldi.

Başga habarlar
16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.


16acb822114ba8.jpeg
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy

«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.

16ac71d19601c1.jpeg
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.


16ac11fdab9889.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.